331 Kyýamat gününde möminleriň Reblerini nädip görjekdikleri we ertir hem-de ikindi namazlarynyň ýerine ýetirilişi hakda

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 331 Kyýamat gününde möminleriň Reblerini nädip görjekdikleri we ertir hem-de ikindi namazlarynyň ýerine ýetirilişi hakda

  عَنْ جَرِيرِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: كُنَّا عِنْدَ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فَنَظَرَ إِلَى الْقَمَرِ لَيْلَةً فَقَالَ: (إِنَّكُمْ سَتَرَوْنَ رَبَّكُمْ ، كَمَا تَرَوْنَ هَذَا الْقَمَرَ ، لاَ تُضَامُونَ فِي رُؤْيَتِهِ ، فَإِنْ اسْتَطَعْتُمْ أَنْ لاَ تُغْلَبُوا عَلَى صَلاَةٍ قَبْلَ طُلُوعِ الشَّمْسِ وَقَبْلَ غُرُوبِهَا فَافْعَلُوا) . ثُمَّ قَرَأَ: وَسَبِّحْ بِحَمْدِ رَبِّكَ قَبْلَ طُلُوعِ الشَّمْسِ وَقَبْلَ غُرُوبِهاَ.

 

            Jerir ibn Abdullah (Bejeli)(r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gije Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyndadyk. Ol Aýa bakyp: «Şu Aýy hiç hili kynçylyk çekmän, rahat bir halda görşüňiz ýaly, Rebbiňizi-de, edil şonuň ýaly rahat bir halda görüp biljeksiňiz1. Eger Gün dogmazyndan we batmazyndan öňki namazlaryň hiç birini terk etmezlik eliňizden gelse2, olary okamaga çalşyň»diýdi».

 Soňra Jerir (r.a.): غُرُوبِهاَوَسَبِّحْ بِحَمْدِ رَبِّكَ قَبْلَ طُلُوعِ الشَّمْسِ وَقَبْلَ= “Wesebbihbi-hamdiRabbikekabletuluw-gyşşemsiwekablel-guruwbi(golaý manysy:«Gün dogmazyndan öň hem, batmazyndan öň hem Rebbiňi öwgi bilen tesbih et».«Ta-ha» süresiniň 130-njy aýaty) aýaty-kerimesini okapdyr.

 

1Bu ýerde gürrüň daşky meňzeşlik hak-da gitmän, synlaýyşyň meňzeşligi hakynda gidýär. Hadys kitaplarynyň hemmesindäki köpsanly rowaýatlaryň sözleriniň hemmesi şuny görkezýär.

Kyýamat gününde Allahü tagalanyň imanly gullaryna Rebleriniň jemalyny perdesiz synlamagyň miýesser boljagyna (mugtyzala we hawaryç toparlaryndan başga) yslam dinine degişli toparlaryň hiç biriniň şek we şübhesi ýok. Şunuň bilen baglanyşykly hadyslary Ebu Bekr, Aly, Mugaz ibn Jebel, Ibn Mesgut, Ebu Musa Eşgary, Ibn Apbas, Ibn Omar, Huzaýfa, Ebu Ümama, Jabyr ibn Abdylla, Enes, Ammar, Zeýt ibn Sabyt, Ubada ibn Samyt (Allahü tagala olardan razy bolsun!) ýaly muhajiriň we ensaryň baştutanlary bolan sahabalar bilen bir hatarda, azyndan ýigrimä golaý sahabanyň gürrüň berendigi, hemmesiniň aýdanlarynyň hem şol bir manynyberşi ýaly:وُجُوهٌ يَوْمَئِذٍ نَاضِرَةٌ إِلَى رَبِّهَا نَاظِرَةٌ= „Wüjuwhün ýewme-izin näzyretün ilä Rabbihä näzyratün” (golaý manysy: «Şol gün lowurdap şöhle saçjak, Reblerine bakjak ýüzler bardyr».«Kyýäme» süresiniň 22-23-nji aýatlary);كَلَّا إِنَّهُمْ عَنْ رَبِّهِمْ يَوْمَئِذٍ لَمَحْجُوبُونَ= „Kelläää innehüm an Rabbihim ýewme-izin le-mahjuwbuwne”(golaý manysy: «Ýok! Olaryň şol gün Reblerini görmekden mahrum boljakdyklary şübhesizdir».«Mutaffifin» süresiniň 15-nji aýaty) aýaty-kerimeleri hem şu pikire kybapdaşdyr.لِلَّذِينَ أَحْسَنُوا الْحُسْنَى وَزِيَادَةٌ وَلَا يَرْهَقُ وُجُوهَهُمْ قَتَرٌ وَلَا ذِلَّةٌ أُولَئِكَ أَصْحَابُ الْجَنَّةِ هُمْ فِيهَا خَالِدُونَ= “Lilleziýne ahsenül-husnä we ziýädetün. We lä ýerhaku wüjuwhehüm katerün we lä zilletün ülääää-ike ashaabül-jenneti. Hüm fiýhä haaliduwne” (golaý manysy:«Gowy iş edenlere has uly gowulyk, bir-deartykmajy bardyr».«Ýunus» süresiniň 26-njy aýaty) aýaty-kerimesindäki «artykmajy» diýen söziAllahyň Resuly (s.a.w.): «Allahü tagalanyň mukaddes jemalyny görmek» diýip düşündiripdir. Bu barada Enesiň, Übeý ibn Kagbyň, Kagp ibn Üjräniň adyndan aýdylýan rowaýatlar-da bar.

2Ýagny: «Bu iki namazy okamaga päsgel berip biljek säher ukusy, gündizki söwda işleri ýaly päsgelçilikleri aradan aýyrmak eliňizden gelse» diýmekdir. Müslimiň öz kitabyna girizen rowaýatynda düşündirilişine görä, Gün dogmazyndan öňki namaz ertir namazy bolup, Gün batmazyndan öň okalmaly namaz hem ikindi namazydyr. Parz namazlaryň hemmesi-de sogap babatda biri-birlerine deňdir. Ýöne olaryň her biriniň özlerine mahsus bir aýratynlyk bilen beýlekilerden tapawutlanmaklary hem bolup biläýjek zat. Bu iki wagta mahsus bolan sogap, indiki hadysy-şerifde beýan edilişi ýaly, gije we gündiz perişdeleriniň möminleriň edýän amallary barada Allahü tagala habar bermekleri bilen baglanyşykly bolup biler. Bu iki wagtda Allahü tagalanyň ýanyna çykan amalyň öweziniň kyýamat gününde Onuň didaryny görmek bolaýmagy örän mümkindir.