172 Harra wakasy

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 172 Harra wakasy

     عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ رضي الله عنه قَالَ: قَدِمَ أُنَاسٌ مِنْ عُكْلٍ أَوْ عُرَيْنَةَ ، فَاجْتَوَوُا الْمَدِينَةَ ، فَأَمَرَهُمْ النَّبِيُّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ بِلِقَاحٍ ، وَأَنْ يَشْرَبُوا مِنْ أَبْوَالِهَا وَأَلْبَانِهَا، فَانْطَلَقُوا ، فَلَمَّا صَحُّوا قَتَلُوا رَاعِيَ النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ، وَاسْتَاقُوا النَّعَمَ ، فَجَاءَ الْخَبَرُ فِي أَوَّلِ النَّهَارِ ، فَبَعَثَ فِي آثَارِهِمْ ، فَلَمَّا ارْتَفَعَ النَّهَارُ جِيءَ بِهِمْ ، فَأَمَرَ فَقَطَعَ أَيْدِيَهُمْ وَأَرْجُلَهُمْ ، وَسُمِرَتْ أَعْيُنُهُمْ ، وَأُلْقُوا فِي الْحَرَّةِ يَسْتَسْقُونَ فَلا يُسْقَوْنَ.

 

         Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Ukl we uraýna tirelerinden bolan käbir adamlar Medinä geldiler. Olarabu ýeriniň howasy ýakman, aşgazanlary agyrany (ýa-da dokumalaryna suw ýygnanandygy) sebäpli,Medinede galmak islemediler. Allahyň Resuly (s.a.w.) musulmanlaryň umumy gaznasyna degişli süýtli düýeleriň bakylýan ýerine gidip, düýeleriň süýdünden we peşewinden içmegi olara emr etdi. Olar diýlen ýere gitdiler. Sagalanlaryndan soňra hem,Allahyň Resulynyň (s.a.w.) çopanyny öldürip we düýelerini öňlerine salyp gitdiler. Bu habar säher bilen gelip ýetip, Allahyň Resuly (s.a.w.) olaryň yzyndan adam ýollady1. Gün ýokary galýança näkesleri tutup getirdiler. Allahyň Resuly (s.a.w.) eden işleriniň öwezine ellerini, aýaklaryny kesmegi emr etdi. Bu haramzadalaryň gözleri-de oýulup, olary Harra2 diýilýän ýere taşladylar. Olar näçe suw dileseler hem, olara suw berilmedi. Olar şonlugyna-da öldüler»3.

 

1Bu garakçylary yzarlamaga giden topar ýigrimi adamdan ybaratdy. Baştutanlary Gürz ibn Jabyr ýa-da Seýit ibn Zeýtdi (Allahü tagala ikisinden hem razy bolsun!).

2Harra Medinäniň daşyndaky gara daşly, günüň şöhlesine ot ýaly ýanyp duran bir ýeriň ady bolup, Ýezit ibn Mugawyýanyň zamanynda Harra wakasy diýip at alan waka şol ýerde bolup geçipdir.

3Hadysyň soňunda Buhary (bu hadysy gürrüň berenleriň biri bolan) Ebu Kylabanyň: «Ine, bular ogrulyk, adam öldürmek, iman getireniňden soňra Allahü tagala şärik goşmak ýaly uly jenaýat etmek bilen,Allahyň we Resulynyň garşysyna-da jeň edipdirler» diýendigini aýdýar we onuň bu sözleri mysal getirmegihormatly Pygamber(s.a.w.)tarapyndan: إِنَّمَا جَزَاءُ الَّذِينَ يُحَارِبُونَ اللَّهَ وَرَسُولَهُ وَيَسْعَوْنَ فِي الْأَرْضِ فَسَادًا أَنْ يُقَتَّلُوا أَوْ يُصَلَّبُوا أَوْ تُقَطَّعَ أَيْدِيهِمْ وَأَرْجُلُهُمْ مِنْ خِلَافٍ أَوْ يُنْفَوْا مِنَ الْأَرْضِ ذَلِكَ لَهُمْ خِزْيٌ فِي الدُّنْيَا وَلَهُمْ فِي الْآَخِرَةِ عَذَابٌ عَظِيمٌ=„Innemä jezääää-ülleziýne ýühaarybuwnellahe we Resuwlehuw we ýesgawne fil-arzy fesäden en ýükatteluwww ew ýüsallebuwww ew tukattaga eýdihim we erjülühüm min hyläfin ew ýünsew minel-arzy” (golaý manysy: «Allahü tagala we Resulyna garşy jeň edip, ýurtda bozuklyk etmäge synanyşanlaryň jezasy diňe ýeke-ýekeden öldürilmek, ellerini, aýaklaryny çapyp aýyrmak, ýa bolmasa, ýurtdan sürgün etmekdir». «Maide» süresiniň 33-nji aýaty) diýen aýaty-kerimäniň beýik höküminiň ýerine ýetirilendigini habar bermek islemegi bilen baglanyşyklydyr.

Bu waka hakynda Buharynyň kitabynda gysgaça gürrüň berilýändigi üçin,«Kütübi-siýere» salgylanmak bilen,ony has giňişleýin beýan edeliň. Gysgarak bolany üçin,«Sireýi-Dahlaniýýe» kitabyny esas edinýäris. Bu ýazaryň beýan etmegine görä, Ukl we Uraýna diýilýän ýerlerden bolan adamlara garşy kuraýyş taýpasynyň ýolbaşçylarynyň biri, Mekgäniň boýun egdirilen ýylynda şehit bolan Gürz ibn Jabyr Fehriniň baştutanlygynda bir topar ýollandy. Waka hijretiň altynjy ýylynda, bir rowaýata görä, şowwal aýynda bolup geçdi. Onuň ýüze çykmagyna şeýle bir ýagdaý sebäp bolupdy. Ukl we uraýna tirelerinden ýedi ýa sekiz adam Allahyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna gelip, yslam dinine wepaly boljakdyklaryna kasam edip, kelemelerini öwrüp, musulman bolandyklaryny mälim etdiler. Bu adamlar Medinä gelenlerinde hassa bolup, meňizleri saralyp, garynlary çişip durdy. Olar: «Ýa Allahyň Resuly, biz garyp adamlar. Bize pena bol, iýdir, içir» diýip haýyş etdiler. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w.) olary Syffadaky sahabalaryň arasyna ugratdy. Ol ýerde biraz ýaşanlaryndan soň, Medinäniň suwunyň we howasynyň saglyk ýagdaýlaryna peýda bermändigi üçin, Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w.) ýanyna gelip: «Ýa Allahyň Resuly, biz çölde ýaşamaga endik eden goýun, düýe çopanlarydyk. Çemenzarlyga, bagy-bakja bol ýerlerde ýaşamak endigimiz ýok. Medinede ýaşamak hoşumyza gelmeýär. Düýeleriňiziň bakylýan ýerine gitmäge rugsat beräýseňiz» diýdiler. Allahyň Resuly (s.a.w.) bularyň haýyşyny kanagatlandyryp, ýanlaryna bir çopany hem goşup, olara bir düýe sürüsini bölüp bermäge buýruk berdi. Bu düýeler sadaka düýeleridi, ýagny döwlet gaznasyna degişli düýelerdi. Allahyň Resuly (s.a.w.) olara: «Düýeleriň bakylýan ýerine gidip, süýdüni we peşewini içip, özüňizi bejeriň»diýdi.

Bular şol ýere ugradylar we şol ýerde özlerini bejerip sagaldylar. Keselden gutulanlaryndan soňra-da,musulman dininden çykyp, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) çopany Ýesary (r.a.) öldürip, düýeleri öňlerine salyp gitdiler. Ýesar Allahyň Resulynyň (s.a.w.) azat eden guludy. Haýyn kapyrlar ony öldürenlerinde elini, aýagyny çapdylar we gözlerine tiken çümdürdiler. Beýleki käbir «Siýer» kitaplaryna görä, onuň ýüreginiň üstünden tiken çümdürip we gözlerine tiken batyryp, ölýänçä şol ýagdaýda sakladylar. Bu waka barada Medinä habar geleninden soň, Allahyň Resuly (s.a.w.olary yzarlamak üçin ýigrimi atlyny iberip, olara Gürz ibn Jabyr Fehrini ýolbaşçy belledi. Gürz ibn Jabyr (r.a.) olary tutup, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna getirdi.

Hormatly Pygamber (s.a.w.) hem musulman dininden dänendikleri, iýenlerine hyýanat edendikleri, ejir çekdirip, adam öldürendikleri üçin, eden işleriniň jezasy hökmünde olaryň elini-aýagyny çapmaga we gözlerini oýmaga buýruk berdi. Ýokarda gürrüňi edilen aýat şu waka sebäpli inipdi.

«Kütübi-Siýerde» bu waka gysgaça şunuň ýaly beýan edilýär. Munuň Buharynyň öz kitabyna girizen hadysyna meňzeşdigi şübhesizdir...

Buhary bu hadysy ýedi ýerde we dokuz gezek orta çykarsa, Müslim hem hadyslary öz içine alýan kitabynyň «Hudud» diýen babynda ýedi gezek, şonuň ýaly-da,Ebu Dawut «Kitabut-tahare» eserinde bäş gezek we Nesaýy öz kitabynyň «Muharebe» diýen babynda dört gezek orta çykarýar. Hadys kitaplarynyň arasynda iň ygtybarlylary bolan alty sany hadys kitabynyň iň gowulary we iň ygtybarlylary hasaplanýan (ýokarda atlary tutulan) dördüsinde ýigrimi bäş gezek gaýtalanyp we Ebu Awana, Ibn Sagt, Tabary, Tabarany, Abdyrrazzak, Ibn Talha, Ibn Hybban, Ibn Yshak, Wakydy ýaly köp adamlar tarapyndan hem köp gezek gürrüň berlen bir hadys hakynda şübhe etmek musulmana gelişjek iş däl.

Musulmanlaryň ynanjyna görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) her bir eden işi sogapdyr. Ýaradanyň razylygyna mynasypdyr. Sebäbi hezreti Muhammet (s.a.w.) bilen baglanyşyklylykda inen: فَسَتُبْصِرُ وَيُبْصِرُونَ= „We inneke le-alä hulukyn azyýmin” (golaý manysy:«Sen keremlerimi we haýyrlaryň ulusyny özünde jemlän örän beýik, örän gözel ahlak we häsiýet bilen ýaradylansyň»(«Kalem» süresiniň 4-nji aýaty), şeýle-de:وَمَا يَنْطِقُ عَنِ الْهَوَى • إِنْ هُوَ إِلَّا وَحْيٌ يُوحَى= „We mä ýentyku anil hewä. In hüwe illä wahýün ýuhä”(«Ol özünden, islegine tabyn bolup sözlemez. Sözlän zatlarynyň hemmesi özüne bildirilen wahydan ybaratdyr».«Nejm» süresiniň 3-4-nji aýatlary), şonuň ýaly-da:مِنْكُمْ وَمَا آَتَاكُمُ الرَّسُولُ فَخُذُوهُ وَمَا نَهَاكُمْ عَنْهُ فَانْتَهُوا=„We määä ätäkümürresuwlü fe-huzuwhü we mä nehäküm anhü fentehuw”(golaý manysy:«Hudaýyň resuly size näme emr etse, ýerine ýetiriň. Size nämäni gadagan etse, ondan ýüz öwrüň»(«Haşr» süresiniň 7-nji aýatyndan) diýen aýaty-kerimeler ýaly aýatlar örän köp bolup, olary sanap çykmak hem kyn. Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w.) sözi, işi we düşündirişi biziň üçin Allahyň kanunlarydyr. Onuň bu näkesler babatda özüni alyp barşy-da (Allahü tagala görkezmäwersin!),haram, ahlaksyzlyk hasaplanan işler ýüze çykanda wahy ýoly bilen emr edilen, Ýaradanyň razylygyna doly mynasyp bir hereketdir.

Bu kapyrlar hezreti Pygamberimizden (s.a.w.) imanyň esaslaryny öwrenip, musulmanlaryň we Syffanyň ilatynyň arasynda ýaşamaga ýer, iýmäge iýmit alyp, dertlerine şypa tapýançalar,özlerine bir süri düýe ynanylyp, soňra hem özlerine gelip-gelmänkäler, şunça nygmatlara hyýanat edip, Allahü tagala dil ýetiren, pitne turzan, ogurlyk eden, garakçylyga ýüz uran, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) azat eden guluny öldürip, beden agzalaryny çapyp taşlap, ýüreginiň aşagyna we gözüniň içine tiken çümdürip, ýogalýança azap çekdirip, şeýle agyr jenaýatlary eden adamlardy. Allahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan özlerine rowa görlen agyr jeza öz eden işlerine laýyk gelip, öldürileniň öwezine birini öldürmek hakdaky emr bilen baglanyşyklydy. Bular:وَلَا تَأْخُذْكُمْ بِهِمَا رَأْفَةٌ فِي دِينِ اللَّهِ إِنْ كُنْتُمْ تُؤْمِنُونَ بِاللَّهِ وَالْيَوْمِ الْآَخِرِ = „...We lä tehuzküm bihimää rafetün fiý diýnillähi in küntüm tüminüwne billähi wel-ýewmil-ähyry”(golaý manysy:«...Eger-de siz Allahü tagala we kyýamat gününe ynanýan bolsaňyz, Allahü tagalanyň emrini ýerine ýetireniňizde,olara nebsiňiz agyrmasyn»(«Nur» süresiniň 2-nji aýaty) diýen aýat degişli bolan we günäleriniň geçilmegine, merhemet edilmegine, azaplarynyň ýeňledilmegine hukugy bolmadyk jandarlardy. Öldürileniň öwezine adam öldürmek, edenini egni bilen çekdirmek babatda bolsa:فَمَنِ اعْتَدَى عَلَيْكُمْ فَاعْتَدُوا عَلَيْهِ بِمِثْلِ مَا اعْتَدَى عَلَيْكُمْ= (golaý manysy: «Her kim size zulum etse, diňe onuň eden işine deň bolan zulum bilen garşy çykyň, ýagny öz edeninden artyk zulum edip, özüňiz zalym bolmaň».«Bakara» süresiniň 194-nji aýatyndan), şeýle-de:وَكَتَبْنَا عَلَيْهِمْ فِيهَا أَنَّ النَّفْسَ بِالنَّفْسِ وَالْعَيْنَ بِالْعَيْنِ وَالْأَنْفَ بِالْأَنْفِ وَالْأُذُنَ بِالْأُذُنِ وَالسِّنَّ بِالسِّنِّ وَالْجُرُوحَ قِصَاصٌ= „We ketebnä aleýhim fiýhäää ennennefse binnefsi wel aýne bil-aýni wel-enfe bil-enfi wel-üzüne bil-üzüni wesinne bissinni wel-jüruwhe kysaasün” (golaý manysy: «Biz Ysraýyl taýpasyna Töwratda janyň öwezine jan, gözüň öwezine göz, burnuň öwezine burun, gulagyň öwezine gulak, dişiň öwezine diş almagy emr etdik. Ýaralaryň-da her haýsyna şeýle düzgüni degişli et».«Maide» süresiniň 45-nji aýatyndan) diýen mukaddes sözleriň açyk deliline esaslanylyp hereket edilipdi. Hususan hem, şol döwürde heniz ýaňy kemala gelen yslam döwletiniň güýçden başga bir maslahatça boýun bolmajak bular ýaly näkesleriň täze yslam hökümetini esaslandyryjylara kast etmekleriniň öňüne diwar galdyrmaga we gözlerini gorkuzmaga mejbur bolandygyna düşünilse, bu näkesler hakynda edilen şeýle rehmetden we olara bildirilen söýgüden soňrabu adyl jezanyň nähili beýik syýasatyň nyşanydygy öz-özünden düşnükli bolar. Sebäbi,şol döwürlerde yslam heniz güýjüne girmändi. Onuň serhetleriniň çägi Medinäniň diwarlaryndan aňry geçmeýärdi. Günä geçmek bolsa, aslynda ejizlerden däl-de, güýçli, kuwwatly adamlardan çyksa, gowy bolar. Aslynda ejiz bolanyň günä geçmegine ejizlikden başga zat diýip düşünilmez. Güýjüň we kuwwatyň höküm sürýän döwründe bolsa, günä geçmegiň gymmaty artar. Mysal üçin, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu eden işiniň, musläni gadagan etmek hakyndaky hadysy-şeriflere esaslanýan bir söze görä, ýatyrylmagy muňa şaýatdyr.

«Musle» sözüniň iki sany manysy bardyr. Biri kysas (öldürilen adamyň öwezine bir adamyň öldürilmegi) we edeniňi egniň bilen çekmekdir. Mysal üçin, Süweýt ibn Mukarryň dilinden ýazylyp alnan hadysdaky: «Öz edişi ýaly edip, öjüni al» diýen sözleriň manysy şoňa kybap gelýär.

«Musle» sözüniň beýleki manysy bolsa öldürileniň burnuny, gulagyny ýa-da beýleki bir agzasyny kesmegi aňladýar. Soňra ýatyrylan musle, ine, şudur. Jedele sebäp bolan hadysy-şerifde duşýan «musle» sözüniň bu manylaryň ikisini hem aňladýandygy üçin, käbir alymlar Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu işiniň ýatyrylandygy bilen ylalaşmaýarlar we erbetlik edenlere garşy erbetlik etmegiň ýatyrylmagy diýip düşünýärler. «Musle» sözüniň ýokarda gürrüňi edilen ikinji manysyna gabat gelýän işleriň gadagan edilmegini habar berýän hadysy-şerifleriň sany örän köpdür. Meselem: «Allahyň azaby, ýagny,otda ýakmak, daglamak bilen ejir çekdirmäň»diýen hadys-şerif günäkäri oda ýakmagy, gyzgyn çiş bilen daglap, ejir çekdirmegi, şeýle-de başga bir hadys-şerif musläniň janly haýwanlar babatynda ulanylmagyny, şeýle-de: «Her kim başgadan saçyny ýolmak ýoly bilen aryny alsa, kyýamat gününde Allahyň ýanynda gadyry bolmaz»diýen hadysy-şerif hem saç, sakgal ýolup, olary reňke boýamak ýoly bilen ar almagy gadagan edipdir.

Peşewleri içmek babatda aýdylanda bolsa, çarwa araplaryň düýäniň siýdigini bejergi hökmünde ulanýandyklary hakykatdyr. Hatda yslam tebipleriniň ýoluny dowam etdirijilerden saýylan Dawut Antakynyň ýatlamasynda peşewleriň tebipçilikde ulanylýandygy bellenilip geçilipdir. Ady tutulan ýazar, umuman, peşewiň ýedi dürli kesele dermandygyny aýdýar we düýäniň peşewiniň adamyň peşewinden soňra ähli beýleki peşewlerden şypalydygyny belleýär.

«Haýatül-Haýawan» kitabyny ýazan Kemaleddin Demiri hem düýäniň peşewiniň iki keseli bejerýändigini beýan edýär.

«Sirei-Halebiýýe» kitabynda-da bu waka beýan edilmek bilen,çarwa araplaryň bejergi hökmünde düýäniň köşeginiň peşewini sowamanka içýändikleri beýan edilip, nädip içýändikleri düşündirilýär.

Buharynyň düşündirişinde bu hadysda agzalan düýeleriň siýdikleriniň bedeniň dokumalarynda suwuklyk ýygnanma keseliniň bir görnüşine derman bolandygy aýdylýar.

Inen düýäniň siýdiginiň hapadygy alymlaryň arasynda jedelli meseledir. Käbirleri bu hadysy delil hökmünde kabul edip, eti iýilýän haýwanyň peşewiniň arassa bolýandygyna ynanypdyrlar. Ymam Mälik, Ymam Ahmet ibn Hanbal, Ebu Hanifäniň (Ymam Agzamyň) mezhebine degişli Ymam Muhammet, şapygy mezhebiniň wekilleri Ystahry we Rawýany, şeýle-de bu topara degişli alymlardan öň ýaşan geçen tabygynlardan Şagby, Ata, Nahaýy, Zühri, Ibn Sirin, Sufýan Söwri ýaly adamlaryň hemmesi bu topara girýär.

Ymam Ebu Hanife bilen Ymam Şapygy, şeýle-de Ebu Hanifäniň mezhebiniň wekili Ebu Ýusup, Şapygynyň mezhebiniň wekili Ebu Söwr ýaly alymlar bolsa peşewleriň hemmesiniň hapadygy hakda karar çykarypdyrlar. Ýöne bularyň pikirine görä, eti iýilýän haýwanlaryň peşewleriniň hapalygy az-maz hapa bolmakdan aňry geçmez. Peşewleriň hemmesiniň hapadygyny tassyklaýan alymlar: «Peşewden ägä boluň, çünki gabyr azabynyň köpüsi şol sebäplidir» diýen hadysy-şeribi delil tutunýarlar.

Peşewleriň hemmesiniň hapadygy we ony içmegiň haramdygy hakdaky pikire eýerýänler hem olaryň bejergi hökmünde ulanylmagynyň mümkindigi ýa-da mümkin däldigi hakda jedel etmeseler-de, mejbur bolnan ýagdaýynda we käbir şertlerde haram zat bilen kesel bejermäge şerigatçy alymlaryň hemmesi fetwa beripdirler. Şonuň üçin hem hezreti Pygamberimiziň (s.a.w.) bu kapyr hassalara düýeleriň süýdünden we peşewinden içmegi emr etmegini peşewleriň hapadygy bilen razylaşýan alymlar bejergi niýeti bilen berlen maslahat we örän zerur bolan zat hökmünde kabul edýärler.

Düýäniň peşewini arassa hasap edýänleriň bolsa esasy delilleri şu hadysdyr.