346 Ertir namazyndan soňra Gün dogýança, ikindi namazyndan soňra hemm Gün batýança namaz okamagyň gadagandygy hakda. Bu babatdaky beýleki rowaýatlar. Namaz okamagyň kerahet wagtlary hakda fykyhçy alymlaryň pikirleri

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 346 Ertir namazyndan soňra Gün dogýança, ikindi namazyndan soňra hemm Gün batýança namaz okamagyň gadagandygy hakda. Bu babatdaky beýleki rowaýatlar. Namaz okamagyň kerahet wagtlary hakda fykyhçy alymlaryň pikirleri

     عَنِ ابْنِ عَبَّاس رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا قَالَ: شَهِدَ عِنْدِي رِجَالٌ مَرْضِيونَ ، وَأَرْضَاهُمْ عِنْدِي عُمَرُ ، أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ نَهَى عَنِ الصَّلاَةِ بَعْدَ الصُّبْحِ حَتَّى تُشْرِقَ الشَّمْسُ ، وَبَعْدَ الْعَصْرِ حَتَّى تَغْرُبَ.

 

         Abdullah ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Köpsanly takwa adamlar (olaryň arasynda iň takwasy Omar ibn Hattapdyr (r.a.)) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ertir namazyndan soňra Gün dogýança, ikindi namazyndan soňra-da Gün batýança namaz okamagy gadagan edendigine meniň ýanymda şaýatlyk edipdiler»1.

 

1Namaz okamak gadagan bolan wagtlar hakda köp sanly hadyslar bar. Tirmizi bu hadysy Ibn Apbasdan (r.a.) başga-da on sekiz sahabanyň habarberendendigini aýdýar. Tefsirçi Aýny hem olaryň üstüne ýene bäş adamyň adyny goşýar. Şeýlelikde, bu hadysy ýigrimi dört sahaba habarberen bolup çykýar. Diýmek, namaz okamak gadagan bolan wagtlaryň bardygy şübhesizdir.

Namaz okamak gadagan bolan wagtlaryň çäklerini beýan edýän hadyslar bolsa özara tapawutlanýarlar. Şonuň üçin hem şol rowaýatlarda beýan edilen hökümler barada-da şerigatçy alymlar jedel edipdirler.

Buhary bilen Müslim ikisi Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a.) adyndan: «Ertir namazyndan soňraGün dogýança hiç hili namaz bolmaz...»diýen hadysy beýan edişleri ýaly, Abd ibn Humeýdiň Amr ibn Anbesäniň adyndan beýan eden uzyn hadysynda-da: «Ertir namazyny okanyňdan soňra Gün dogýança namaz okamaňy goý...» diýen sözler bar. Bu hadyslarda namaz okamagyň Gün dogýançamy ýa-da Günüň çeti görünýänçä gadagandygy hakynda hiç zat aýdylmasa-da, olar ertir namazyndan soňra Gün dogýança we ikindi namazyndan soňra Gün ýaşýança namaz okamagyň gadagandygy baradaky pikiri öňe sürýärler. Hususan-da, Yshagyň «Müsned» atly kitabynda we Beýhakynyň «Müsned» atly kitabynda hezreti Alynyň (r.a.) adyndan gürrüň berilýän: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) her bir parz namazdan soňra iki rekagat namaz okamak adaty bardy. Diňe ertir namazy bilen ikindi namazyndan soňra beýle etmeýärdi» diýen hadys bilen Seleme ibn Ekwanyň (r.a.) adyndan beýan edilen: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde sapara çykardym. Ýöne onuň ne ikindi namazyndan soň, ne ertir namazyndan soňra namaz okandygyny hiç görmedim» diýen hadysy şol pikiri nygtaýar.

Günüň çeti görnüp başlandan, tä Gün dogýança geçýän wagt aralygynda namaz okamagyň gadagandygy aýdylýan hadyslar hem köp. Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen şu hadys bilen bir hatarda Ibn Mesgudyň , Ukba ibn Ýesaryň, Semüre ibn Jündübiň, Zeýt ibn Sabydyň, Äşäniň, Ebu Umamanyň (Allahü tagala olardan razy bolsun!) adyndan beýan edilýän köpsanly hadyslar bu mesele barada meňzeş pikirleri öňe sürýärler. Aýratyn hem Ukbanyň adyndan beýan edilýän hadysda günorta wagtynyň hem agzalýandygy üçin, Gün dogýarka, Gün ýaşýarka we Gün dik depedekä namaz okamagyň hem, ölen adamy jaýlamagyň hem gadagandygy belli bolýar.

Ikinji bir tarapdan, Buhary bilen Müslimde iki sany ygtybarly hadys beýan edilip, olardan ikindi namazyndan soňra namaz okap boljakdygyny aňlamak bolýar. Hadyslaryň birinde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýle namazyndan soňra okamadyk iki rekagat namazyny ikindi namazyndan soňra okandygy gürrüň berilýär. Beýleki hadysda bolsa: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýde mahaly hem, öýden daşarda-da terk etmedik iki namazy bar. Ol namazlar ertir namazyndan öň okaýan iki rekagat namazy we ikindi namazyndan soňra okaýan iki rekagat namazydy» diýilýär. Bu hadys musulmanlaryň enesi Äşäniň (r.a.) adyndan beýan ediljek 351-nji hadysdyr. Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda ýerleşdirilen rowaýatda bir adamyň ertir namazyndan soňra iki rekagat namaz okandygy, Allahyň Resulynyň hem (s.a.w.) oňa: «Ertir namazy iki rekagatdan ybaratdyr» diýendigi, ol adamyň hem: «Ertir namazyndan öňki iki rekagat namazy okamandym» diýip seslenendigi, Allahyň Resulynyň hem (s.a.w.) şondan soňrasesini çykarmandygy beýan edilýär.

Şonuň ýaly-da, hezreti Omaryň (r.a.) ikindi namazyndan soňra iki rekagat namaz okanlara sahabalaryň öňünde taýak urandygyny we şonda hiç kimden ses çykmandygyny hem aýtsak, bu mesele baradaky jedelleriň gerimine göz ýetirseňiz gerek. Ibn Buhaýnanyň adyndan beýan edilýän 386-njy hadysa-da seret.

Indi,şerigatçy alymlaryň özara jedellerine seredip geçeliň. Irki alymlaryň bir toparynyň islendik namazyň bu wagtlarda okalmagynyň gadagandygy hakdaky pikir bilen ylalaşandyklary beýan edilýär. Ebu Bekr bilen Kagp ibn Ajuranyň (Allahü tagala olardan razy bolsun!) bu wagtlarda parz namazlaryny okamagy hem gadagan hasaplandyklary ygtybarly rowaýatda aýdylýar. Irki alymlaryň başga bir topary bolsa, tersine, beýle etmäge rugsat berilýändigi hakdaky pikiriň tarapynda bolup, ony gadagan edýän hadyslaryň ýatyrylandygyny aýdýarlar. Olar şeýle diýmek bilen 333-nji hadysy delil tutunýarlar. Olar: «Gün dogmazyndan öň diňe bir rekagat namaz okamaga ýetişen adamyň namazy tamamlaýança namazyny okamagy dowam etdirmegi namaz okamak gadagan diýilýän zamanlarda namaz okamaga rugsat edilýändigini görkezýär» diýýärler. Dawut ibn Aly bilen Ibn Hazm, şonuň ýaly-da, Ebu Dawut Zahyrynyň ýörelgesine eýerýän alymlar hem şu toparyň pikirine eýeripdirler.

Ebu Hanife görä, nepil namazlarynyň islendigini bu wagtlarda okamagyň gadagan bolşy ýaly, şol günüň ikindi namazyndan beýleki parz namazlaryň-da, hatda nezr edilen (Allahü tagala bilen wadalaşylan!) namazyň-da okalmagy gadagandyr.

Mälige görä, diňe parz namazlaryny bu wagtlarda okamak bolýar, nepil namazlaryny okamak bolsa haramdyr.

Ibn Hanbal onuň bilen ylalaşsa-da, diňe Käbä togap edilenden soňra okalýan iki rekagat namazy okalmagy gadagan bolan nepil namazlaryndan tapawutlandyrýar.

Şapyga görä, nepil namazlarynyň käbirini şol wagtlarda okap bolar, käbirini hem okap bolmaz. Onuň pikiriçe, şol wagtlarda okap boljak nepil namazlary şulardyr: togap namazy, tahiýýetul-metjit namazy, tilawet sejdeleri, şükr sejdesi, baýramçylyk namazy, Gün tutulanda okalýan namaz, istihare namazy, jynaza namazy, kaza galan nepil namazlary. Ine, şular ýaly namazlary ýörite şol wagtlarda okamagy niýet etmedik ýagdaýyňda okamak bolýarmyşyn. 347-nji hadysa seret! Olaryň delilleri-de Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Kimde kim bir namazy okamagy unutsa, ony ýadyna düşen wagty okasyn» diýip, öýle namazynyň sünnetini ikindiden soňra kaza hökmünde okamakdan we islendik wagtda hiç kimiň togap etmekden çekinmezligini buýruk bermegidir. Sünnet namazyny kaza etmäge rugsat berleninden soň, parz namazlarynyň kazasyny almaga-ha rugsat beriljegi gürrüňsizdir. Gün dik depedekä namaz okamagyň bolýandygy ýa-da bolmaýandygy barada aýdylanda bolsa, Mälik şol wagtda namaz okamagy gadagan hasaplamandyr. Ol Buharynyň kitabyndaky Ibn Omaryň (r.a.): «Egindeşlerim namazy nähili edip okaýan bolsa, men hem şonuň ýaly edip okaýaryn. Ne gije, ne gündiz hiç kime namazy öz isleýşi ýaly okamagy gadagan etmeýärin. Diňe namazy Günüň dogýan we ýaşýan wagtyna goýmaň» diýen sözlerini delil tutunýar. Şapygy bilen Ebu Ýusup beýle etmegi gadagan edýän hadyslara esaslanyp, Gün dik depedekä namaz okamagyň gadagandygyny aýdýarlar. Olar diňe juma gününde şol pursatda namaz okamak bolýandygyny aýdýarlar. Leýs ibn Sagt, Ewzaýy, Hasan Basry, Tawus ýaly alymlar hem Mäligiň düşünjesine meňzeş düşünjä uýýarlar. Ebu Ýusupdan tapawutlylykda kufiýýun toparyna degişli alymlar juma gününde hem Gün dik depedekä namaz okamagyň bolýandygy bilen ylalaşmaýarlar. 347, 348, 349, 350, 351-nji hadyslara-da seret.