334 Möminleriň dünýäde galmaly wagtlary. Bu babatda Ebu Musa Eşgarynyň aýdan hadysy we tefsirçi Aýnynyň bu babatdaky pikirleri
عَـنْ عَبْدِ اللَّهِ بْـنِ عُمَرَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُـمَا: أَنَّهُ سَـمِـعَ رَسُـولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَقُـولُ: ( إنَّـمَا بَقَاؤُكُمْ فِيمَا سَلَفَ قَبْلَكُمْ مِنَ الأُمَمِ ، كَما بَينَ صَلاَةِ الْعَصْرِ إلَى غُرُوبِ الشَّمْسِ ، أُوتِيَ أَهْـلُ التَّوْرَاةِ التَّـوْرَاةَ ، فَعَمِلُوا حَتّى إذَا انْتَصَـفَ النَّهَارُ عَجَــزُوا، فَأُعْطُـوا قِيرَاطـاً قِيرَاطًا ، ثُمَّ أُوتِيَ أَهْـلُ الإنْجِيلِ الإنْجِيلَ ، فَعَمِلُوا إلَى صَلاَةِ الْعَصْرِ ثُمَّ عَجَزُوا ، فَأُعْطُوا قِيرَاطاً قِيرَاطًا ، ثُمَّ أُوتِينَا الْقُرْآنَ ، فَعَمِلْنَا إلَى غُرُوبِ الشَّمْسِ ، فَأُعْطِينَا قِيرَاطَينِ قِيرَاطَيْنِ ، فَقالَ أَهْلُ الكِتَابَينِ: أَي رَبَّنَا أَعْطَـيْتَ هـؤُلاَءِ قِـيرَاطَينِ قِيرَاطَيْنِ ، وَأَعْطَيْتَنَا قِـيرَاطـاَ قِيرَاطـًا ، وَنَحْـنُ كُنَّا أَكْـثَرَ عَمَـلاً ؟ قَـالَ اللَّهُ عَزَّ وَجَلَّ: هَلْ ظَلَمْتُكُمْ مِـنْ أَجْرِكُمْ مِـنْ شَـيءٍ ؟ قَالُوا: لاَ ، قَالَ: فَهُوَ فَضْلِي أُوتِيهِ مَنْ أَشَاءُ).
Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Men Allahyň Resulynyň (s.a.w.):«Hakykatdan hem,sizden öňki geçen ymmatlaryňky bilen deňeşdireniňde, siziň dünýäde galmaly wagtyňyzyň uzaklygy ikindi namazyndan Gün ýaşýança geçýän wagtyň uzaklygy ýalydyr1. Töwradyň halkyna Töwrat berildi. Olar şonuň görkezmeleri bilen amal edip, gün günorta bolýança güýçden gaçdylar. Şondan soňra olara bir kyrat agramdaky sogap berildi. Soňra Injiliň halkyna Injil berildi. Olar şonuň görkezmeleri bilen amal edip, ikindi namazynyň wagtyna çenli güýçden gaçdylar. Şondan soňra olara bir kyrat agramdaky sogap berildi. Soňra bize Kuran berildi. Biz hem şonuň görkezmeleri esasynda Gün ýaşýança amal ederis. Şondan soňra bize iki kyrat agramdaky sogap berler2. Şonda öňki kitap berlen iki halkyň wekilleri: «Ýa Reb! Sen olara iki kyrat agramdaky, bize bolsa bir kyrat agramdaky sogap berdiň. Ýöne biz olardan has köp yhlas etdik ahyryn!» diýerler. Allahü tagala aýdar: «Sizi sogap bilen sylaglan mahalym heý bir adalatsyzlyga ýol berdimmi?» Olar: «Ýok» diýip jogap bererler. Şonda Allahü tagala: «Ine, şol meniň keremimdir. Ony bolsa Men islänime eçilýärin!»3diýer»diýendigini eşitdim».
1Ikindi namazyna degişli hadyslaryň arasynda Buharynyň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu tymsalyny getirmeginiň sebäbi bu hadysdaky: «...Ikindi namazyndan Gün ýaşýança geçýän wagtyň uzaklygy ýalydyr» diýen jümledir. Ikindi namazynyň wagtynyň islendik zadyň kölegesiniň onuň özünden iki esse uzalan mahaly girýändigini aýdýanlar bu jümläniň özeninde ýatan yşarat bilen hem öz pikirlerini delillendirmäge çalyşýarlar. Çünki, jümläniň gurluşy ikindi wagtynyň azlygyny görkezýär. Ikindi namazynyň wagty bir zadyň kölegesi özüne görä bir esse bolanda girýär diýip hasap edilse, onda günortandan ikindä çenli jan çekenleriň amal bilen meşgullanan wagty özlerinden soňkularyň amal bilen meşgullanan wagtyna deň, ýa-da ondan hem has az bolup çykar. Bu bolsa tymsaly bimanylaşdyrardy.
2Buharynyň kitabynda bu hadysyň yzysüre ýerleşdirilen we Ebu Musa Eşgarynyň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda bolsa bu tymsal başga manyda gelýär. Onda şeýle diýilýär: «Musulmanlar bilen deňeşdireniňde ýehudylaryň we hristianlaryň ýagdaýy şu mysaldaky ýalydyr. Bir adam bir topar kişini ertirden başlap, gije düşýänçä işletmek üçin hakyna tutupdyr. Hakyna tutulan batraklar günortana çenli işlänlerinden soňra: «Seniň berjek hakyň bize gerek däl» diýip, eden işleriniň hakynyň hemmesinden ýüz öwrüpdirler. Ol adam başga kişileri hakyna tutup, olara: «Şu gün tamam bolanyndan soň, wada eden hakymyň baryny size bereýin» diýipdir. Bu ikinji topar hem işlemäge başlap, ikindi namazynyň wagty gireninden soňra işlemekden ýüz öwrüp, aljak haklarynyň hemmesinden geçýändiklerini aýdypdyrlar. Ol adam ýene başga bir kişileri hakyna tutupdyr we olar şol wagtdan başlap, tä Gün ýaşýança işläpdirler we öňki iki toparyň hem almaly haklaryna eýe bolupdyrlar».Tefsirçi Aýnynyň bu hadys babatdaky pikiri bilen tanyş bolalyň. Ol şeýle diýýär: «Bu Allahü tagalanyň buýruklaryndan ýüz öwren ýehudylar bilen hristianlar hem-de Allahü tagalanyň ýeke-täkdiginiwe Muhammet alaýhyssalamyň aýdanlaryny kabul eden musulmanlar hakyndaky tymsaldyr. Bu hadysyň (ýagny,Ebu Musa Eşgarynyň (r.a.) beýan eden hadysynyň) manysy şeýledir: pygamberleriniň buýran we gadagan eden zatlaryny dünýä durýança ýerine ýetirmek üçin käbir adamlara (ýagny,ýehudylara) Musa alaýhyssalamyň dini bagyşlanypdyr. Olar tä Isa alaýhyssalama Allahü tagala tarapyndan pygamberlik berilýänçä, Musa alaýhyssalamyň aýdanlaryna boýun bolmaga borçly edildi. Olar bolsa bu teklip bilen ylalaşman, ondan ýüz öwürdiler. Isa alaýhyssalamyň getirenlerine başgalary eýermäge başladylar. Isa alaýhyssalam hem ymmatyna öz üstlerine ýüklenen borçlary şol döwürden başlap, kyýamata çenli ýerine ýetirmäge buýruk berdi. Iň soňunda Muhammet alaýhyssalama pygamberlik berildi. Ol hem olara getiren zatlaryna laýyklykda amal etmeklerini emr etdi. Olar bolsa oňa boýun bolmakdan ýüz öwürdiler. Allahü tagala-da musulmanlary getirdi we olar Muhammet alaýhyssalamyň getirenleri bilen kyýamat gününe çenli amal ederler. Şol sebäpli hem olar dünýä döräninden başlap, kyýamata çenli wagt aralygynda Allahü tagala ybadat we tagat edenleriň sogaby ýaly sogap gazanjaklar».
Ebu Musa Eşgarynyň (r.a.) hadysyna görä, ozalky iki topar hiç hili sogap gazanmadyk bolup çykýar. Ibn Omaryň (r.a.) hadysynda bolsa şol toparlaryň her biri bir kyrat sogap gazanýar. Muňa nähili düşünmeli? Sogap gazananlar hak dinden ýüz öwürmänkä ýogalanlar, sogap almadyklar bolsa dini ýoýanlar bilen pygamberlerinden soňra pygamberlik berlenlere iman getirmediklerdir.
3Hattaby şeýle diýýär: «Ibn Omaryň (r.a.) bu hadysyndan şeýle netije çykarmak mümkin: ýehudylaryň uzyn günläp, hristianlaryň-da günortadan soňra amal etmek bilen hersiniň gazanjak sogaplarynyň agramy iki kyrat eken. Olaryň haýsysy işi soňuna çenli tamamlasa, sogaplaryň hemmesini almaga hukuk gazanmak bilen, aljak sogaplarynyň agramy iki kyrat boljak eken. Ýöne işiň ýarysyny ýerine ýetirip, boýunlaryna alan işlerine wepa bermedikleri üçin, öz ýerine ýetiren işlerine görä, ol toparlaryň wekilleriniň hersi bir kyrat agramdaky sogaba mynasyp bolupdyrlar. Soňra musulmanlar gelip, iki toparyň jemi gazanan sogabyny gazananlaryndan soň, olara göriplik edipdirler. Bu hadysda aýdylanlara şeýle düşünäýmeseň, olaryň manysy dogry bolmaz. Hususan hem Ebu Musanyň (r.a.) rowaýatyna görä, ýehudylaryň we hristianlaryň: «Biziň sogap gazanmaga mätäçligimiz ýok» diýmekleri, kitaplary ýoýup, şerigat kanunlaryny üýtgedip, öz maksatlaryna ýetmek isländikleri we özlerine garşy özleriniň jenaýat edendikleri sebäpli, sogaplaryň baryndan mahrum bolandyklaryny aňladýar.