320 Namaz okaňda sejde etmegiň düzgüni

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 320 Namaz okaňda sejde etmegiň düzgüni

     عَنْ أَنَسٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ ، عَنِ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (اعْتَدِلُوا في السُّجُود ، وَلاَ يَبْسُطْ ذِرَاعَيهِ كَالْكَلْبِ ، وإذَا بَزَقَ فَلاَ يَبْزُقَنَّ بَينَ يَدَيهِ وَلاَ عَنْ يَمِينِهِ ، فَإنَّهُ يُنَاجِي رَبَّهُ).

 

         Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Sejde edeniňizde,düzgün boýunça sejde ediň1. Namaz okaýan adam gollaryny köpegiň edişi ýaly edip ýere ýazmasyn2. Tüýkürjek bolsa-da,öň we sag tarapyna tüýkürmesin. Çünki, ol Rebbi bilen gizlin söhbet edýär»diýdi»3.

 

1254-nji hadysda-da beýan edilişine görä, sejde etmegiň düzgüni iki aýaňy ýere diräp, tirsekleriňi ýerden we iki ýanyňdan üzňe saklap, garnyňy bolsa uýlugyňdan uzak tutmakdan ybaratdyr. Muňa «tejnih» diýilýär. Bu görnüş tüýs ýüregiňden tabynlygy aňlatmak bilen bir hatarda, haýal ýerine ýetirilýän hereket hem däldir. Sejde edeňde maňlaýyňy hem ýere gowy degirmelidir.

2Tirsekleriňi ýere degrip, gollaryňy uzatmaklykköpegiň oturyşyna meňzeş bir betgelşik görnüşi ýada salşy ýaly, namaza ähmiýet bermezligi we ünssüzligi hem görkezýän bir haldyr.

3262, 263, 264-nji hadyslara-da seret.