321 Güýçli yssa jähennemiň gaýnamagy sebäp bolýar. Tomsuň yssysynda öýle namazyny sergin wagta çenli yza çekmegiň mustahapdygy hakda.

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 321 Güýçli yssa jähennemiň gaýnamagy sebäp bolýar. Tomsuň yssysynda öýle namazyny sergin wagta çenli yza çekmegiň mustahapdygy hakda.

Tomus pasly ýa-da gyş paslydygy bilen baglanyşyklylykda,namazlary yza çekmek ýa-da wagty giräýende okamak meselesi

 

    عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ عَنْ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (إذَا اشْتَدَّ الحَرُّ فَأَبْرِدُوا بِالصَّلاَةِ ، فَإنَّ شِدَّةَ الحرَّ مِنْ فَيح جَهَنَّمَ ، وَاشْتَكَتِ النَّارُ إلَي رَبِّهَا ، فَقَالَتْ: يَارَبِّ أَكَلَ بَعْضِي بَعْضاً ، فَأَذِنَ لَهَا بَنَفَسَيْنِ ، نَفَسٍ في الشِّتَاءِ ونَفَسٍ في الصَّيْفِ ، فَهُوَ أَشَدُّ ما تَجدُونَ مِنَ الحَرِّ ، وَأَشدُّ ما تَجِدُونَ مِنَ الزَّمْهَرِيرِ).

 

         Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Yssy güýçlense, öýle namazyny salkyn düşýänçä yza çekiň1. Sebäbi,güýçli yssa jähennemiň gaýnamagy sebäp bolýar. Jähennem Rebbine: «Ýa Rebbim, bir bölegim beýleki bölegimi ýuwutdy» diýip şikaýat etdi. Allahü tagala-da oňa iki gezek: gyşda hem-de tomusda dem almaga rugsat berdi. Biziň duýýan iň güýçli yssymyz we iň güýçli sowugymyz, ine, şudur»2 diýdi».

 

1Öýle namazyny ýaňy wagtygiräýende okaman, daş-töweregiň biraz serginlän wagtyna goýulmagyna «ibrad» diýilýär. Ibrad hakdaky bu emr beýle etmegiň wajypdygyny aňlatman, beýle edilse has gowudygyny aňladýar. Kölege bolmaýan sagatda jemagatyň üýşýän ýerine gitmek kyn bolar diýen pikir bilen, ymmata ýeňil bolsun diýlip, muňa rugsat berlipdir. Namazy wagtygiräýende okamagyň sogabynyň uludygyna bakybrak, öýle namazyny yza çekmek bilen namaz wagtynyň täzelenýändigi hakdaky pikiri öňe sürüp, käbirleri şunuň ýaly ýagdaýda okalan namazy wagty giräýende okalan namaz bilen bir hatarda goýýarlar. Sahabalaryň hemmesi, şonuň ýaly-da,tabygynlar hem şu pikir bilen ylalaşypdyrlar. Bu barada Aýny öz düşündirişlerinde bize habar berýär. Abdullah ibn Mübärek, hanefi mezhebiniň alymlary, Ahmet ibn Hanbal, Yshak ibn Rahuýa ýaly alymlar ibrada öýle namazyny yza çekmek manysyny berip, ony ýagşy iş hasaplaýarlar. Ymam Şapygy bolsa bu meseläni yssy ýurtlar, jemagatyň metjitde ýygnanmagy we metjidiň daşda ýerleşmegi ýaly ýagdaýlar bilen baglanyşdyrýar. Onuň pikirine görä, aram howaly ülkelerde, yssy ýurtlarda-da tomusdan beýleki pasyllarda namazy wagty giren badyna okamagyň gowy bolşyýaly, golaýdaky metjide ýygnanan jemagat üçin, namazy ýeke özi okaýan ýa-da öýünde jemagat bilen okaýan adam üçin, uzakda ýerleşýän metjide kölegeden ýöräp gidip bilýän adam üçin namazy wagty giren badyna okamak gowudyr. Juma namazynyň,haýsy ýurtdadygyna, haýsy pasyldadygyna garamazdan, wagty giren badyna okalmagy has gowudyr. Ýöne,juma namazyny howa salkynlaýança yza çekmegi gowy hasaplanlar hem bar. Emewi hökümdarlarynyň we emirleriniň juma namazyny ikindiden hem soňa çenli yza goýmagy endik etinmekleri bu rugsadyň ýerliksiz ulanylmagydyr. Mäligiň mezhebine uýan Eşhep yssy döwürlerde öýle namazy bilen birlikde,ikindi namazyny hem yza çekmek, Ahmet ibn Hanbal tomsuna agşam namazyny yza çekmek, Ibn Habyp bolsa ýassy namazyny gyş gijeleri yza çekmek, tomsuna bolsa wagty giren badyna okamak bilen ylalaşýarlar. Eşhep bilen Ahmet bu ýagdaýy howanyň yssy bolmagy bilen baglanyşdyrsalar, Ibn Habyp gyş gijesiniň uzyn, tomus gijesiniň gysga bolmagy bilen baglanyşdyrýar.

2Ýeriň ýüzünde güýçli yssa jähennemiň gaýnamagynyň sebäp bolmagynyň göçme mana eýe bolşy ýaly, oduň şikaýat etmeginiň we dem almagynyň hem göçme manysy bar. Ýöne,buaýdylanlaryň hakykatdygyna-da aklymyz garşy çykyp bilmez. Oňa garşy çykmak üçin,onuň hakykatdygyny ýa-da däldigini barlap görmegimiz gerek. Ol bolsa kimiň elinden geljek? Ýaradylan zatlaryň ynsandan beýlekileri hem gepläp, pikirlenip bilýärmi? Ýa bilmeýärmi? Bu soraglara hem çürt-kesik jogap bermäge mümkinçilik ýok. Ony diňe Allahü tagala biler. Allahü tagala bolsa:وَ إِنْ مِنْ شَيْءٍ إِلَّا يُسَبِّحُ بِحَمْدِهِ وَلَكِنْ لَا تَفْقَهُونَ تَسْبِيحَهُمْ إِنَّهُ كَانَ حَلِيمًا غَفُورًا= «We in min şeý-in illä ýüsebbihü bi-hamdihi we läkin lä tefkahuwne tesbiýhahüm»(golaý manysy: «Oňa tesbih aýtmaýan, hamdu-sena etmeýän bir zat ham ýokdur. Ýöne,siz olaryň tesbihlerine we hamdu-senalaryna düşünmeýärsiňiz».«Isra» süresiniň 44-nji aýatyndan) diýýär. Tesbih aýtmagyň söz sözlemekdigi şübhesizdir. Her zat özüçe gürleýär. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) kuwwatly ellerinde tesbih aýdýan çagyl daşlarynyň tesbihine onuň düşünişi ýaly, onuň ýanynda bolan sahabalar hem ony gulaklary bilen eşidipdirler. Diýmek, şol wagt Haktagala olara, şol tesbihlere düşünmäge ukyply aň beripdir. Mahluklaryň özleriçe tesbih aýdyşlaryna düşünmeýşimiz ýaly, olaryň şikaýatlaryna hem düşünmän bileris. Jähennemiň öz ýagdaýyndan şikaýat etmegi, kyýamat gününde: «Dolduňmy?» diýip berlen soraga: «Ýene ýokmy?» («Kaf» süresiniň 30-njy aýaty) diýip jogap bermegi, üstünden geçjek mömine: «Eý mömin, çaltrak geç, seniň nuruň meniň ýalynymy söndürip dur» diýmegi-de şonuň ýalydyr. Bulary göçme manyly sözlere degişli etmegiň mümkin bolşy ýaly, hakykatdan hem şeýledigini ykrar edip-de bolar.