343 Ikindi we ertir namazlarynyň artykmaç taraplary hakda. Bu babatdaky beýleki rowaýatlar

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 343 Ikindi we ertir namazlarynyň artykmaç taraplary hakda. Bu babatdaky beýleki rowaýatlar

 

    عَنْ أَبِي مُوسَى رَضِي اللَّهُ عَنْهُ: أن رَسُولَ اللهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (مَنْ صَلَّى الْبَرْدَيْنِ دَخَلَ الجَنَّةَ).

 

         Ebu Musa (Eşgary)(r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Kim ertir we ikindi namazyny okasa, jennete girer»1 diýdi».

 

1Bu hadysy Müslim öz kitabynda Umara ibn Ruýeýbäniň (r.a.) adyndan: «Gün dogmazyndan we ýaşmazyndan öň namaz okan adam jähenneme girmez», Tabarany ýene Umaranyň adyndan: «Allahü tagala hiç zady şärik etmän we Gün dogmazyndan hem-de ýaşmazyndan öň namaz okamaga howlugyp ýogalan adam jähenneme girmez», Ebu KasymbolsaJöwzi Ibn Mesgudyň (r.a.) adyndan: «Ertir namazynyň wagtynda bir jarçy: «Adam ogullary, ýeriňizden galkyň-da, günä edip, öz üstüňize ýakan otlaryňyzy söndüriň» diýip gygyrar. Ikindi namazy wagtynda-da şeýle diýip gygyrar. Onuň aýdanyny kabul edenler täret alarlar, namaz okarlar we hiç bir günäsiz uka giderler» görnüşinde beýan edipdir. 329-njy we 331-nji hadyslara-da seret.