325 Iki namazy birleşdirip okamak hakda. Bu babatda mezhep ymamlarynyň düşünjeleri

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 325 Iki namazy birleşdirip okamak hakda. Bu babatda mezhep ymamlarynyň düşünjeleri

     عَنْ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِي اللْهُ عَنْهُمَا: أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ صَلَّي بِالْمَدِينَةِ سَبْعاً وَثَمَانِياً: الظُّهْرَ وَالْعَصْرَ ، وَالْمَغْرِبَ وَالْعِشَاءِ.

 

         Abdullah ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) öýle namazyny we ikindi namazyny birleşdirip, ýedi rekagat edip we agşam namazy bilen ýassy namazyny birleşdirip hem sekiz rekagat edip okatdy»1.

 

1Bu ýerde bir bulaşyklyk bar. Sebäbi ýedi rekagat agşam namazy bilen ýassy namazynyň, sekiz rekagat hem öýle bilen ikindi namazynyň jemi rekagatydyr. Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda bu hadysyň Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan we başga bir ýoldan beýan edilen nusgasynda: «Howp abanmaýan we saparda bolunmadyk wagtda» diýen goşmaça sözler bar. Ymam Mälik bu hakda eşidip: «Men şol wakanyň güýçli ýagyş ýagan güni bolup geçendigini çak edýärin» diýipdir. Bu hadys Müslim bilen Nesaýynyň kitaplarynda-da şu görnüşde beýan edilse-de, olarda ymam Mäligiň aýdan sözi ýok. Müzdelifede (Arafat we Mina daglarynyň aralygyndaky mukaddes ýer) agşam namazy bilen ýassy namazyny birleşdirip, ýassy wagtynda okamagyň bolýandygy barada ähli musulmanlar bir pikirdedir. Allahyň Resuly (s.a.w.) hoşlaşyk hajynda öýle namazy bilen ikindi namazyny Arafat dagynda, agşam namazy bilen ýassy namazyny-da Muzdelifede birleşdirip okadypdyr. Başga wagtda we mekanda beýle etmäge hanefi mezhebiniň alymlary we ymam Ewzaýy rugsat bermeýärler. Ýöne howp abanmagy, saparda bolunmagy we güýçli ýagyş ýagmagy ýaly sebäpler ýüze çykanda, öýle namazy bilen ikindi namazyny, agşam bilen ýassy namazlaryny bolsa käbir şertlere laýyklykda birleşdirip okamagyň mümkindigi bilen ylalaşýanlar hem köp. Ibn Omar, Urwa ibn Zübeýr (r.a.), Sagyt ibn Müseýýep, Omar ibn Abdyleziz, Ebu Bekr ibn Abdyrahman, Zühri, Ebu Seleme, Medinäniň şerigatçy alymlarynyň hemmesi, has soňraky döwre degişli alymlardan Mälik, Şapygy, Ahmet ibn Hanbal şeýle etmäge rugsat beripdirler. Olaryň pikirine görä, güýçli ýagyş namazlary birleşdirip okamaga bahana bolup biler. Olar şu hadys bilen şu manydaky köp sanly başga hadyslary delil tutunýarlar. Hanefi mezhebiniň alymlary bolsa Buhary bilen Müslimiň kitaplaryndaky Abdullah ibn Mesgudyň (r.a.) adyndan beýan edilýän: «Müzdelifeden başga ýerde hiç bir namazy Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öz wagtyndan başga wagtda okadanyny görmedim. Müzdelifede agşam namazy bilen ýassy namazyny birlikde okatdy we ertesi gün ertir namazyny wagtyndan öň okatdy» diýen hadysa esaslanyp, onuň parahatçylyk wagtynda-da, ýöriş wagtynda-da iki namazy birleşdirip okamaga rugsat berilýändigi aýdylýan ähli hadyslary we amaly ýatyrýandygyny aýdýarlar. Namazlary birleşdirip okamak bilen baglanyşykly ygtybarly hadyslarda birleşdirilip okalandygy aýdylýan namazlaryň hem birinjisiniň iň soňuna çenli gijikdirilip, ikinjisiniň bolsa wagty giräýende okalandyklary üçin, birleşdirilip okalan ýaly bolup görünýändiklerini, hakykatda bolsa,hersiniň öz wagtynda okalandygyny aýdýarlar. Bu babatda fykyhçy alymlary köp jedel edipdirler. Olaryň jedellerini gaýtalap oturmagyň hajaty ýok. Diňe bu hakda dürli pikirleriň bolandygyny görkezmek üçin, käbir mysallara ýüzleneliň. Ymam Şapygy ýagyş ýagmaýan wagtdatöweregiň batgadygysebäpli namazlary birleşdirip okamaga rugsat bermeýär. Ymam Mälik bilen Ahmet ibn Hanbal bolsa oňa rugsat berýär. Ymam Ahmet kesel degmegini we howp abanmagyny hem ýagyş ýagmagy bilen deň hasaplaýar. Onuň pikiriçe, güýçli ýagyş ýagmagy netijesinde dörän kynçylyk sebäpli namazlary birleşdirip okamak mümkin bolýan bolsa, kesel degende, howp abananda namazlary birleşdirip okamak has hem ýerliklidir. Şapygy mezhebine degişli käbir alymlar hem bu pikire goşulyşsalar-da, ymam Şapygynyň özi onuň bilen ylalaşmandyr. Häzirki döwürde ret edilen düşünjeleriň biri-de parahatçylyk wagtynda (adat edinmezlik şerti bilen) namazlary birleşdirip okamagyň bolýandygy hakyndaky düşünjedir. Bu düşünjäni Ibn Sirin, Rabyga Reý, Eşhep, Ibn Münzir, Kaffal Kebir Şaşy we hadys aýdyjylaryň bir topary goldapdyrlar. Olar gürrüňimize sebäp bolan bu hadysyň Müslimiň beýan eden nusgasyndaky: «Ibn Apbasdan: «Allahyň Resuly (s.a.w.) muny näme üçin beýle etdi?» diýip soradylar. Ol: «Ymmatyma zähmet bolmasyn diýip şeýle etdi» diýip jogap berdi» diýen sözlere esaslanýarlar. Tabarany-da Ibn Mesgudyň adyndan beýan eden bir hadysynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýle namazy bilen ikindi namazyny, agşam namazy bilen ýassy namazyny goşup okadandygy we onuň sebäbi soralanda: «Muny ymmatyma zulum bolmasyn diýip şeýle etdim» diýip jogap berendigi aýdylýar. Şonuň ýaly-da, Nesaýynyň öz kitabyna girizen rowaýatynda-da, Ibn Apbasyň (r.a.) bir gezek Basrada bir zada meşgul bolandygy sebäpli öýle bilen ikindi namazlaryny, soňra hem ýene agşam we ýassy namazlaryny yzly-yzyna okadandygy aýdylýar. Müslimiň kitabynda beýan edilişine görä, Ibn Apbasyň meşgul bolan zady hutba eken. Ol hutba okamaga ikindiden soňra başlap, ony asmanda ýyldyzlar görünýänçä dowam edipdir we soňra agşam bilen ýassy namazlaryny birlikde okadypdyr (335, 425, 426 we 427-nji hadyslara-da seret).