318 Allahü tagalanyň iň gowy görýän amallary. Şol amallaryň hem iň başda geleni

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 318 Allahü tagalanyň iň gowy görýän amallary. Şol amallaryň hem iň başda geleni

عَنْ عَبْدِ اللَّهِ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ سَأَلْتُ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ أَيُّ الْعَمَلِ أَحَبُّ إِلَى اللهِ قَالَ الصَّلاةُ عَلَى وَقْتِهَا قَالَ ثُمَّ أَيٌّ قَالَ ثُمَّ بِرُّ الْوَالِدَيْنِ قَالَ ثُمَّ أَيٌّ قَالَ الْجِهَادُ فِي سَبِيلِ اللهِ قَالَ حَدَّثَنِي بِهِنَّ رَسُولِ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ وَ لَوِ اسْتَزَدْتُهُ لَزَ ادَنِي.

 

         Ýene Abdullah )ibn Mesgut((r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulyndan (s.a.w.): «Amallaryň haýsysyny Allahü tagala has gowy görýändir?» diýip soradym. Ol: «Wagtynda okalan namazy» diýdi. Men: «Onsoň haýsysyny?» diýip soradym. Ol: «Ejä we kaka edilen hyzmaty» diýdi. «Soňra haýsysyny?» diýip soradym. Ol: «Allahyň ýolunda edilen jihady» diýip jogap berdi»1.

Ibn Mesgut sözüni dowam edip, şeýle diýýär: «Bulary maňa Allahyň Resuly (s.a.w.) aýtdy. Soraglarymy şol tertipde dowam eden bolsam, ýene maňa jogabyny habar berjekdi».

 

[1]11, 12 we 25-nji hadyslara-da seret. Namazyň imandan soňra amallaryň iň gowusydygy şübhesizdir. Çünki, ol diniň diregidir. Eneň-ataňa hyzmat etmek hem şerigatyň ynsanyň üstüne ýüklän wajyp borçlarynyň biridir. Eneň-ataň kapyr bolsa-da, olara gowy seredip, olaryň islegini kanagatlandyrmak parzdyr. Olara janyňdan syzdyryp: «Owf» diýmek hem Kuranyň aýatlary tarapyndan gadagan edilen, şerigatyň haram hasaplaýan zadydyr. Günä iş etmegi buýurmasalar, olara tabyn bolmak wajypdyr. Allahü tagalanyňýolunda jihat hem Allahü tagalanyň Sözüni ýaýratmak we şerigat düzgünlerini düşündirmek maksady bilen,hem janyň bilen, hem baýlygyň bilen söweş etmekdir. Namazy terk eden kişi Allahü tagalanyň beýleki düzgünlerini hem aňsat terk eder. Ene-atasynyň haklaryny ödemeýän adamyň beýleki adamlaryň hak-hukuklaryna hormat goýmagyna garaşylarmy? Baýlygy we jan saglygy ýeterlik bolan adam Allahü tagalanyň Sözüni ýaýratmagy we şerigat düzgünlerini düşündirmegi möhüm hasaplamasa, onuň Allah ýakynlaşmagyna sebäp bolup biljek beýleki amallary terk etmegini geň hem görüp oturmaly däl. Bu düşündirişimiziň başynda amal bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýüz tutmagy maslahat beren hadyslarymyz bilen iň haýyrly, iň sogaply, Allahü tagalanyň iň gowy görýän amallaryndan söz açýan beýleki hadyslardaky jogaplaryň edil şol bir yzygiderlilikde we tertipde gelmeýändikleri babatda aýdylanda bolsa, bu ýagdaý olar hakda soranlar bilen olaryň soralan wagtlarynyň aýry-aýry bolmaklary bilen baglanyşyklydyr. Hezreti Pygamberler kalplaryň tebipleri bolandyklary sebäpli, ýanlaryna gelenleriň öz ruhy kesellerinden saplanmaklary üçin haýsy doga mätäç bolsalar, beýlekilerden öňürti şol dogany okamaklaryny maslahat bererler eken. Käbir ýagdaýlarda amalyň bir görnüşiniň beýlekilerinden has gowudygy jedelsizdir. Meselem, duşman gapyda durka, onuň bilen garpyşmagyň ýerine uzakdan-uzak nepil namazlaryny okamak bilen meşgul bolmak maňzyňa batmaz. Käbir ýagdaýlarda bir ajy doýurmak her dürli amallardan köp sogap gazandyryp biler. Namazyň sadakadan sogabynyň uludygynyň dogry bolşy ýaly, bir betbagt ýardama mätäç wagty berlen sadakanyň sogaby bilen, hatda, namazyň sogaby hem deňleşip bilmez. Alymlaryň käbirleri bolsa: «Bu hadyslarda amallar gowy, haýyrly atlandyrylmak bilen özara deňeşdirilmeýär. Her amalyň diňe özüne mahsus sogaby bardyr. Ýa-da bu hadyslarda: «Allahü tagalanyň gowy görýän amaly» diýmek: «Allahü tagalanyň gowy görýän amallarynyň biri» diýmegi aňladýar» diýýärler.