319 Bäş wagt namazyň kiçi günäleri ýuwjakdygy hakda

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 319 Bäş wagt namazyň kiçi günäleri ýuwjakdygy hakda

   عَنْ أَبِي هُرَيرَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّهُ سَمِعَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَقُولُ: أَرأَيْتُمْ لَوْ أَنَّ نَهَراً بِبَابِ أَحَدِكُمْ ، يَغْتَسِلُ فِيهِ كُلَّ يَوْمٍ خَمْسًا ، ما تَقُولُ: ذلِكَ يُبْقِي مِنْ دَرَنِهِ). قَالُوا: لاَ يُبْقِي مِنْ دَرَنِهِ شَيئا ً، قَالَ: (فَذلِكَ مَثَلُ الصَّلَوَاتِ الخَمْسِ ، يَمْحُو اللَّهُ بِهَا الْخَطَايَا) .

 

         Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Hany siz aýdyň, biriňiziň gapyňyzyň öňünden bir akar ýap geçýän bolsa, ol hem günde şol ýapda bäş wagtyna ýuwunsa, bedeniniň kirinden bir zat galarmy? Muňa näme diýersiňiz?» diýendigini eşitdim. Şol ýerdäkiler: «Kirinden hiç bir zat galmaz» diýdiler. Soňra AllahyňResuly (s.a.w.): «Bäş wagt namaz hem, ine, şonuň ýalydyr. Allahü tagala şolar bilen günäleri1 ýuwar, arassalar» diýdi».

 

1Görnüşine görä, gürrüň kiçi we uly günäler hakynda gidýän ýaly bolsa-da, alymlaryň esasy köplügi olary diňe kiçi günäler bilen çäklendirýärler. 317-nji hadysa-da seret.