329 Ikindi namazyny geçireniň juda köp zat ýitirjekdigi hakda

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 329 Ikindi namazyny geçireniň juda köp zat ýitirjekdigi hakda

    عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (الَّذِي تَفُوتُهُ صَلاَةُ الْعَصْرِ ، كَأَنَّمَا وُتِرَ أَهْلَهُ وَمَاَلَهُ).

 

            Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ikindi namazyny geçiren adam maşgalasyny-da, baýlygyny-da elinden aldyran adam ýalydyr»1 diýdi».

 

1Maşgalasy gyrlan, tükeniksiz baýlyklaryndan el ýuwan adamyň başyndan inen betbagtlyk neneňsi derejede uly bolsa, bir ikindi namazyny geçiren kişiniň hem betbagtlygy şonuň ýaly uludyr. Bu namazyň geçirilmegi diýip, ony ýa günüň ýaşmagyna çenli, ýa onuň üçin bellenen wagtyň tamamlanmagyna çenli, ýa-da günüň şöhlesiniň öçügsilenmegine çenli gijikdirmäge aýdylýar. Bäş wagt namazyň arasynda ikindi namazynyň aýratyn tapawutlanýandygy hakynda kän aýdylsa-da, Allahü tagalanyň islendik namaza islän sogabyny berjekdigini aýtmak has dogrudyr.