335 Agşam namazyny wagty giräýende okamalydygy hakda. Agşam namazy barada müjtehit alymlaryň we fykyhçy alymlaryň aýdany

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 335 Agşam namazyny wagty giräýende okamalydygy hakda. Agşam namazy barada müjtehit alymlaryň we fykyhçy alymlaryň aýdany

 عَنْ رَافِعِ بْنِ خَدِيجٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: كُنَّا نُصَلِّي الْمَغْرِبَ مَعَ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، فَيَنْصَرِفُ أَحَدُنَا ، وَإنَّهُ لَيُبْصِرُ مَوَاقِعَ نَبْلِهِ.

 

            Rafy ibn Hadyç (Ensary Ewsi)1(r.a.) şeýle diýipdir: «Biz agşam namazyny Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde okardyk. Her birimiz namaz okap çykan wagtymyz, atylan peýkamyň2 nirä baryp düşenini görüp bilýärdik»3.

 

1Bu sahabanyň künýesi Ebu Abdylladyr. Ýaşy kiçi bolany üçin, Bedir söweşinde,Allahyň Resulynyň (s.a.w.) emri bilen,urşujylaryň arasyndan yzyna gaýtarylypdyr. Soňra ol Uhut söweşinden başlap,Pygamberimiziň (s.a.w.) zamanyndaky beýleki söweşleriň hemmesine gatnaşypdyr. Ol Medinäni öz watany hasaplapdyr we öz kowmunyň iň sowatlysy bolupdyr. Iň ygtybarly rowaýata görä, hijriniň 74-nji ýylynyň başynda 84 ýaşynda wepat bolupdyr. Başga bir söze we Buharynyň ýazmagyna görä, hijriniň 59-njy ýylynda wepat bolanmyş. Hernäme-de bolsa, onuň jynaza namazyny Abdullah ibn Omaryň (r.a.) okandygy bellidir. Rafynyň (r.a.) jesedini öýünden alyp çykan günleri perýat edýänlere ýüzlenip, Ibn Omaryň (r.a.): «Bes ediň, Rafy bir goja kişidir. Allahü tagalanyň azabyna çydamaga güýç-kuwwaty ýokdur» diýendigi gürrüň berilýär. Ibn Omaryň özi-de hijriniň 74-nji ýylynda wepat bolupdyr. Rafy (r.a.) bedeninde yzy galan bir ýaranyň deşilip azmagy netijesinde ýogalypdyr. Uhut söweşinde oňa bir peýkam degipdir. Allahyň Resuly (s.a.w.) oňa ýüzlenip: «Isleseň şu peýkamy çykar. Ýara fitilini peýdalan. Menhem kyýamat gününde seniň şehit bolandygyňa şaýatlyk edeýin»diýipdir. Ine, Uhut söweşinde düşen şol ýaranyň üsti ýetmiş bir ýyldan soňra açylyp, ýumşak düşeginde ýatyrka wepat bolandygyna garamazdan, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şaýatlyk etmegi bilen,Uhut söweşinde şehit bolanlara goşulan bagtyýar sahaba şonuň özüdir.

2Bu söz tymsal ýa-da beýan etmek üçin agzalmaýar. Agşam namazyndan soň, gowy garaňky düşýänçä, hakykatdanhem, peýkam atmak ýaryşlarynyň geçirilendigi köp hadyslaryň mazmunyndan belli bolýar.

3Bu hadysy Buharynyň şular ýaly edip beýan edişi ýaly, Ebu Dawut öz kitabynda Enes ibn Mäligiň, Kagp ibn Mäligiň we Ebu Tarifiň (Allahü tagala olardan razy bolsun!) adyndan, Şapygy bilen Ahmet ibn Hanbal hem Jabyr ibn Abdullahyň (r.a.) adyndan, Nesaýy eslem tiresindan bolan bir adamyň adyndan, Tabarany hem «Mu’jemi-Kebir» atly kitabynda Zeýt ibn Halyt bilen musulmanlaryň enesi Ümmi Habybanyň (Allahü tagala olardan razy bolsun!) adyndan beýan edipdirler. Şol hadyslaryň hemmesinde-de Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde agşam namazyny okap, her kim ýaşaýan ýerine dolanyp baranda, töweregiň heniz ýagty bolandygyndan söz açylýar. Hadyslary beýan edenleriň hemmesi-de namaz okap, bazara, öz ýaşaýan ýerlerine, Medinäniň iň daşda ýerleşýän künjeklerine baranlarynda, heniz atylan peýkamyň nirä düşenini görüp boljak derejede ýagty bolandygyny aýdýarlar. Olaryň hemmesiniň gürrüňinden Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Gün ýaşmagynyň yzysüre agşam namazyny okadandygyny we namaz okalyp bolnandan soňradaş-töweregiň heniz ýagty bolandygyny aňlap bolýar. Ibn Huzeýme bilen Ibn Majedir Hakim hem Allahyň Resulynyň (s.a.w.) doganoglan agasy Apbas ibn Abdylmuttalybyň (r.a.) adyndan: «Meniň ymmatymyň Gün batyp, asmanda ýyldyzlar gum sepilen ýaly bolup görünýän wagtyna çenli agşam namazyny gijikdirmedikleri hemme mahluklardan ýokarda boljaklardyr» diýen hadysy beýan edipdirler.

Agşam namazyny wagty giräýende okamalydygy bilen alymlaryň hemmesi ylalaşýarlar. Agşam namazynyň şapak ýitýänçä yza çekilmegi baradaky hadyslar bolsa şol wagta çenli agşam namazyny okamaga rugsat berilýändigini görkezmäge niýetlenendir. Tawusyň, Atanyň, Wehp ibn Mühebbihiň pikirlerine görä bolsa,agşam namazynyň wagty ýyldyz doganda girýärmiş. Olaryň delilleri-de Ebu Basra Gyfarynyň (r.a.) gürrüň beren: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Muhammas diýilýän ýerde bize ikindi namazyny okadanyndan soňra aýtdy: «Bu namaz sizden öňkülere-de teklip edilipdi, ýöne olar onuň gymmatyny bilmän, harladylar. Şony göz öňünde tutup, kim ony gorap saklasa, oňa iki esse sogap berler. Şonuň ýaly-da, bu namazdan soňra tä ýyldyz dogýança hiç hili namaz ýokdur» diýen hadysydyr. Ýöne Allahyň Resulynyň (s.a.w.) mydama Gün ýeriň astyna duwlanan badyna agşam namazyny okandygy belli bolany üçin, şerigatçy alymlaryň esasy köplügi bu hadysa görä amal etmändirler.

Agşam namazynyň wagtynyň haçan tamamlanýandygy barada aýdylanda bolsa, Söwri, Ibn Ebu Leýla, Tawus, Mekhuwl, Hasan ibn Haý, Ewzaýy, Mälik, Şapygy, Ahmet, Yshak, Dawut Zahyry ýaly alymlar gögüň ýüzünden şapagyň gyzyl reňkiniň ýitmegi bilen agşam namazynyň wagtynyň çykýandygyny aýdýarlar. Hanefi mezhebiniň alymlaryndan Ebu Ýusup bilen Muhammet hem şu toparyň pikirine goşulýarlar. Bir rowaýata görä,Omar ibn Abdyleziz, Abdullah ibn Mübärek, şonuň ýaly-da, Ewzaýy bilen Mälik, Züfer ibn Hüzeýl we Ebu Söwr dagyak şapak ýitýänçä agşam namazynyň wagtynyň çykmajakdygyny aýdypdyrlar. Ebu Bekriň, Äşäniň, Ebu Hüreýräniň, Mugaz ibn Jebeliň, Übeý ibn Kagbyň we Abdullah Zübeýriň (Allahü tagala olaryň hemmesinden razy bolsun!) pikirleri şunuň ýalydyr. Ebu Hanife-da bu pikir bilen ylalaşypdyr. Ibn Münzire, Mälige, Şapyga we Ewzaýa görä, agşam namazynyň wagty Gün ýaşanyndan soňra az pursatdan, ýagny,diňe täret alyp, namaz okap bolaýjak wagtdan ybaratdyr. Tawusa görä, agşam we ýassy namazlarynyň wagty daň atýança tamam bolmaýarmyş. Bu aýratyn pikiri tefsirçi Aýny hem habar berýär, ýöne ol onuň delillerini we kimlerden eşidilendigini aýtmaýar. Buharynyň Ata ibn Ebu Rebahyň adyndan beýan eden rowaýatyna görä, ol keselli adamyň agşam we ýassy namazlaryny birleşdirip biljegi bilen ylalaşypdyr. Tefsirçi Aýny Ahmet ibn Hanbal bilen Yshagyň we şapygy mezhebine uýýan alymlaryň käbirleriniň hem bu pikir bilen ylalaşýandyklaryny aýdýar. Olaryň pikirine görä, agşam we ýassy namazlarynyň wagty birdir. Kazy Yýaz şeýle diýýär: «Wagtlary umumy bolan namazlary birleşdirip okamak käte sünnet, käte-de rugsat bolýar. Arafatda we Müzdelifede namazlary birleşdirip okamak sünnetdir. Ýöriş wagtynda, kesel we ýagyş ýagmagy sebäpli namazlary birleşdirip okamak bolsa rugsatdyr». 325, 425, 426, 427-nji hadyslara-da seret.