317 وَأَقِمِ الصَّلَاةَ طَرَفَيِ النَّهَارِ وَزُلَفًا مِنَ اللَّيْلِ («We akymyssaläte tarafeýinnehäri we zülefen minelleýli») aýaty-kerimesiniň inmeginiň sebäbi. Bäş wagt namazyň kiçi günäleri edenler üçin tobanyň ýerini tutmagy.

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 317 وَأَقِمِ الصَّلَاةَ طَرَفَيِ النَّهَارِ وَزُلَفًا مِنَ اللَّيْلِ («We akymyssaläte tarafeýinnehäri we zülefen minelleýli») aýaty-kerimesiniň inmeginiň sebäbi. Bäş wagt namazyň kiçi günäleri edenler üçin tobanyň ýerini tutmagy.

Uly günäleri etmezlik şerti bilen,wagtynda okalan bäş wagt namazyň aralarynda edilen günäleri ýuwmagy

 

 عَنْ ابْنِ مَسْعُودٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ رَجُلاً أَصَابَ مِنْ امْرَأَةٍ قُبْلَةً ، فَأَتَى النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فَأَخْبَرَهُ ، فَأَنْزَلَ اللَّهُ عَزَّ وَجَلَّ: (أَقِمْ الصَّلاةَ طَرَفَيِ النَّهَارِ وَزُلَفًا مِنْ اللَّيْلِ إِنَّ الْحَسَنَاتِ يُذْهِبْنَ السَّيِّئَاتِ). فَقَالَ الرَّجُلُ: يَا رَسُولَ اللَّهِ ، أَلِيَ هَذَا ؟ قَالَ: (لِجَمِيعِ أُمَّتِي كُلِّهِمْ).

 وعَنْهُ في روَايَةٍ قَالَ: (قَالَ لِمَنْ عَمِلَ بِهَا مِنْ أُمَّتِي).

 

       (Abdylla)ibn Mesgut (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek bir adam keseki bir zenandan bir posa aldy1. Şol adam Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip, bu ýagdaýy habar berdi. Şol wagt Allahü tagala:وَأَقِمِ الصَّلَاةَ طَرَفَيِ النَّهَارِ وَزُلَفًا مِنَ اللَّيْلِ إِنَّ الْحَسَنَاتِ يُذْهِبْنَ السَّيِّئَاتِ ذَلِكَ ذِكْرَى لِلذَّاكِرِينَ= «We akymyssaläte tarafeýinnehäri we zülezen minelleýli. Innel-hasanäti ýüzhibnesseýýi-äti. Zälike zikraa lizzäkiriýne»(golaý manysy:«We gündiziň başynda we aýagynda, gijäniň gündize ýakyn sagatlarynda namazlaryňyzy okaň. Hakykatdan hem ýagşy işler ýaman işleri gidirer. Bu ýatda saklaýanlar üçin ýatlatmadyr».«Hud» süresiniň 114-nji aýaty) diýen aýaty-kerimäni inderdi2. Ol adam: «Ýa Allahyň Resuly, bu diňe meniň üçinmi?» diýip sorady. Allahyň Resuly-da: «Ymmatymyň tutuşlygyna hemmesi üçindir» diýdi».

Buharynyň Ibn Mesgudyň (r.a.) adyndan beýan eden başga bir rowaýatynda: «Ymmatymdan bu aýata laýyklykda hereket etjek her bir adam üçindir»3 diýlipdir.

 

1Bu zenanyň ensarylardandygy mälim bolsa-da, ady belli däldir. Posa alan adam hem, ygtybarly bir maglumata görä, Ebu Ýeser Kagp ibn Amr ibn Abbat Ensary Selemidir. Ol Akaba we Bedir wakalaryna gatnaşan sahabalardandyr. Gysga boýly, garynlak bir adam bolandygyna garamazdan, örän uzyn boýly Apbas ibn Abdylmuttalyby Bedir söweşinde ýesir alan hut şonuň özüdir. Bedir söweşine gatnaşan sahabalaryň iň soňa galany bolup, hijriniň 55-nji ýylynda Medinede aradan çykypdyr (r.a.). Apbasdan (r.a.): «Owujyň içine alyp, mynjyradyp biljek adamyň bolan Ebu Ýesere nädip ýesir düşdüň?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Garşyma gelip-gelmänkä, äpet Handeme (Mekgede bir dag) ýaly boldy» diýip jogap beripdir. Alynyň (r.a.) ady bilen baglanyşdyrylýan bir rowaýat hem bar. Onda şeýle diýilýär: «Ensardan biri Apbasy ýesir alyp getirdi. Apbas: «Allahü tagaladan ant içýärin, meni bu adam ýesir almady. Meni ýesir alan ak sekilli ata münen, owadan ýüzli, kellesiniň gapdal taraplary hereketlenip duran bir adamdy. Ony araňyzda görmeýärin» diýdi. Ensaryhem: «Allahü tagaladan ant içýärin, ony men ýesir aldym, ýa Allahyň Resuly!» diýdi. Şondan soňra Allahyň Resuly (s.a.w.): «Gepleme, Allahü tagalanyň seni bir perişde bilen kuwwatlandyrandygyna kasam edýärin» diýdi».            Tirmiziniň öz kitabyna girizen rowaýatyna görä, Ebu Ýeseriň özi şeýle diýýär: «Hurma satyn almak üçin meniň ýanyma bir zenan geldi. «Öýde has gowusy bar» diýdim. Ol içeri girdi. Üstüne topulyp, öpdüm. Şondan soňra Ebu Bekriň (r.a.) ýanyna gelip, eden işimi mälim etdim. Ol: «Toba et-de, özüňi ryswa etme» diýdi. Soňra Omaryň (r.a.) ýanyna gidip, bolan işi aýtdym. Ol hem: «Toba et-de, özüňi ryswa etme, hiç kime aýtma» diýdi. Ýöne,sabyr edip bilmedim. Soňra Allahyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna gitdim. Ol bolan işi bileninden soňra: «Allahü tagalanyň ýolunda söweşe giden bir musulmanyň aýalyna nädip beýle seredip bilýäň?» diýdi. Men: «Ah! Şu sagada çenli käşgä iman getirmedik bolsam bolmaýamy?» diýip, özümi dowzahy däldirin öýtmedim. Allahyň Resuly (s.a.w.) köp wagtlap başyny aşak egdi, iň soňunda-da: «Akymyssaläte» aýaty indi». Ol şu sözleri aýdanyndan soňra gürrüňini şu hadysdaky ýaly edip dowam edýär.

2Bu aýaty-kerimede okamak buýrulan namazlaryň parz namazlardygy barada bir pikire gelnendir. Gündiziň başynda okalýan namaz ertir namazydyr, günüň aýagynda okalýan namazlar bolsa öýle we ikindi namazlarydyr. Ibn Apbas hezretleri ikinji topara agşam namazyny hem degişli edýär. Gijäniň gündize ýakyn sagatlarynda okalmaly parz namazlar hem agşam we ýassy namazlarydyr. Daňa ýakyn okalýan gije namazlaryny hem bularyň üstüne goşýanlar bar-da bolsa, ol namazlar diňe Allahyň Resuly (s.a.w.) üçin parz edilip, ymmaty üçin wajyp däldir. Ýöne,ony okamagyň sogaby uludyr. Witir namazynyň gijäniň ahyryna çenli yza çekdirilmeginiň sogaplydygy barada hem şundan netije çykarylyp bilner. Şuňa laýyklykda gijä agşam, ýassy we witir namazlarynyň degişli edildigi bolýar.

3Mundan bäş wagt namazyň kiçi günäleri edenler üçin tobanyň ornuny tutýandygy hakdaky netije gelip çykýar. Käbirleri bäş wagt namazyň kiçi we uly günäleriň hemmesini ýuwýandygy bilen ylalaşsalar hem, sünni alymlarynyň esasy köplügi birinji pikiriň tarapdarydyr. Sebäbi şu hadys bilen ondan öňdäki hadysda aýdylanlaryň üstüni: «Uly günälerden gaçylan ýagdaýynda, belli wagtda okalan namazlar olaryň aralygynda edilen günäleri ýuwarlar» hadysy-şerif ýetirýär.