174 Içine syçan gaçan doň ýagyň hökümi

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 174 Içine syçan gaçan doň ýagyň hökümi

    عَنْ مَيْمُونَةَ رَضِيَ الله عَنْهَا أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ سُئِلَ عَنْ فَأْرَةٍ سَقَطَتْ فِي سَمْنٍ فَقَالَ: ( أَلْقُوهَا وَمَا حَوْلَهَا فَاطْرَحُوهُ وَكُلُوا سَمْنَكُمْ).

 

         Musulmanlaryň enesi Meýmüwne binti Harys (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulyndan (s.a.w.) doňan ýagyň içine syçan gaçyp ölse, nätmelidigini soradylar. Ol: «Syçany hem onuň töweregindäki ýagy alyp, olary zyňyň, galan ýagy hem iýiň» diýdi»1.

 

1Bu doň ýag babatda şeýledir. Eger ýag ergin bolsa, onuň hemmesi hapa saýylar. Bu hapa ýagy iýmekden başga bir zerurlyk üçin peýdalanyp bolarmy? Hanbaly mezhebine uýanlar ony islendik görnüşde ulanmagy laýyk hasap etmeýärler. Hanefi mezhebine uýanlar bolsa, ony satman, ulanmagyň mümkindigini aýdýar. Olaryň ynanjyna görä, ony diňe iýmek haramdyr. Mäligiň we Şapygynyň mezhebine uýanlara görä bolsa, diňe onuň iýilmegi we satylmagy haramdyr we başga bir zerurlyk üçin ulanmak, meselem, ondan ýakmak üçin şem ýasamak mümkindir.

Bu alymlaryň hersiniň hem öz getirýän delilleri bar.

Buhary bu hadys bilen baglanyşyklylykda mysal getirýän rowaýatlarynda: (1) Zühriniň tagamy, ysy ýa-da reňki üýtgemedik suwuň giň manyda arassadygy bilen ylalaşandygyny, (2) Hammat ibn Ebu Süleýmanyň ölen guşuň ýelegi bilen suwuň hapalanmajakdygyny aýdandygyny, (3) şeýle-de, Zühriniň: «Pil ýaly haýwanlaryň süňklerini darak, ýagdan ýasamak arkaly ulanmakda zyýan görmeýän halif alymlaryň örän köp sanlysyny gördüm» diýip habar berendigini, (4) Muhammet ibn Sirin bilen Ybraýym Nahaýynyň pil dişiniň söwdasyna zyýanly zat hökmünde garamandygyny aýdyp geçýär.

Birinji meselede Zühriniň pikirine Hasan Basry, Nahaýy, Ewzaýy we başga-da köp sanly alymlar şärik bolup, bular ýokarda agzalan häsiýetiniň biri üýtgemedik suwuň azdygyna ýa-da köpdügine garamazdan, arassadygy bilen ylalaşýarlar. Olar Ibn Majäniň dilinden ýazylyp alnan we hakykylygy hakynda köp-köp myş-myşlar dörän: «Eger ysy, tagamy, reňki üýtgemedik bolsa, suwy hiç bir zat hapalap bilmez» diýen hadysy delil hökmünde ulanýarlar.

«Üç häsiýetiniň biri üýtgemedik az mukdardaky suwa hapa zat gaçsa, ol hapalanar» diýýän alymlara görä, suwuň näçe mukdarynyň köp bolýandygy jedellidir. Meselem, Şapyga görä, ol köp mukdarda ýygnanan suwdur. Hanefi mezhebine uýan alymlara görä-de, uly howza sygjak suwdur. Ýöne bol suwuň mukdarynyň jedelli bolşy ýaly, uly howzuň nähili bolýandygy hem jedellidir. Bu howuz käbirleriniň pikirine görä 8x8, käbirleri görä 10x10, ýene birlerine görä 15x15, has köp sanly topara görä-de 20x20 tirsekdir. Munuň jikme-jik düşündirişi şerigat kitaplaryndadyr. Ikinji meselede Ebu Hanife Hammat bilen pikirdeşdir. Bularyň mezhebine görä, uçýan we uçmaýan jandaryň jesediniň tüýüni ýuwup, ulanyp bolar. Ölen haýwanyň süňküne degişli bolan beýleki iki meseläniň hem jedelli taraplary bar. Ebu Hanife bilen sahabalar süňkleriň umuman arassadygy, Mälik bilen Şapygy bolsa, tersine, hapadygy bilen ylalaşýarlar. Ymam Muhammet pili aslynda hapa haýwan hasaplandygy üçin, bu babatda Şapygy bilen pikirdeşdir.