344 Ertir namazyny wagty giräýen badyna okandyklary hakda

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 344 Ertir namazyny wagty giräýen badyna okandyklary hakda

عَنْ أَنَسٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ زَيْدَ بْنَ ثَابِتٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ حَدَّثَهُ: أَنَّهُمْ تَسَحَّرُوا مَعَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ثُمَّ قَامُوا إلَى الصَّلاَةِ. قُلْتُ: كَمْ كَانَ بَينَهُمَا؟ قَالَ: قَدْرُ خَمْسِينَ أَوْ سِتِّينَ ، يَعْنِي آَيَةً.

 

         Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Zeýt ibn Sabyt Ensary (r.a.) maňa Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen selälik naharyny iýenlerinden soňra namaza durandyklaryny habar berdi. Men ondan: «Selälik bilen namazyň aralygyna näçe wagt saldyňyz?» diýip soradym. Ol: «Elli ýa-da altmyş aýat okap bolaýjak wagt saldyk» diýip jogap berdi»1.

 

1Bu hadysdan ertir namazynyň wagty giräýendeokalandygyny we seläligiň daň atmagyna az wagt galýança gijikdirilmegine rugsat berilýändigini aňlamak bolýar. Elli-altmyş aýaty dört minutda okap bolýar diýlip hasap edilýär. Bu bir gezek täret alyp bolaýjak wagtdyr.