332 Ikindi we ertir namazlarynyň artykmaç taraplary
عَنْ أَبِي هُرَيرَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (يَتَعَاقَبُونَ فِيكُمْ: مَلاَئِكةٌ بِاللَّيْلِ وَمَلاَئِكَةٌ بِالنَّهَارِ ، وَيَجْتَمِعُونَ فِي صَلاَةِ الْفَجْرِ وَصَلاَةِ الْعَصْرِ ، ثُمَّ يَعْرُجُ الَّذِينَ بَاتُوا فِيكُمْ ، فَيسْأَلُهُمْ وَهُوَ أَعْلَمُ بِهِمْ: كَيفَ تَرَكْتُمْ عِبَادِي ؟ فَيقُولُونَ: تَرَكْنَاهُمْ وَهُمْ يُصَلُّونَ ، وَأَتَيْنَاهُمْ وَهُمْ يُصَلُّونَ).
Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir1: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Siziň araňyzda gije bolýan perişdeleri, araňyzda gündiz bolýan perişdeler çalyşýarlar. Olar ertir we ikindi namazlarynda tapyşanlaryndan soň, şonuň öň ýanynda araňyzda bolan perişdeler göge galýarlar2. Allahü tagala öz gullarynyň näme iş bilen meşguldyklaryny has gowy bilýän bolsa-da, ýene perişdelerden: «Gullarymy nähili ýagdaýda goýup gaýtdyňyz?» diýip soraýar. Olar hem: «Olary namaz okaýan wagtlary goýup gaýtdyk. Ýanlaryna baran wagtymyz hem olar namaz okaýardylar» diýip jogap berýärler»3diýdi».
1Bu barada habar berilýän iň jikme-jik rowaýat Ibn Huzeýmäniň «Sahyh» atly kitabynda ýerleşdirilen rowaýat bolup, onuň başynda şeýle diýilýär: «Gije perişdeleri bilen gündiz perişdeleri ertir we ikindi namazlarynda siziň araňyzda tapyşýarlar. Soňra olar ertir namazynda ýygnanyşyp, gije perişdeleri asmana göterilip, gündiz perişdeleri galýarlar. Soňra ýene ikindi namazynda tapyşýarlar. Bu gezek gündiz perişdeleri asmana göterilip, gije perişdeleri galýarlar. Ýokary göterilen perişdelerden Allahü tagala: «Gullarymy nähili ýagdaýda goýup gaýtdyňyz?» diýip soraýar…...»Bu rowaýatyň yzy şu hadysdaky ýalydyr. Beýleki rowaýatlaryň hemmesi şu rowaýatyň gysgaldylan görnüşleridir. Hapyz Ebu Nugaýmyň beýan eden rowaýatynda: «Iki topar goraýjylar, ýagny,gije we gündiz perişdeleri ertir namazynda tapyşyp, salamlaşýarlar. Soňra gije perişdeleri asmana göterilip, gündiz perişdeleri galýarlar»diýlipdir. Bu rowaýata görä, perişdeler ertir we ikindi namazlarynyň wagtynda aşak inseler hem, diňe ertir namazyndan soňra asmana göterilýän bolup çykýar. Ebu Hüreýräniň (r.a.) munuň şeýledigini tassyklap aýdan: «Gije perişdeleri gündiz perişdeleri bilen ertir namazynda tapyşýarlar. Isleseňiz:أَقِمِ الصَّلَاةَ لِدُلُوكِ الشَّمْسِ إِلَى غَسَقِ اللَّيْلِ وَقُرْآَنَ الْفَجْرِ إِنَّ قُرْآَنَ الْفَجْرِ كَانَ مَشْهُودًا= “Akymissaläte li-düluwkişşemsi ilä gasakylleýli we Kuränel-fejri. Inne Kuränel-fejri käne meşhuwden”(golaý manysy: «Günüň ortadan agan wagtyndan başlap, gijäniň garaňkylygyna çenli namaz oka. Ertir namazyny-da oka, çünki,ertir namazy şaýatlydyr». «Isra» süresiniň 78-nji aýaty) aýaty-kerimesini okaň» diýen sözleri hem rowaýatda getirilýär. Rowaýatyň bu nusgasynda-da, perişdeleriň iki toparynyň aşak inip, ýokary galmaklarynda meňzeşlik bar. Bu iki rowaýatyň arasynda gapma-garşylyk ýok. Şu nukdaýnazardan perişdeleriň gelip-gitmekleri şeýle görnüşe eýe bolar: ikindi namazynda gije perişdeleri aşak inýärler. Olar ertir namazynda asmandan inen gündiz perişdeleri bilen tapyşyp, indiki ikindi namazyna çenli bilelikde bolýarlar. Ikindi namazy okalanyndan soň, bir gün ondan öň inen gije perişdeleri asmana göterilip, olaryň ornuny täze inen gije perişdeleri eýeleýärler we gündiz perişdeleri bilen birlikde ertir namazyna çenli bile bolýarlar. Ertir namazyndan soňra bir gün şondan öň inen gündiz perişdeleri asmana göterilip, gije perişdeleri täze inen gündiz perişdeleri bilen birlikde ikindi namazyna çenli galýarlar. Şeýlelikde,inen her bir topar bir gije-gündizläp adamlar bilen birlikde jemagatyň arasynda bolýar.
2Iki topar perişdäniň hersiniň namaz wagtynda peýda bolmagy we namaz wagtynda musulmanlar bilen birlikde bolmagy Allahü tagalanyň musulmanlara eçilen rehmetidir. Ol perişdeleri adamlaryň iň gowy ýagdaýyndan habarly edip, olar hakda doga-dileg etmäge we olaryň amallaryna şaýatlyk etmäge borçly edýär.
3Möminleriň birek-biregiň gowy adamdygyna şaýatlyk etmekleri şaýat bolunýan üçin Allahü tagalanyň rehmetine mynasyp bolmaga sebäp bolýan bolsa, perişdeleriň möminler hakynda şaýatlyk etmekleri-de, elbetde, Allahü tagalanyň rehmetini gazanmaga sebäpdir. Allahü tagalanyň olara bu sowal bilen ýüzlenmeginiň hikmeti olardan bu jogaplary alyp, rehmet etmek üçin bahana gözleýändiginden ybarat bolşy ýaly, Adam alaýhyssalam ýaradylan we onuň tutmaly orny kesgitlenen wagtynda perişdeleriň:قَالُوا أَتَجْعَلُ فِيهَا مَنْ يُفْسِدُ فِيهَا وَيَسْفِكُ الدِّمَاءَ وَنَحْنُ نُسَبِّحُ بِحَمْدِكَ وَنُقَدِّسُ لَكَ=„Kaaluw e-tejgalü fiýhä men ýüfsidü fiýhä we ýesfiküddimääää-e. We nahnü nüsebbihü bihamdike we nükaddisü leke”(golaý manysy:«Ýa Reb, eýsem sen ýeriň ýüzünde bozuk işleri etjek we nähak ganlary dökjek kişini ýaratjak bolýarmyň? Ine, biz seni öwmek bilen tesbih aýdýarys we biz seni päklikde ýatlaýarys ahyryn».«Bakara» süresiniň 30-njy aýatyndan)diýmeklerine jogap hökmünde Allahü tagalanyň:قَالَ إِنِّي أَعْلَمُ مَا لَا تَعْلَمُونَ=„Kale inniýýý eglemü mä lä taglemuwne”(golaý manysy: «Meniň siziň bilmeýän zatlaryňyzy bilýändigim şübhesizdir».«Bakara» süresiniň 30-njy aýatyndan) diýip beren jogaby hakykatdan hem olary geplemez ýaly etmek islemegi bilen bir hatarda, Adamyň ýaradylmagynyň hem tesbih aýtmaga, hamdu-sena etmäge, şükür etmäge sebäp bolup biljekdigi hakdaky paýhasa olary boýun etmek isleginden hem daş däldir. Edýän ybadatlarymyzdan we tagatymyzdan habardar bolan bu perişdeler, ygtybarly rowaýatlara görä, biziň haýyr we şer işlerimizi ýazmaga Allahü tagala tarapyndan wekil bellenilip, ömrümiz ötýänçä ýanymyzdan aýrylmaýan hem-de ölenimizden soňra mazarymyzyň başyndan aýrylmaýan perişdelerden başga perişdelerdir.