337 Çarwa araplaryň agşam namazyna ýassy namazy diýendikleri hakda

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 337 Çarwa araplaryň agşam namazyna ýassy namazy diýendikleri hakda

 

    عَنْ عَبْدِ اللَّهِ المُزَنِي رَضِي اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (لاَ تَغْلِبَنَّكُمُ الأَعْرَابُ على اسْمِ صَلاَتِكُمُ الْمَغْرِبِ). قَالَ: وَتَقُولُ الأَعْرَابُ: هِي الْعِشَاءُ.

 

         Abdullah ibn Mugaffal Müzeni1 (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) aýtdy: «Hiç bir ýagdaýda siz agşam namazyňyzyň ady babatda bedewilere eýermäň».

Allahyň Resuly (s.a.w.) (ýa-da Abdullah ibn Mugaffal Müzeni2): «Bedewiler agşama ýassy diýýärler» diýipdir3.

 

1Ebu Sagyt ýa-da Ebu Zyýat Abdullah ibn Mugaffal Müzeni (r.a.) meşhur sahabalardan bolup, adamlara din öwretmek üçin hezreti Omar (r.a.) tarapyndan Basra ugradylan on adamyň biridir. Tebük söweşinde «bekkäin» lakamyny alanlaryň biri-de şoldy. Garypdyklary, münülýän haýwanlarynyň ýokdugy sebäpli, «Kynçylyklar söweşi» adyny alan şol kyn ýörişe kömek bermäge we gatnaşmaga ýagdaýlary bolman, iň bolmanda müner ýaly bir haýwan bermeklerini sorap, Allahyň Resulyna (s.a.w.) ýüz tutup, ondan: «Sizi mündürer ýaly haýwan tapmaýaryn» diýen jogaby almak bilen,gama batyp, aglap-aglap yzlaryna dönmäge mejbur bolan din üçin söweşiň käbir muştaklaryna«bekkäin» lakamy berlipdi. «Tewbe» süresiniň 92-nji aýaty şol adamlar bilen baglanyşyklylykda inip, onda:وَلَا عَلَى الَّذِينَ إِذَا مَا أَتَوْكَ لِتَحْمِلَهُمْ قُلْتَ لَا أَجِدُ مَا أَحْمِلُكُمْ عَلَيْهِ تَوَلَّوْا وَأَعْيُنُهُمْ تَفِيضُ مِنَ الدَّمْعِ حَزَنًا أَلَّا يَجِدُوا مَا يُنْفِقُونَ=„We lä alelleziýne izä määä etewke li-tahmilehüm kulte lä ejidü määä ahmilüküm aleýhi. Tewellew we agýünühüm tefiýzü mineddemgy hazenen ellä ýejiduw mä ýünfikuwne”(golaý manysy:«Özlerine müner ýaly haýwan sorap ýanyňa gelenlerinde: «Sizi mündürer ýaly bir haýwan tapmaýaryn» diýeniňden soň, harçlar ýaly bir zat tapman, gam-gussadan ýaňa gözlerinden ýaş döküp, yzyna dönen kişilerden hem hasap soralmaz»)diýilýär.

Ol hijriniň 59-njy ýylynda Basrada wepat bolýar we öz wesýet edişi ýaly, onuň jynaza namazyny Ebu Berze Eslemi okadypdyr (Allahü tagala olardan razy bolsun!).

2Soňky jümle Allahyň Resulyna (s.a.w.) degişli hasap edilse (onuň gurluşy şony çak etmäge mümkinçilik berýär), elbetde,şol hadysyň düzümine girer. Eger ol Abdullah ibn Mugaffal Müzenä (r.a.) degişli hasap edilse, onda hadysyň yzyna soň goşulan jümle bolup çykar.

3Bu hadys Ahmet ibn Hanbalyň «Müsned» atly kitabynda, Ebu Nugaýmyň «Müstahrej» atly kitabynda edil Buharynyň kitabyndaky ýaly edilip beýan edilipdir. Müslimiň Ibn Omaryň adyndan beýan eden rowaýatynda bolsa ol: «Bedewiler şu namazyňyzyň ady babatda size görelde bolmasynlar. Onuň adyna Allahyň kitabynda ýassy diýilýändir. Bedewiler düýelerini ýassynyň garaňkylygynda sagýarlar. Şonuň üçin hem agşam namazyna şol ady berýärler»görnüşinde berilýär. Bu hadysy Ysmaýyly «Müstahrej» atly kitabynda Ebu Mesgut Razynyň, Ibn Maje Ebu Hüreýräniň, Ebu Ýagla bilen Beýhaky hem Abdyrahman ibn Awfyň adyndan edil şonuň ýaly edip beýan edipdirler.

Agşama «ýassy», ýassa «ateme» we «soňky ýassy»,«agşamdyr» «ýassy» düşünjelerini bir söz bilen aňladyphem«ýassylar» diýmek bedewi araplaryň arasynda giň ýaýran eken. Mysal üçin, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) tarapyndan hem, sahabalaryň tarapyndan hem bu sözler köp gezek ulanylypdyr. Şonuň üçin hem gürrüňini edýän hadyslarymyzdaky çagyryş olaryň gadagandygyny aňlatmaýar. Diňe Allahyň Kitabyna laýyklykda ýassy wagtyna «işa» (ýassy), şol wagtda okalýan namaza-da ýassy namazy diýilýändigi üçin, Gün ýaşan badyna okalýan namaza «agşam namazy» diýmäge ymmata endik etdirilmek islenilýär. Bu hadysy-şeribiň üsti bilen, has ýönekeýleşdirip aýdanymyzda: «Bedewileriň diýşi ýaly, siz hem agşama ýassy diýe-diýe bu iki wagt gözüňize bir ýaly bolup görünjek. Siz hem şol ada aldanybrak agşam namazyny ýassy wagtyna çenli gijikdirmegi gadagan hasap etmejeksiňiz» diýiljek bolunýar.