347 Gün dogup barýarka we ýaşyp barýarka namaz okamagyň halanmaýandygy (keraheti) hakda

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 347 Gün dogup barýarka we ýaşyp barýarka namaz okamagyň halanmaýandygy (keraheti) hakda

عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا قَالَ: قَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: (لاَ تَحَرَّوْا بِصَلاَتِكُمْ طُلُوعَ الشَّمْسِ وَلاَ غُرُوبَهَا ).

 و قَالَ ابْنُ عُمَرَ: قَالَ رَسُولُ اللَّهُ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: (إذَا طَلَعَ حاجِبُ الشَّمْسِ فَأَخِّرُوا الصَّلاَةَ حَتَّى تَرْتَفَعَ ، وَإذَا غَابَ حاجِبُ الشَّمْسِ فَأَخِّرُوا الصَّلاَةَ حَتَّى تَغِيبَ).

 

Abdullah ibn Omar (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Okajak namazyňyzy Günüň dogýan wagtyna-da, ýaşýan wagtyna-da gabat getirmäň»1 diýdi».

Ýene Ibn Omar (r.a.) şeýle diýipir2: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Günüň çeti3 görnüp, tä ol ýokary galýança, Günüň çeti ýere girip, tä gözden ýitýänçä, namaz okamagy yza çekiň» diýdi».

 

1«Gabat getirmäň» diýmek, namazy,heniz okamadyk bolsaň-da, şol wagtlarda okamaly däldigini aňladýar. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu gadagan etmesi Gün dogýarka we ýaşýarka ybadat eden günparazlara meňzemezlik bilen baglanyşyklydyr. Hanefi mezhebine uýýan alymlar we gadagan edilen wagtlarda namaz okamagy gep-gürrüňsiz gadagan hasaplanlar bu gadagançylygy gutarnykly hasap edip, ýörite peýläp okasyn, ýa peýlemän okasyn, tapawudy ýok, bu wagtlarda namaz okamagy şerigat tarapyndan islenmeýän günä ýakyn hereket hasaplaýarlar we beýle etmegiň mekruwhdygyny aýdýarlar. Şu wagtlarda namaz okamagyň bolýandygyny aýdýanlar bolsa bu hadysy öňünden gelýän 346-njy hadysyň düşündirişi hasap edip, ertir we ikindi namazlaryndan soňra namaz okamagyň diňe Gün dogýan we ýaşýan wagtynda namaz okamagy ýörite peýleýän adamlar üçin gadagandygyny aýdýarlar. Olar Äşäniň (r.a.) Müslimiň kitabyndaky: «Omar (r.a.) ýalňyşypdyr. Allahyň Resuly (s.a.w.) diňe namaz okamak üçin Günüň dogýan we ýaşýan wagtyny saýlap almagy gadagan edipdir» diýen sözüne daýanyşlary ýaly, 333-nji hadysa meňzeş hadyslary hem delil tutunmak isleýärler. Beýhaky şeýle diýýär: «Äşe (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ikindi namazyndan soňra namaz okanyny görendigi üçin, onuň bu gadagan etmesini bu wagtlarda namaz okamaklyga degişli saýman, diňe namaz okamak üçin bu wagtlary ýörite peýlemeklige degişli hasap edipdir».

Allahyň Resulynyň (s.a.w.) okan bu namazy ýa kaza namazy bolmalydy, ýa-da onuň bir özüne degişli bir aýratynlykdy.

2Buharynyň kitabynda bu hadys iki sany hadysa bölünýär. Bu iki hadysy beýan eden adamlaryň şolbir adamlar bolup, mowzuklary hem meňzeş bolansoň, Zebidi olary bir hadysa birleşdiripdir. Buhary hem bu hadyslaryň başga bir ýoldan gelip ýeten nusgalaryny birleşdirip beýan edipdir. Şol rowaýatda: «Çünki,ol şeýtanyň iki şahynyň arasyndan dogýadiýen goşmaça-da bar. Bu goşmaça bu gadagan etmäniň sebäbini düşündirýär. Şonuň ýaly-da, Müslimiň Amr ibn Anbasanyň adyndan beýan eden rowaýatynda: «Ine, şo zamanda kapyrlar oňa (ýagny,Güne) sejde edýärler»goşmaçasy hem bar. Bu goşmaça hem bu gadagan etmäni düşündirýär. Şulary göz öňünde tutsaň: «Gün şeýtanyň iki şahynyň arasyndan dogýar» diýmegiň manysy: «Gün doganda Iblisi-läin adamlary azdyryp, Güne ybadat etdirýär» diýmek bolýar.

3Günüň çeti diýip, dogýan wagtynda ilki we ýaşýan wagtynda iň soňky görünýän gyrasyna aýdylyşy ýaly, ol heniz ýeriň astyndaka, özi görünmezden ozal irden görünýän şöhlesine-de aýdylýar. 346, 348, 349, 350, 351-nji hadyslara-da seret.