336 Bäş wagt namazyň okalýan wagtlary
عَنْ جَابِرِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا قَالَ: كَانَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يُصَلِّي الظُّهْرَ بِالْهَاجِرَةِ ، وَالْعَصْرَ والشَّمْسُ نَقِيةٌ ، وَالْمَغْرِبَ إذَا وَجَبَتْ ، وَالْعِشَاءَ أَحْيَاناً وَأَحْيَاناً ، إذَا رَآهُمْ اجْتَمَعُوا عَجَّلَ ، وَإذَا رَآهُمْ أَبْطَؤُوا أَخَّرَ ، وَالصُّبْحَ - كَانُوا ، أَوْ - كَانَ النَّبِيُّ يُصَلِّيهَا بِغَلَسٍ).
Jabyr ibn Abdullah (Ensary Selemi)(r.a.) şeýle diýipdir1: «Allahyň Resuly (s.a.w.) adatça öýle namazyny günortadan soňra gündiziň yssysynda, ikindi namazyny heniz Gün ýagty saçyp durka, agşam namazyny Gün ýaşanyndan soň, ýassy namazyny bolsa käte ir, käte-de giç okardy. Eger ol adamlaryň metjide ýygnanandyklaryny görse, onda namazawagty giräýen mahaly başlardy, olaryň gijä galýandyklaryny gören wagty bolsa, namazy yza çekerdi. Ertir namazy babatda aýdylanda bolsa, olar (ýa-da Allahyň Resuly (s.a.w.) )2 ony töwerek garaňky wagty okardylar»3.
1Bu hadysyň bir sözbaşysy bar. Muhammet ibn Amr ibn Hasan ibn Aly Ebutalyp (Allahü tagala olaryň hemmesinden razy bolsun!) şeýle diýýär: «Hajjaç Medinä gelende, Jabyr ibn Abdullahdan (r.a.) soradyk. Ol hem şeýle diýdi...». Rowaýatyň yzy şu hadysdaky ýaly. Hajjaç hijriniň 64-nji ýylynda, Ibn Zübeýr (r.a.) öldürileninden soň, Medinä hökümdar hökmünde gelýär. Ol ümeýýe tiresiniň adatyna eýerip, namazlary wagtlaryndan yza çekerdi. Muhammet ibn Amryň Jabyra bu sowaly bermegi, ine, şonuň bilen baglanyşyklydyr. Jabyr hem şu hadysdaky sözleri aýdýar.
2Bu söz Muhammet ibn Amra degişlidir. Ol Jabyryň (r.a.) bu babatda aýdan sözlerini ýadyndan çykarypdyr.
3Bu hadysy-şerif bäş wagt namazyň haýsy wagtlarda okalmalydygyny mälim etmek bilen birlikde, namazy wagty giräýende okamaga howlukmagyň gowudygyny-da habar berýär. Namazy gijikdirmek we ertir namazyny howa ýagtylanda okamak barada hanefi mezhebiniň alymlary bilen beýleki şerigatçy alymlaryň arasyndaky jedel hakynda ýokarda aýdylyp geçilipdi. 321, 322, 323, 324, 327, 328-nji hadyslara seret.