328 Ikindi namazynyň Gün heniz ýokardaka okalmalydygy hakda

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 328 Ikindi namazynyň Gün heniz ýokardaka okalmalydygy hakda

   عَنْ أَنَسِ بْنِ مالِكٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: كانَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يُصَلِّي العَصْرَ والشَّمْسُ مُرْتَفِعَةٌ حَيَّةٌ ، فَيَذْهَبُ الذَّاهِبُ إلَى الْعَوَالِي ، فَيأْتِيهِم وَالشَّمْسُ مُرْتَفِعَةٌ. وَبَعَضُ الْعَوَالِي مِنَ الْمَدِيِنَة على أَرْبَعَةِ أَمْيَالٍ ، أَوْ نَحْوِهِ.

 

         Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) ikindi namazyny Gün heniz ýokardaka we howry öçmänkä okadardy. Namazdan soňra Awaly diýen ýere giden adam,şol ýere baranda, Gün heniz hem ýokarda bolardy».

Rowaýatçy (ýa Enes, ýa-da ondan rowaýat eden Zühri) şeýle diýýär: «Awalynyň käbir ýerleri Medineden dört mil ýa şoňa ýakyn uzaklykda ýerleşýär»1.

 

1Awaly Medinäniň Nejid tarapyndaky eteginde ýerleşýän ýerleriň ady bolup, şol ýerleriň iň ýakyny iki, iň daşy bolsa alty-sekiz mil uzaklykda ýerleşýär. Şonuň üçin bu hadysy gürrüň beren rowaýatçylaryň käbiri, şu ýerde aýdylyşy ýaly, ol aralygyň dört mildigini aýtsalar, käbirleri iki, käbirleri alty, käbirleri hem üç mildigini aýdýarlar. Bu aralygy görkezmek bilen Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ikindi namazyny wagty giräýende okandygyny aňlatmak isläpdirler. Bu ýeriň ady 78-nji hadysda-da tutulypdy.