354 Haýsydyr bir namazy okamagy ýadyndan çykaran kişiniň ony ýadyna düşen wagty okamalydygy hakda

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 354 Haýsydyr bir namazy okamagy ýadyndan çykaran kişiniň ony ýadyna düşen wagty okamalydygy hakda

عَنْ أَنَس بْنِ مَالِكٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ عَنِ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (مَنْ نَسِيَ صَلاَةً فَلْيُصَلِّ إذَا ذَكَرَهَا ، لاَ كَفَّارَةَ لَهَا إلاَّ ذَلِكَ: (وأقِمِ الصَّلاةَ لِذكْرِي)).

 

         Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Kim bir namazyny okamagy unutsa1, ýadyna düşen wagty okasyn. Unudylan bu namazyň öwezini şondan başga dolup biljek zat ýokdur.وَأَقِمِ الصَّلَاةَ لِذِكْرِي= „We akymyssaläte li-zikriý” (golaý manysy: «Meni ýatlamak üçin namaz oka».«Taha» süresiniň 14-nji aýaty) diýdi»2.

 

1Müslimiň kitabyndaky bir rowaýatda: «Namazy ýatdan çykaryp, uklap galsa» diýip artdyrylýar. Onuň kitabyndaky başga bir rowaýatda bolsa: «Biriňiz uklap galyp, namazynyokamasa ýa-da namaz okamagy ýadyndan çykarsa, ony ýadyna düşen wagty okasyn. Sebäbi,Allahü tagala: «Meni ýatlamak üçin namaz oka» diýýär»diýlipdir.

2Bu ýerde getirilen aýaty-kerime Allahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan aýdylypmy ýa-da Katada hadysy gürrüň berip bolanyndan soň, oňa delil hökmünde aýdypmy? Aýatyň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) agzyndan çykan bolmagy hakykata has laýyk gelýär. Munuň şeýledigine Müslimiň kitabynda beýan edilen rowaýat şaýatlyk edýär. Şol rowaýaty hem Katada habar beripdir.

Bu aýaty dürli-dürli tefsir edipdirler:

1) Içinde meni ýatlamak üçin namaz oka.

2) Seni öwüp ýatlarym ýaly, namaz oka.

3) Men ýatlanylýan wagtda, ýagny,namaz wagtlarynda namaz oka.

4) Men kitaplarda ýatlap, emr edenim üçin namaz oka.

5) Meniň ýekedigimi aňlamak üçin, menden başgasyny bilmezden namaz oka.

6) Emrimi ýatlanlygyň şükranasy üçin namaz oka.

7) Meni aňlamagy aňladýanlygy üçin namaz oka, çünki,namaz Allahü tagala ybadat etmekdir. Namazy ýatlamak Allahü tagalany ýatlamakdyr.

8) Tugruşta görä, hadysyň gurluşyna iň laýyk gelýän tefsir şeýledir: namazy ýatlan wagtyň oka, çünki,ony ýatlan mahalyň Allahü tagalany hem ýatlarsyň. Ýa bu aýat başgaça: «Namazymy ýatlan mahalyň namaz oka» hökmünde-de okalyp bilner. Dogrusyny bir Allahü tagala bilýär.

        Bu hadysdan şeýle netije çykaryp bolar: namaz okamagy unudan, şonuň ýaly-da, uklap galyp, namazyny okamadyk adama şol namazyny kaza etmek gerek. Bilkastlaýyn namaz okamadyk adamyň şol namazy kaza etmegi kaza etmediginden gowudyr. Ähli alymlaryň düşünjesi şunuň ýalydyr. Namazy bilkastlaýyn terk edene kaza etmegiň manysy ýok diýýänler hem bar. Olar beýle diýmek bilen,bilkastlaýyn terk edilen namazyň öwezini hiç bir zadyň dolup bilmejekdigini aýtmak isleýärler. Ýogsam,Omar ibn Hattap we onuň ogly Abdylla, Sagt ibn Ebu Wakgas, Ibn Mesgut, Selman Parsy (Allahü tagala olardan razy bolsun!) ýaly takwa adamlary öz içine alýan şol toparyň namaz okamagy ýeňilleşdirjek bolmadyklary öz-özünden hem düşnüklidir.

        Ýene şeýle diýlipdir: «Üzürli adama namazyny kaza etmek dogry bolýan bolsa, namazy bilkastlaýyn terk edeniň hem namazynyň kazasyny okamagy okamadygyndan has gowudyr».