352 Wagtynda okalmadyk ertir namazynyň soňra nähili edilip okalmalydygy hakda
عَنْ أَبِي قَتَادَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: سِرْنَا مَعَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ لَيْلَةً ، فَقَالَ بَعْضُ الْقَوْمِ : لَوْ عَرَّسْتَ بِنَا يَا رَسُولَ اللَّهِ ، قَالَ: (أَخَافَ أَنْ تَنَامُوا عَنِ الصَّلاَةِ). قَالَ بِلاَلٌ: أَنَّا أُوقِظُكُمْ ، فَاضَطَجَعُوا ، وَأَسْنَدَ بِلاَلٌ ظَهُرَهُ إلَى رَاحِلَتِهِ ، فَغَلَبَتْهُ عَيْنَاهُ فَنَامَ ، فَاسْتَيْقَظَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ وَقَدْ طَلَعَ حاجِبُ الشَّمْسِ ، فَقَالَ: (يَا بِلاَلُ ، أَيْنَ مَا قُلْتَ). قَالَ: مَا أُلْقِيتْ عَلَى نَوْمَةٌ مِثْلُهَا قَطُّ ، قَالَ: (إنَّ اللَّهَ قَبَضَ أَرْوَاحَكُمْ حِينَ شَاءَ ، وَرَدَّهَا عَلَيكُمْ حِينَ شَاءَ ، يَا بِلاَلُ قُمْ ، فَأَذِّنْ بِالنَّاسِ بِالصَّلاَةِ). فَتَوَضَأَ ، فَلَمَّا ارْتَفَعَتِ الشَّمْسُ وابْيَضَّتْ ، قامَ فَصَلَّى.
Ebu Katada (Harys ibn Rybyý)(r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gije Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde ýola çykypdyk1. Aramyzdan biri: «Ýa Allahyň Resuly, gije tamamlanyp barýar, düşlemegi emr edäýseň!» diýdi. Allahyň Resuly (s.a.w.) oňa: «Uklap, namazy geçirermikäňiz öýdüpgorkýaryn»diýip jogap berdi. Onda Bilal: «Men sizi oýararyn» diýdi. Şeýdip uka gitdiler. Bilal hem arkasyny öz münüp gelen düýesine ýaplap oturyşyna, namaz wagtyna garaşmaga başlady. Birden onuň hem gözleri ýumlup, uka gitdi. Allahyň Resuly (s.a.w.) oýanan wagty Günüň bir çeti görnüpdi. Ol: «Bilal, beren sözüňe näme boldy?» diýdi. Bilal hem: «Meni şu güne çenli munuň ýaly agyr uky basan däldir» diýip seslendi. Şondan soňra Allahyň Resuly (s.a.w.): «Allahü tagala islän wagtynda ruhlarymyzy aldy. Ýene islän wagty hem yzyna dolady. Bilal, galk, azana gygyr» diýdi. Şondan soňra Bilal adamlary namaza çagyrdy, ýagny,azan aýtdy2. Allahyň Resuly (s.a.w.) täret aldy. Gün ýokary galyp, gowy ýagtylan wagtda-da ýerinden turup, namaz okatdy»3.
1Bu wakanyň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) haýsy ýörişinde ýüze çykandygyny kesgitlemek, hadysçy alymlaryň pikirine görä, örän kyndyr. Onuň 226-njy hadysda beýan edilen wakadan başga bolaýmagynyň mümkindigi hem çak edilýär.
2«Azan» we «te’zin» çagyryş, yglan etmek diýmegi aňladýar. Bu kaza galan namaz üçin azan aýdylmalydygyny görkezýän bir delildir. Kaza goýlan namazlaryň öňünden azan we kamat aýtmak meselesinde alymlaryň arasynda dürli garaýyşlar bar. Hanefi mezhebine uýýan alymlara görä, kaza galan namaz üçin azan hem, kamat hem aýdylmaly. Olar Buharynyň kitabyndaky Ymran ibn Hüseýiniň adyndan beýan edilen 226-njy hadysdaky: «Namaza çagyryldy», şeýle-de, Ebu Dawut bilen beýlekileriň beýan eden rowaýatynda: «Soňra azança buýruk berip, azan aýtdyrdy. Soňra ertir namazyndan öňki iki rekagat namazy okatdy. Soňra kamat aýtdyrdy. Soňra hem ertir namazyny okatdy» diýlip, has kesgitli aýdylan sözlere esaslanýarlar. Şapygynyň ilkibaşdaky pikiri, Ahmet ibn Hanbalyň, Ebu Söwriň, Ibn Münziriň pikirleri-de, şunuň ýaly eken. Kaza galan namazlar birnäçe bolsa, birinji namazyň öňünden azan we kamat aýdylyp, beýlekileriniň öňünden diňe kamat aýdyp oňmak öz islegiňe baglydyr. Sebäbi Tirmiziniň Ibn Mesgudyň adyndan beýan eden Hendek urşy baradaky rowaýatynda: «Hendek söweşiniň bolan güni Allahyň Resulynyň (s.a.w.) dört sany namazy kaza galypdy. Ol gije düşende Bilala emr edip, azan, soňra kamat aýtdyrdy. Ondan soňra öýle namazy okaldy. Soňra Bilalyň kamat getirmegi bilen ikindi namazy okaldy. Soňra Bilalyň kamat getirmegi bilen agşam namazy okaldy. Soňra Bilalyň kamat getirmegi bilen ýassy namazy okaldy» diýlipdir. Hendek söweşi baradaky rowaýatlaryň başga birinde: «Şol namazlary azan we kamat aýtmak bilen kaza etdiler» diýilýär. Şonuň üçin hem birnäçe namazyň kazasyny bir gezekde okan adam azany gaýtalap-gaýtalamazlyk meselesinde öz islegine görä hereket edýär.
Mälik bilen Ewzaýa görä, kaza üçin azan aýtmak hökman bolman, diňe kamat getirmek bilen çäklenilýär. Şapygynyň hem soňky gelen pikiri şunuň ýaly bolsa-da, onuň egindeşleriniň köpüsiniň pikirine görä, gowusy azan aýtmakdyr. Çünki,azan aýdylandygy beýan edilen hadys ygtybarlydyr. Azan aýtmagyň hökman däldigi hakdaky pikiri öňe sürýänleriň azany kamat bilen çalşyrmaklarynda säwlik bar. Çünki, hadysda azandan soňra täret alnandygy habar berilýär. Kamat bilen namazyň arasynyň täret almak üçin bölünmegi bolup biljek zat däldir.
3Gün doganyndan tä ol ýokary galýança,geçen namazlaryň kazasyny almagyň bolmaýandygyny hanefi mezhebine uýýan alymlar şunuň bilen delillendirýärler. Bu hadysdan geçen namazlaryň kazasynyň jemagat bilen hem alnyp bilinjekdigini aňlamak bolýar.
Bu hadysdan ertir namazynyň parzyndan öň okalýan iki rekagat namazyň okalandygy aýdyň bolmaýar. Diňe Ebu Dawudyň rowaýatynda bu namazyň okalandygy açyk aýdylýar. Ymam Mälikden Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ertir namazynyň kazasyny alan güni bu namazy okandygyny ýa-da okamandygyny sorapdyrlar. Ol: «Bilmedim» diýip jogap beripdir. Şol sebäpli ertir namazynyň sünnetiniň kaza edilmegine Mäligiň mezhebine uýýan alymlaryň käbiri kaýyl däldir. Şonuň ýaly-da, Mäligiň: «Islän ony okar» diýendigi hem aýdylýar.
Bu meselede irki alymlaryň bir toparynyň düşünjesi käbir jikme-jiklikler bilen baglanyşyklydyr. Eger ertir namazynyň sünneti parzy bilen birlikde kaza goýlan bolsa, onda ikisi hem kaza edilýär. Ertiriň parzy wagtynda okalyp, diňe sünneti kaza goýlan bolsa, Muhammet ibn Hasan Şeýbananyň pikirine görä, şol namaz Gün ýokary galanyndan başlap, tä günorta bolýança kaza edilip bilner. Ebu Hanife bilen Ebu Ýusuba görä bolsa, şol namaz kaza edilmez.