327 Ikindi namazyny wagty giräýende okamagyň gowudygy hakda
عَنْ أَنَسِ بْنِ مالِكٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: كُنَّا نُصَلِّي الْعَصْرَ ، ثُمَّ يَخْرُجُ الإنْسَانُ إلَى بَنِي عمْرِو بْنِ عَوْفٍ ، فَيَجَدُهُمْ يُصَلُّونَ الْعَصْرَ.
Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Biz ikindi namazyny tamamlanymyzdan soň, aramyzdan kimdir biri Amr ibn Awf ogullarynyň ýaşaýan ýurduna gitse, olaryň ikindi namazyny okap durandyklaryny görüpbilýärdi»1.
1Amr ibn Awf ogullary Medineden iki mil daşlykdaky Kuba obasynda ýaşaýardy. Bu urugyň adamlary ekerançylyk bilen meşgul bolansoňlar, ikindi namazyny edil wagty giräýende okaman, biraz gijikdirip okar ekenler. Mundan Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ikindi namazyny wagty giräýende okadandygy hakynda many çykaranlar bar bolsa-da, Aýny bu hadysyň şertleýinligine görä, bu pikiriň dogry däldigini subut etmäge çalyşýar. Ýöne Buharynyň beýan eden başga bir rowaýaty Aýnynyň şübhesine ýer goýmaýan ýaly görünýär. Bu rowaýatda şeýle diýilýär: «Ebu Umama Esgat ibn Sehl (r.a.) şeýle diýýär: «Bir gezek Omar ibn Abdylezize uýup, öýle namazyny okadyk. Soňra Enes ibn Mäligiň (r.a.) ýanyna gitdik. Ýanyna baran wagtymyz ol namaz okap durdy. Namazyny tamamlanyndan soň, men ondan: «Agam, bu okanyň haýsy namaz bolmaly?» diýip soradym. Ol: «Bu ikindi namazydyr. Bu namaz Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen wagty giren badyna okan namazymyzdyr» diýdi».