183 Uklamagyň edebi

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 183 Uklamagyň edebi

 عَنْ الْبَرَاءِ بْنِ عَازِبٍ رَضِيَ الله عَنْهُ قَال: قَالَ النَّبِيُّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: (إِذَا أَتَيْتَ مَضْجَعَكَ فَتَوَضَّأْ وُضُوءَكَ لِلصَّلاةِ ، ثُمَّ اضْطَجِعْ عَلَى شِقِّكَ الأَيْمَنِ ، ثُمَّ قُلْ: اللَّهُمَّ أَسْلَمْتُ وَجْهِي إِلَيْكَ ، وَفَوَّضْتُ أَمْرِي إِلَيْكَ ، وَأَلْجَأْتُ ظَهْرِي إِلَيْكَ ، رَغْبَةً وَرَهْبَةً إِلَيْكَ لا مَلْجَأَ وَلا مَنْجَا مِنْكَ إِلاَّ إِلَيْكَ ، اللَّهُمَّ آمَنْتُ بِكِتَابِكَ الَّذِي أَنْزَلْتَ ، وَبِنَبِيِّكَ الَّذِي أَرْسَلْتَ ، فَإِنْ مُتَّ مِنْ لَيْلَتِكَ فَأَنْتَ عَلَى الْفِطْرَةِ ، وَاجْعَلْهُنَّ آخِرَ مَا تَتَكَلَّمُ بِهِ). قَالَ: فَرَدَّدْتُهَا عَلَى النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ، فَلَمَّا بَلَغْتُ : اللَّهُمَّ آمَنْتُ بِكِتَابِكَ الَّذِي أَنْزَلْتَ ، قُلْتُ: وَرَسُولِكَ ، قَالَ: ( لا ، وَنَبِيِّكَ الَّذِي أَرْسَلْتَ).

 

         Bera ibn Azyp1 (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) maňa: «Gije ýatjak bolaňda, namaz okamak üçin täret alşyň ýaly edip, bir täret al. Soňra sag tarapyňa ýatyp: «Allahümme Eslemtü Wejhi ileýke, we fewwaztü Emri ileýke we Eljetü Zahri ileýke ragbeten we rahbeten ileýke lä menjä minke illä ileýke. Allahümme Amentü bi kitäbikellezi Enzelte we bi Nebiýýikellezi Erselte»2diý. Eger şol gije öläýseň, yslam dini üçin öldügiň bolar. Bu sözler dünýäde sözlejek sözleriňiň iň soňkusy bolsun»diýdi. Şol dogany Allahyň Resulynyň (s.a.w.) huzurynda gaýtaladym. Men dogada: «Allahümme Amentü bi kitäbillezi Enzelte» diýenimden soň: «We Rasulike…..» diýdim. Allahyň Resuly (r.a.): Ýok: «We Nebiýýikellezi Erselte» bolmaly diýdi».

 

1Bera ibn Azyp Ensary Ewsi (r.a.) sahaba we sahabanyň ogludyr. Allahyň Resuly (s.a.w.) Ibn Omara (r.a.) rugsat bermeýşi ýaly, oňa-da heniz ýaşdygy sebäpli,Bedir söweşine gatnaşmaga rugsat bermändi. Ýöne ol Uhut söweşinden başlap, on dört ýa-da on bäş söweşde Pygamberiň (s.a.w.) ýanyndan aýrylmandyr. Onuň on sekiz söweşe gatnaşandygy hakynda-da rowaýat bar. Ol Ebu Musa Eşgary bilen birlikde Tuster çaknyşygynda-da bolupdyr. Sahabalaryň arasynda jedelleriň ýüze çykan zamanynda, ýagny,Jemel we Syffa wakalarynda hezreti Alynyň (keremallahu wejheh) tarapynda bolupdyr we hawaryçlar bilen hem söweşipdir.

            Ol hijriniň 72-nji ýylynda Musagap ibn Zübeýriň emirlik eden zamanynda Kufede dünýäden ötüpdir. Ol öz kakasyndan, Ebu Bekr bilen Omardan, şeýle-de, beýleki belli sahabalardan (Allahü tagala olaryň hemmesinden razy bolsun!) eşiden rowaýatlaryny gürrüň beripdir. Onuň özünden hem Ebu Jugaýfa we Abdullah ibn Ýezit Hatmy ýaly köp sanly sahabalardyr tabygynlar rowaýat edipdirler.

2 Bu gözel doganyň manysy şeýledir: «Ýa Allah! Özümi saňa tabşyrdym. Işimi saňa galdyrdym. Arkamy saňa diredim. Çünki,umydym hem Sendedir, gorkym hem Sendedir. Senden gaçyp, baryp boljak ýer bar bolsa, olhem Sensiň. Senden gutulyp baryp boljak ýer bar bolsa, ol ýene Sensiň. Ýa Allah! Inderen Kitabyňa, iberen Pygamberiňe iman getirdim!»