333 Ikindi we ertir namazlarynyň bir rekagatlary okalmaly wagtlarynyň içinde we beýleki rekagatlary şol wagtyň daşynda okalan ýagdaýynda, namazyň kabul boljakdygy hakda. Bu babatda fykyhçy alymlaryň düşünjeleri
عَنْ أَبِي هُرَيرَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: قَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: (إذَا أَدْرَكَ أَحَدُكُمْ سَجْدَةً مِنْ صَلاَةِ الْعَصْرِ ، قَبْلَ أَنْ تَغْرُبَ الشَّمْسُ ، فَلْيُتِمَّ صَلاَتَهُ ، وَإذَا أَدْرَكَ سَجْدَةً مِنْ صَلاَةِ الصُّبْحِ ، قَبْلَ أَنْ تَطْلُعَ الشَّمْسُ ، فَلْيُتِمَّ صَلاَتَهُ).
Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Biriňiz ikindi namazynyň bir sejdesini1 gün batýança tamamlap bilse, onda namazyny tamamlasyn2. Ertir namazynyň bir sejdesini Gün dogýança tamamlan kişi hem namazyny soňuna çenli okasyn»3 diýdi».
1Bu ýerde «sejde» diýlip, rukuw we sejdeden ybarat bolan bir rekagat namaz göz öňünde tutulýar.
2Beýhakynyň «Sünen» atly kitabynda: «Tamamlasyn» sözüniň ýerine: «Ol namaz okamaga ýetişen adam bolar» diýlipdir.
Bu rowaýatda: «Gün dogmazyndan öň ertir namazynyň bir rekagatyny, Gün doganyndan soňra hem bir rekagatyny okan adam namazyny okamaga ýetişen adam bolar»diýlipdir.
Başga bir rowaýatda: «Kim ikindi namazynyň bir rekagatyny Gün batmazyndan öň okamaga ýetişip, beýleki rekagatlaryny Gün batanyndan soňra okasa-da, ikindi namazyny duşundan geçirmedik adam bolar» diýdi. Ertir namazy hakynda-da şony aýtdy» diýen sözler bar.
3Ýokarda gürrüňi edilýän hadyslar bilen şol manydaky köp sanly maglumatlara esaslanyp, Gün batmazyndan ozal ikindi namazynyň bir rekagaty okalan halatynda,namazyň biderek bolmaýandygy we ony tamamlamak gerekdigi barada netije çykarýan şerigatçy alymlaryň pikiri birdir. Ertir namazy hakynda-da alymlaryň köpüsi şeýle pikirde. Diňe hanefi mezhebine uýýan alymlar ertir namazy tamam bolmazdan Gün dogsa, şol namazyň boş geçjekdigini aýdýarlar. Onuň sebäbini hem Gün doganyndan soňra namaz okamak gadagan bolan wagtyň girmegi bilen düşündirýärler. Hanefi mezhebine degişli şerigatçy alymlardan biri bolan Tahawy şeýle bolanda ertir namazynyň diňe gijikdiriljekdigi (idrak) hakynda aýdylýan hadyslara daýanyp, çaganyň ýetişenlik döwrüniň başlanmagy, aýbaşyly zenanyň aýbaşysynyň gelmeginiň tamamlanyp, arassalanan wagtynyň, kapyryň yslam dinine giren wagtynyň ertir namazynyň diňe bir rekagatyny okamaga ýetişip bolaýjak wagta gabat gelen halatynda, olara bu namazy okamagyň parz boljakdygyny aýdýar. Onuň pikiriniň garşysyna bolsa Buharynyň kitabyndaky: «Kim namazyň bir rekagatyny wagtyndan gijikdirse, şol namazyny gijikdiren adam bolar», Nesaýynyň kitabyndaky: «Kim namazyň bir rekagatyny wagtyndan gijikdirse, tutuş namazyny gijikdiren adam bolar. Ol şeýdip gijikdirilen namazy kaza etmeli bolar», Beýhakynyň kitabyndaky: «Kim Gün dogmazyndan öň bir rekagat namaz okamaga ýetişse, oňa ýene bir rekagat goşsun» diýilýän hadyslary goýýarlar.
Nähili ýagdaý ýüze çykanda-da,wagt namazyny, gaty bir zerurlyk ýüze çykmadyk ýagdaýynda, şunuň ýaly halys yza çekmek günädir.