169 Aýbaşynyň gany degen köýnegi nädip arassalamalydygy hakda

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 169 Aýbaşynyň gany degen köýnegi nädip arassalamalydygy hakda

عَنْ أَسْمَاءَ رَضِيَ الله عَنها قَالَتْ: جَاءَتْ امْرَأَةٌ النَّبِيَّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ فَقَالَتْ: أَرَأَيْتَ إِحْدَانَا تَحِيضُ فِي الثَّوْبِ كَيْفَ تَصْنَعُ قَالَ: (تَحُتُّهُ ، ثُمَّ تَقْرُصُهُ بِالْمَاءِ ، وَتَنْضَحُهُ ، وَتُصلى فِيهِ).

 

       Esma binti Ebu Bekr (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir aýal1 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip: «Ýa Allahyň Resuly, birimiz köýnegine aýbaşynyň ganynyň degendigini görse, näme etsin?» diýip sorady.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Köýneginiň gan degen ýerini owkalanyndan soň, şol ýeriň üstüne suw akydyp, syksyn. Soňra ýuwaş-ýuwaşdan suw akytsyn. Şondan soňra şol köýnegi bilen namaz okap biler»diýdi».

 

1Ymam Şapygynyň ygtybarly hasaplanýan rowaýatyndan çen tutsaň, bu zenan Esmanyň (r.a.) özümiş.