338 Ýassy namazynyň wagty hakda. Ukynyň täreti bozýandygy ýa-da bozmaýandygy barada alymlaryň aýdany

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 338 Ýassy namazynyň wagty hakda. Ukynyň täreti bozýandygy ýa-da bozmaýandygy barada alymlaryň aýdany

     عَنْ عَائِشَةِ رَضِي اللَّهُ عَنْهَا قَالَتْ: أَعْتَمَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ لَيْلَةً بِالْعِشَاءِ ، وَذلِكَ قَبْلَ أَنْ يَفْشُوَ الإسْلاَمُ ، فَلَمْ يَخْرُجْ ، حَتَّى قَالَ عُمَرُ: نَامَ النِّسَاءُ وَالصِّبْيَانُ ، فَخَرَجَ فَقَالَ لأَهْلِ الْمَسْجِدِ: (مَا يَنْتَظِرُهَا أَحَدٌ مِنْ أَهْلِ الأَرْضِ غَيْرَكُمْ).

 

         Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w) bir gije ýassy namazyny wagt giç bolýança gijikdiripdi. Bu heniz yslam dini ýaýramazyndan öň bolup geçipdi1. Şol gije Allahyň Resuly (s.a.w.) öz bagtyýar hüjresinden wagty bilen çykmady. Iň soňunda Omar gelip: «Ýa Allahyň Resuly, bu ýerdäki aýallaryň, çagalaryň hemmesi uklap galdylar» diýdi2. Şondan soňra Allahyň Resuly (s.a.w.) hüjresinden çykyp, metjitde oturanlara: «Häzir Ýeriň ýüzünde sizden başga şu namaza garaşýan ýokdur» diýdi».

 

1Buharynyň kitabyndaky başga bir ýol bilen gelip ýeten rowaýatda: «...Rowaýatçy aýdýar: «Ýassy namazy şol zamanda Medineden başga ýerde okalmazdywemusulmanlar bunamazy şapagyň ýiten wagtyndan başlap, gijäniň başky üçden biri geçýänçä bolan wagt aralygynda okardylar» diýlipdir. Yslam dininiň ýaňy ýaýrap başlan zamanynda beýle bolmagy örän tebigydyr. Sebäbi,beýleki dinlerde ýassy namazynyň bolmanlygy beýlede dursun, musulmanlyk heniz Medinäniň daş-töweregine-de ýaýramandy. Dogrusy, Mekgede birnäçe musulman bardy. Ýöne olar namazlaryny gizlin okandyklary üçin, jemagat bolup namaz okamak diňe Medinä mahsusdy. Bu hadysy-şerif Buharynyň kitabynda biraz yzrakda Ibn Omaryň (r.a.) adyndan hem rowaýat edilipdir. Bu hadysda näçe wagtyň geçendigini aňlatmak üçin Ibn Omar: «Şeýle bir gijikdirdi welin, biz metjitde ukladyk, oýandyk. Ýene uklap, ýene oýandyk. Soňra Allahyň Resuly (s.a.w.) ýanymyza çykyp, ... (bu bölek şu hadysdaky ýaly) ... diýdi» diýipdir. Buharynyň habar bermegine görä, Ibn Omar (r.a.) uklamak bilen namazyň wagtyny geçirmekden gorkmaýşy ýaly, ýassy namazyny wagty giräýende okamagyň ýa-da ony gijikdirip okamagyň arasynda parh goýmandyr. Hatda ol ýassy namazyny okaman hem uklardy. Onuň: «Ukladyk, oýandyk» diýmeginden, dik oturyp uklan adamyň uky sebäpli täretiniň bozulmajakdygy hakynda netije çykarmak mümkin. Sebäbi,hadysda şol uky sebäpli täret alandyklary hakynda hiç zat aýdylmaýar. Şerigatçy alymlaryň esasy köplügi we şapygy mezhebine uýýanlar şeýle pikirdedir. Müzeni ýaly az uklamagyň hem, köp uklamagyň hem täreti bozýandygyny aýdýanlaryň pikiri şu hadys arkaly ret edilýär. Sebäbi,Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sahabalarynyň ukynyň täreti bozýandygyny bilmän, namaz okamaklary bolup biljek zat däldir.

Ukynyň täreti bozup bozmazlygy hakynda alymlaryň pikiri dürli-dürlüdir.

1) Uky haçan we nähili görnüşde ýüze çyksa-da, täreti bozmaz. Bu pikir Ebu Musa Eşgary, Sagyt ibn Müseýýep, Ebu Mijlez, Humeýt, Agraç, Şugba ýaly alymlara degişlidir.

2) Uky nähili bolanda-da, täreti bozýar. Bu hem Hasan Basry, Müzeni, Ebu Ubeýt ibn Kasym ibn Sellam, Yshak ibn Rahuýa ýaly alymlaryň sözüdir. Şapygydan hem şuňa degişli bir rowaýat galypdyr. Şu pikir bilen ylalaşýandygyny Ibn Münziriň hem tassyklaýşy ýaly, Ibn Apbas bilen Ebu Hüreýräniň adyndan hem şeýle manyly rowaýat aýdylýar.

3) Ukynyň köpi islendik ýagdaýda täreti bozýar, azy-da islendik ýagdaýda täreti bozmaýar. Bu düşünjä Zühri, Rabyga Reý, Ewzaýy, Mälik, bir rowaýata görä, Ahmet ibn Hanbal ýaly alymlar uýupdyrlar.

4) Namaz okaýan adamyň rukuwa, sejdä gidendäki, kyýamda durandaky ýaly görnüşde uklan adamyň (isle namaz okap durka şeýle bolsun, isle-de namazdan daşarda) täreti bozulmaz. Gapdalyna agdarylyp ýa-da arkan düşüp uklan adamyň täreti bozular. Ebu Hanife bilen Dawut Zahyry we ýeke-täk bir rowaýatçydan gelýän bir söze ynansaň, Şapygy hem şu düşünjä eýeripdirler.

5) Diňe rukuwdaka we sejde edýärkä uklan adamyň täreti bozular. Bu pikir Ahmet ibn Hanbala-dadegişli edilýär.

6) Namaz okap durkaň uklasaň, islendik ýagdaýda uky täretiňi bozmaz, namazdan başga wagt bolsa islendik ýagdaýda täreti bozar. Bu pikir hem Şapygynyň ady bilen baglanyşdyrylýan onçakly bir ygtybarly bolmadyk rowaýatdan alnandyr.

7) Oturybrak, otyr ýerini ýerden üzmän uklan adamyň täreti bozulmaz, bolmasa bozular. Bu az uklansa-da, köp uklanda-sa, namaz wagty, ýa namazdan başga wagt uklansa-da şeýledir. Bu hakda Şapygynyň adyndan gürrüň berilýän bir ygtybarly rowaýatda aýdylýar.

2 Müslimiň öz kitabyna girizen rowaýatynda Ibn Şyhap Zühriniň: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Namaz okamagy üçin Allahyň Resulyna (s.a.w.) haýyş bilen ýüzlenmek (ýa-da ony daşary çykarmak hukugy) size berilmändir» diýendigini maňa habar berdiler. Ol bu sözi Omar ibn Hattabyň (r.a.) şol gezek, gaty gygyryp, oňa namaz wagtynyň gijä galýandygyny duýdurany üçin aýdypdyr» diýendigini görýäris. Ýene Müslimiň kitabyndaky başga bir rowaýatda şeýle diýlipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gije namazy şeýle bir gijikdirdi welin, gijäniň köp bölegi geçdi. Metjide gelenler ukladylar. Soňra Allahyň Resuly (s.a.w.) öýünden çykyp, namaz okatdy we: «Bu namazyň wagty, ine, şu wagtdyr. Ýöne,ymmatyma kynçylyk döretmek gorkym bolmasa bolmaýarmy!»diýdi».