326 Ýassy namazyndan öňürti uklamagyň we ýassy namazyndan soňra gürrüňleşip oturmagyň halanmaýandygy hakda

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 326 Ýassy namazyndan öňürti uklamagyň we ýassy namazyndan soňra gürrüňleşip oturmagyň halanmaýandygy hakda

     عن أَبِي بَرْزَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ وقد قيل له: كَيْفَ كَانَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يُصَلِّي الْمَكْتُوبَةَ ؟ فَقَالَ: كَانَ يُصَلِّي الْهَجِيرَ ، الَّتِي تَدْعُونَهَا الأُولَى ، حِينَ تَدْحَضُ الشَّمْسُ وَيُصَلِّي الْعَصْرَ ، ثُمَّ يَرْجِعُ أَحَدُنَا إِلَى رَحْلِهِ فِي أَقْصَى الْمَدِينَةِ وَالشَّمْسُ حَيَّةٌ ، وَنَسِيتُ مَا قَالَ فِي الْمَغْرِبِ ، وَكَانَ يَسْتَحِبُّ أَنْ يُؤَخِّرَ الْعِشَاءَ ، الَّتِي تَدْعُونَهَا الْعَتَمَةَ ، وَكَانَ يَكْرَهُ النَّوْمَ قَبْلَهَا وَالْحَدِيثَ بَعْدَهَا ، وَكَانَ يَنْفَتِلُ مِنْ صَلاَةِ الْغَدَاةِ حِينَ يَعْرِفُ الرَّجُلُ جَلِيسَهُ ، وَيَقْرَأُ بِالسِّتِّينَ إِلَى الْمِائَةِ .

 

         Rowaýat etmeklerine görä, Ebu Berze (r.a.): „Allahyň Resuly (s.a.w.) parz namazlary nähili edip okardy?” diýip özünden soranlarynda: „Ol siziň birinji namaz diýip atlandyrýan öýle namazyňyzy Gün günbatara meýil edip başlan badyna okardy, ikindi namazyny okap bolanyndan soňra bolsa, her birimiz Medinäniň çetinde ýerleşýän öýüne Gün şöhlesi heniz gyzgynka dolanyp baryp bilýärdik. (Şu ýere ýetende hadysyň rawysy Ebu Berzäniň agşam namazy barada näme diýendigini unudandygyny habar beripdir). Ol siziň „atama” diýip atlandyrýan namazyňyz bolan ýassy namazyny yza çekmegi gowy görerdi we şol namazy okaýança uklamagy1, ony okanyndan soňra bolsa gürrüňleşip oturmagy halamazdy. Ertir namazy babatda aýdylanda bolsa, ol daňdanyň alagaraňkysynda bir adamyň ýanynda oturanyň ýüzüni saýgaryp başlaýan wagtynda ony tamamlardy we bu namaz wagtynda altmyş aýatdan ýüz aýata çenli okardy” diýip jogap beripdir.

 

1Ýassydan öň uklamak rugsat berilýän işlere ýakyn, ýöne edilmese gowy görülýän bir hereket bolup, ol mekruwhdyr. Sebäbi,uka giden adam üçin ýassy namazyny geçirmek howpy bar. Bir oýarjak adam bar bolaýmasa, şeýle bolmajagyny aýdyp bolarmy? Şonuň ýaly-da, ýassy namazyndan soňra oturyp, gürruňleşmek-de mekruwhdyr. Çünki, bu-da adamy tagatdan, gije namazyndan goýmak bilen bir hatarda, ertir namazynyň geçirilmegine-de sebäp bolup biler. Ýöne ylmy gürrüňler, myhmana hyzmat etmek, maşgalaň bilen görüşmek ýaly haýyrly işler sebäpli ukyny biraz yza çekmekde-de zyýanly zat ýok.