330 Ikindi namazyny terk eden kişiniň amaly biderek bolar

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 330 Ikindi namazyny terk eden kişiniň amaly biderek bolar

    عَنْ بُرَيْدَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ أَنَّهُ قَالَ فِي يَوْمٍ ذِي غَيْمٍ: بَكِّرُوا بِصَلاَةِ الْعَصْرِ ، فَإنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (مَنْ تَرَكَ صَلاَةَ الْعَصْرِ فَقَدْ حَبِطَ عَمَلُهُ).

 

       Büreýde ibn Husaýp Eslemi1 (r.a.) bulutly bir günde şeýle diýipdir: «Ikindi namazyny wagty giräýen mahaly okaň2. SebäbiAllahyň Resuly (s.a.w.): «Kim ikindi namazyny terk etse, amaly biderek (batyl) bolar»3 diýdi».

 

1Bu özi hakynda köpsanly rowaýatlaryň döremegine sebäp bolan ulysahabalaryň biridir. Hijriniň 62-nji ýylynda Merwde söweş wagtynda wepat bolupdyr. Ol Horasan ülkesinde dünýäden öten iň soňky sahabadyr. Onuň yslam dinine girişiniň beýany-da ýörite ýatlanylmaga mynasypdyr. Allahü tagala tarapyndan Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hijret etmegine rugsat berlen döwürde Allahyň Resuly (s.a.w.) , Ebu Bekr Syddyk we onuň azat eden guly Amir ibn Füheýre (r.a.) üçüsi Mekgeden gizlin çykyp, Medinä tarap ugrapdyrlar. Olaryň janyna kast etmegi ýüreklerine düwen kuraýyş kapyrlarynyň olary tapyp getirene uly sylag wada berendikleri üçin, geçip biläýjek ýollarynda ýaşaýan tireleriň adamlary,wada berlen zatlardan tamakin bolup, olaryň üstüni basmaga taýýarlanyp başlapdyrlar. Şolaryň biri bolan Bureýde ibn Husaýp Eslemi Sehmi-de sehm tiresinden bolan ýetmiş sany atlysy bilen olary ele salmak üçin çykypdyr. Ol öz atlylary bilen Allahyň Resuly (s.a.w.) hem-de onuň ýaranlary bilen pete-pet geläýipdir. Ýüzbe-ýüz bolanlarynda,Pygamberimiz (s.a.w.) ondan: «Saňa kim diýýärler?» diýip sorapdyr. Ol: «Büreýde» diýen badyna Allahyň Resuly (s.a.w.) Ebu Bekre tarap öwrülip: «Hakykatdan hem biziň işimiz ýeňilleşdi we gowulaşdy» diýip, welilik bilen seslenipdir. Soňra ol: «Kimlerden bolarsyň?» diýip, Bureýdä ýüzlenipdir. Ol: «Eslemden bolaryn» diýip jogap bereninden soň,Allahyň Resuly (s.a.w.): «Halas bolduk» diýipdir-de,ýene: «Eslemiň haýsy golundan?» diýip sorapdyr hem-de: «Sehm tiresinden» diýen jogaby alanyndan soňra: «Ýa Ebu Bekr, seniň nesibäň çüwdi» diýip seslenipdir. Şondan soňra soramak gezegi Büreýdä ýetip, ol Allahyň Resulyndan (s.a.w.): «Sen kim bolarsyň?» diýip sorapdyr. «Maňa Allahyň ResulyMuhammet ibn Abdullah diýýärler» jogabyny alanyndan soň, bozuk niýet bilen çykan Büreýde-de, onuň ýanyndakylar hem birden: «Allahü tagaladan başga Allahyň ýokdugyna hem-de Muhammediň onuň guludygyna we resulydygyna ynanýarys» diýip iman getiripdirler. Büreýde (r.a.): «Allah hamd we sena edýärin. Biz zor görmän, meýletin musulman bolduk» diýer eken. Şol wakanyň ertesi gün Büreýde: «Ýa Allahyň Resuly, ýanyň baýdaksyz Medinä girmek size mynasyp däldir» diýipdir we başyndaky daňysyny çözüp alyp, naýzasynyň ujuna baglapdyr. Ol Medinä girýänçäler, Muhammediň baýdagyny elinde göterip, öňden ýöräp gidipdir (r.a.).

2Bu ýerde «bulutly günde» diýlip, ýörite nygtalmagynyň sebäbi, Gün görünmeýändigi üçin namazy okamaly wagtyndan soňa goýmak ýa-da günüň gijigýänine ähmiýet bermän, güni ýaşyrmak gorkusydyr. Şol sebäpli hanefi mezhebiniň şerigatçy alymlary bulutly günde ikindi namazynyň wagty giräýen mahaly okalmagyny has gowy hasap edýärler.

3Gozgalaň edip, dinden çykan hawaryçlar bu hadysa daýanyp, ony «Maide» süresiniň 5-nji aýatyndaky: وَمَنْ يَكْفُرْ بِالْإِيمَانِ فَقَدْ حَبِطَ عَمَلُهُ= We men ýekfür bil-iýmäni fakad habita amelühüw”(golaý manysy:«Kim imany inkär etse,onuň eden amaly biderek bolar»diýen mukaddes sözleri düşündirýän hadyslaryň biri hasap edýärler. Ýöne biraz dykgat edilse, edil beýle-de däldir. Eger olaryň aýdyşy ýaly bolsa, onda aýatyň mazmuny bilen hadysda aýdylan pikir biri-birine garşy çykar. Çünki,aýaty-kerimäniň mazmuny: «Iman edilmeli zada ynanmazlyk etmeýäniň amaly biderek bolmaz» diýmegi aňladýan bolsa, hadysda: «Ikindi namazynyň parzdygyna ynanyp durka, ony terk eden adamyň amaly biderek bolar» diýen pikir aýdylýar. Şeýle ýagdaýda namazy terk eden adam amalynyň sogabyndan jyda bolar (soňra kaza etse hem), ýa ol sogap azalar, ýa-da beýleki eden amallarynyň sogaplary oňa diňe tobaetmegibilen berler, ýa bolmasa-da perişdeleriň 332-nji hadysda beýan edilen gözel şaýatlyk etmelerinden mahrum bolar.