180 Myswak ulanmagyň artykmaçlygy
عَنْ أبي موسى رَضِيَ الله عَنْهُ قَالَ: أَتَيْتُ النَّبِيَّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ، فَوَجَدْتُهُ يَسْتَنُّ بِسِوَاكٍ بِيَدِهِ يَقُولُ أُعْ أُعْ وَالسِّوَاكُ فِي فِيهِ كَأَنَّه يَتَهَوَّعُ.
Ebu Musa Eşgary (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna bardym. Men onuň elindäki bir myswak (diş arassalanýan agajyň bölegi) bilen dişini arassalaýandygyny gördüm we agzyndaky myswagy aýyrman, ögeýän ýaly edip: «Ö, ö» diýendigini eşitdim».