341 Allahyň Resulynyň (s.a.w) öz ellerini kellesinde nähili edip goýandygy hakda
وَحَكَى ابْنُ عَبَّاسٍ: كَيْفَ وَضْعَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ عَلى رَأْسِهِ يَدَهُ : فَبَدَّدَ بَيْنَ أَصَابِعَهُ شَيْئاً مِنْ تَبْدِيدٍ ، ثُمَّ وَضَعَ أَطْرَافَ أَصَابِعِهِ على قَرْنِ الرَّأْسِ ، ثُمَّ ضَمَّهَا يُمِرُّهَا كَذلِكَ على الرَّأْسِ ، حَتَّى مَسَّتْ إبْهَامُهُ طَرَفَ الأُذُنِ ، مِمَّا يَلِي الْوَجْهَ على الصُّدْغِ وَنَاحِيَةَ اللِّحْيَةِ ، لاَ يُقَصِّرُ وَلاَ يَبْطُشُ إلاَّ كَذلِكَ.
Ygtybarly bir rowaýatda gürrüň berlişine görä, Ibn Apbas (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ellerini kellesinde nähili edip goýandygyny şeýle beýan edipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) barmaklarynyň arasyny biraz açyp, soňra barmaklarynyň uçlaryny depesinde goýdy. Soňra barmaklaryny birleşdirip, elini1 kellesiniň üstünde gezdirip, bäş barmagyny ýüzi boýunça aşak — gulagynyň ýumşak etine we sakgalynyň ujuna çenli inderdi. Şeýdip birnäçe gezek gaýtalan mahaly onuň eliniň hereketi haýal hem, çalt hem däldi».
1Şuňa meňzeş başga bir rowaýatda iki eliniň barmaklaryny kellesiniň üstünde gezdirendigi aýdylýar.