322 Yssy günlerde öýle namazyny yza çekmek hakda
عَنْ أَبِي ذَرٍّ الْغِفَاري رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: كُنَّا مَعَ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ في سَفَرٍ ، فَأرَادَ الْمُؤَذِّنُ أَنْ يُؤَذِّنَ لِلظُّهْرَ ، فَقَالَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: (أَبْرِدْ). ثُمَّ أَرَاد أَنْ يُؤذِّنَ ، فَقَالَ لَهُ: (أَبْرِدْ). حَتَّى رَأَينَا فَيْءَ التُّلُولِ.
Ebu Zer Gyfary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen bir ýörişe çykypdyk1. Muýezzin (azançy) öýle namazynyň azanyny aýtmak isledi.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Salkynlaýança garaş-da, şondan soňra aýt» diýdi. Muýezzin birnäçe wagt geçeninden soňra ýene azan aýtmak isledi. Allahyň Resuly (s.a.w.) ýene: «Salkynlaýança garaş-da, şondan soňra aýt» diýdi2. Biz tä depeleriň kölegeleriniň uzalandygyny görýänçäk garaşdyk»3.
1Bu ýerde namazyň yza çekilmegine, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) aýdyşy ýaly, yssy sebäpli ýüze çykjak yza we kynçylyklaryň sebäp bolandygyndan çen tutup, bu babatda ýöriş edilýän döwrüň parahatçylykly döwürden parhynyň ýokdugyny aýdyp bolar. Bu ýerde namazyň yza çekilmegi ýöriş sebäpli däldir.
2Buharynyň başga bir rowaýatynda azançynyň azan aýtjak bolmagy we namazy yza çekmelidigi baradaky buýruk üç gezek gaýtalanýar.
3Buharynyň başga bir rowaýatynda: «Kölege depeleriň beýikliginiň uzynlygyna barýança garaşdy. Şondan soňra Allahyň Resuly (s.a.w.): «Yssynyň güýçli bolmagy jähennemiň gaýnamagy sebäplidir» diýdi» görnüşinde bir bölek bar. Arabystanda gum depeleriniň esasan ýaýbaň bolýandygy sebäpli öýle namazynyň wagty gireninden soňra esli wagt geçmese, olaryň kölegeleri äşgär bolmaz. Ebu Zer Gyfary (r.a.) bu sözleri öýle namazynyň näçe wagta çenli yza çekilmegine rugsat berilýändigini görkezmek üçin aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, olar öýle namazyny bir zadyň kölegesi öz beýikliginiň uzynlygyna ýeteňkirlände okan bolup çykýarlar. Şuňa aýratyn üns bermek gerek. Bu wagtda heniz ikindi namazynyň wagty girmeýär. Sebäbi ikindi namazynyň wagtynyň kölege zatlaryň öz beýikligine deňleşende girýändigini aýdýanlara görä-de, ikindi namazynyň wagtynyň girmegi üçin kölegäniň ondan has uzamagy gerekdir. Ebu Dawudyň, Nesaýynyň we Hakimiň Ibn Mesgudyň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatlaryna görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) tomsuna kölege üç-bäş ädime, gyşyna-da bäş-ýedi ädime ýetýänçä öýle namazyny okadypdyr. Bu iki rowaýat namazyň yza çekiljek wagtynyň hem çäklidigini görkezýär. Salkynlaýança garaşjak diýip, namazy isläniňçe yza çekmek bolmaz.