178 Tüýküligiň arassadygy hakda
عَنْ أَنَسِ رَضِيَ الله عَنْهُ قَالَ: بَزَقَ النَّبِيُّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ فِي ثَوْبِهِ.
Enes ibn Mäligiň (r.a.): «Allahyň Resuly (s.a.w.) namaz okap durka köýneginiň içine tüýkürdi» diýendigi gürrüň berilýär1.
1Mundan tüýkülik bilen sümügiň arassadygy hakda netije çykarylýar (252, 263, 264-nji hadyslara-da seret). Bu meselede alymlaryň pikiri birdir. Diňe Selman Parsy (r.a.) bilen Ybraýym Nahaýy: «Gyllyk agyzdan daşyna çykanyndan soňra hapa bolar» diýipdirler.
Pygamberiň tüýküliginiň her bir gözel zatdan gözel, her bir tämiz zatdan hem has arassadygyna şübhe ýokdur. Beýleki kişiler babatda aýdylanda bolsa, tämiz agyzdan çykan tüýkülik tämizdir. Şerap içýäniň, agzy ýaraly, iriňli adamyň tüýküligi hapadyr.