168 Huzaýfa ibn Ýemanyň Allahyň Resulyny (s.a.w.) penalamagy

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 168 Huzaýfa ibn Ýemanyň Allahyň Resulyny (s.a.w.) penalamagy

و في رواية عنه رَضِيَ الله عَنه فَانْتَبَذْتُ مِنْهُ فَأَشَارَ إِليَّ فَجِئْتُهُ فَقُمْتُ عِنْدَ عَقِبِهِ حَتَّى فَرَغَ.

 

       Bu hadysyň başga bir nusgasynda Huzaýfa ibn Ýemanyň: «Allahyň Resulyndan (s.a.w.) daşlaşdym. Ol maňa yşarat etdi. Ol işini bitirýänçä, onuň göwresini ilden gizlemek üçin,arka tarapynda durdum» diýendigi hem aýdylýar.1

 

1 Ahmet Naim bu hadysa hiç hili düşündiriş bermändir. Ýöne bu meseläniň biziň adamlarymyz tarapyndan örän möhüm hasaplanýandygyny göz öňünde tutup we bu hadysyň şübhe döretmeginden çekinip, oňa başga adamlar tarapyndan berlen düşündirişlere ýüzlenmäge mejbur bolduk. «Hadis ansiklopedisi. Kütübi Sitte» atly kitabyň onunjy jiltiniň 98-101-nji sahypalarynda bu mesele barada ýörite durlup geçilipdir. Ol ýerde şeýle sözler bar: «Ebu Waýylyň ýolundan gelip ýeten bir rowaýatda şeýle diýilýär: «Ebu Musa (r.a.) üstüne peşew syçramazlygy barada örän köp aladalanardy. Hatda ol buşuganda-da çüýşäniň içine buşugardy. Ol: «Ysraýyl taýpasyndan biriniň bedenine peşew degäýse, derisindäki peşew degen ýeri pyçak bilen gazardy» diýerdi.

Ebu Musanyň bu bolşy barada eşiden Huzaýfa (r.a.) şeýle diýdi: «Dostuňyzyň bu barada aşa aladalanmazlygyny islärdim. Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen bilelikde bolan bir günümiz ýadymda galypdyr. Biz gapdallaşyp ýöräp barýardyk. Öňümizden bir kowumyň bir tarapy diwary baryp direýän hapa dökýän ýeri çykdy. Pygamberimiz (s.a.w.) edil siziň biriňiziň dik duran ýerinde buşugyşy ýaly edip, dik duran ýerinde kiçi täretini bozdy. Men şol wagt onuň ýanyndan aýrylmak isledim. Ol golaýyna gelmegimi yşarat etdi. Men yzyma dolanyp, ol kiçi täretini bozup bolýança arka tarapynda garşy tarapa bakyp durmak bilen garaşdym» (Buhary. «Wudu» 62.60.61; «Mezalim» 27. Müslim. «Taharet» 73, 74, (273). Ebu Dawut. «Taharet» 12, (23). Tirmizi. «Taharet» 9, (13). Nesaýy. «Tahater» 24, (3, 25)).

 

Düşündiriş:

 

1) Yzda beýan ediljek käbir rowaýatlardan belli boljagyna görä, erkek adamlaryň kiçi täretlerini dik duran ýerlerinden bozmaklary gowy görülmändir we bu işi çommalyp etmekleri maslahat berlipdir. Şonuň ýaly-da, bu maslahatyň beýle etmegiň hökmandygyny, wajypdygyny aňlatmaýandygyny görkezýän rowaýatlar hem bar. Ine, gürrüňini edýän hadysymyz şolaryň hilindendir. Çünki, onda Pygamberimiziň (s.a.w.) dik duran ýerinde kiçi täretini bozandygy habar berilýär.

Bu meseläni derňän Ibn Hajar şol döwrüň araplarynyň erkek kişileriniň adatça dik duran ýerlerinde buşugandyklaryny mälim edýär. Çünki, käbir rowaýatlar Allahyň Resulynyň (s.a.w.) çommalyp oturyp kiçi täretini bozýandygyny gören adamlaryň muny örän geňirgändiklerine şaýatlyk edýär. Meselem, Abdyrahman ibn Hasanyň habar beren rowaýatynda şeýle diýilýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.) çommalyp oturyp kiçi täretini bozdy. Biz: «Allahyň Resulyna bakyň, zenanlaryň buşugyşy ýaly buşugýar» diýdik»... Ibn Majäniň kitabynda ýerleşdirilen bir rowaýatda-da: «Dik duran ýeriňde buşugmak araplaryň adatydy» diýilýär. Gürrüňini edýän hadysymyzda-da: «... Edil siziň biriňiziň dik duran ýerinde buşugyşy ýaly edip, dik duran ýerinde kiçi täretini bozdy» diýen sözler bar.

Allahyň Resuly (s.a.w.) çommalyp buşugylanda bu işi has gizlin edip bolýandygy, üstüňe peşew syçramak howpunyň hem azalýandygy üçin, soňra çommalyp oturan ýagdaýynda kiçi täretini bozmaga başlapdyr. Hezreti Äşe (r.a.) hem: «Özüne Kuran inip başlan gününden başlap Allahyň Resuly (s.a.w.) dik duran ýerinde buşukmady» diýipdir.

2) Hadysdaky «hapa dökülýän ýer» diýen aňlatma arap dilindäki tekstdäki «sübäte» sözüniň terjimesidir. Bu sözi küllük diýip hem terjime etmek mümkin. Araplar birnäçe maşgalanyň hapa-hupalaryny, küllerini atýan ýerine «sübäte» diýipdirler. Ol adatça öýlere ýakyn bir ýerde ýerleşipdir. Bu ýerdäki üýşmek çöp-çörden, külden ybarat bolany üçin ýumşak häsiýetli bolup, peşewiň syçramagyna, egin-eşigiňi hapalamagyna ýol berjek däldi.

3) Hadysda Allahyň Resuly (s.a.w.) kiçi täretini bozmaga başlan mahaly Huzaýfanyň onuň ýanyndan daşlaşandygy, ýöne Pygamberimiziň (s.a.w.) ony ýanyna çagyrandygy habar berilýär. Ibn Hajar Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu hereketiniň onuň öz öňünde goýan iki maksady bilen baglanyşykly bolan bolmagynyň mümkindigini mälim edýär. Onuň pikirine görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) Huzaýfanyň özüni bu halda daşdan synlamagynyň öňüni almak ýa-da onuň bir zerurlyk sebäpli çagyranda sesini eşidip bilmegini ýa-da eden yşaratyny görüp bilmegini üpjün etmek islän bolmagy mümkindir.

4) Ibn Hajar: «Hadysdan kiçi täretiňi bozaňda gepleşmek bolýandygy barada netije çykarmak dogry däldir» diýýär. Hadysyň käbir nusgalarynda: «Ýanyma gel!» diýdi» diýilýän hem bolsa, başga birnäçe nusgalarynda: «... Golaýyna gelmegimi yşarat etdi» diýlipdir. Gürrüňini edýän nusgamyzda-da bu ýagdaýda Pygamberimiziň (s.a.w.) yşarat edendigi mälim edilýär.

5) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu ýerde öz endiginiň tersine gidip, adamlaryň geçýän ýolundan daşlaşmazlygy bu barada birnäçe çaklamalaryň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr.

a) Allahyň Resuly (s.a.w.) musulmanlaryň işleri bilen meşgul bolup, mejlisiň has uzan bolmagy we onuň kiçi täretini bozmaga örän gyssanan bolmagy mümkin. Ýöne ol şu ýagdaýda-da utanjyny ýadyndan çykarmandyr. Ol Huzaýfany, arkasynda garşy tarapa seretdirip durdurmak arkaly, gelip-geçýänler bilen arasynda perde edinipdir. Onuň öň tarapynda bolsa diwar bar eken.

b) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) käbir ýagdaýlarda ýoldan uzaklaşman hem kiçi täreti bozup boljakdygyny, muňa rugsat berilýändigini görkezmek üçin şeýle eden bolmagy hem mümkin.

Bu diňe kiçi täretiňi bozmak babatda şeýledir. Uly täretiňi bozmak üçin adamlardan uzaklaşmak, has dykgatly bolmak gerek. Çünki, onda has köp ýeriň açylyp biler.

Ýoldan uzaklaşmagyň düýp manysy örtünmek bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa bir gizlin ýere barmak we donuň etegini aşak goýbermek bilen gazanylyp bilner.

Pygamberimiz (s.a.w.) Huzaýfanyň arkasynda bukulmak üçin, ony öz ýanyna çagyrypdyr. Tabaranynyň kitabyndaky bir rowaýatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Huzaýfa: «Eý Huzaýfa, maňa perde bol!» diýip emr edendigi aýdylypdyr.

6) Ibn Hajar hadysdan çykarylýan käbir netijelere-de ünsi çekýär:

a) Bir wagtyň özünde iki sany zyýanly işiň haýsy hem bolsa birini etmäge mejbur bolnanda, olaryň zyýany has azyny saýlap almak bilen has uly zyýany aradan aýyrmaly;

b) Iki sany işi birlikde ýerine ýetirmäge mümkinçilik bolman, olaryň haýsy hem bolsa birini saýlamaga mejbur bolnanda, olaryň has bähbitlisini saýlamaly.

w) Pygamberimiz (s.a.w.) ymmatynyň möhümini bitirmäge köp wagtyny sarp ederdi. Sahabalary zyýarat edende-de olaryň ýanynda köp oturardy. Şonuň ýaly ýagdaýlarda kiçi täretini bozmak zerurlygy ýüze çykanda, ol munuň üçin adatdaky edişi ýaly uzaklara gidip ýörmän, ymmatyň işleri bilen baglanyşykly meseleleri gijikdirmegiň netijesinde ýüze çykyp biljek zyýanyň öňüni almagy has zerur hasaplapdyr.

Şonuň ýaly-da, hadysdan görnüşine görä, ol iki işden has möhümine dykgat edip, Huzaýfany özüne ýakynlaşdyrmak bilen, ony ýoldan geçjekler bilen arasyna perde etmegi, özünden daşlaşdyrmakdan öňe tutdy. Çünki, bu iki işi birleşdirmek mümkin däldir».

Soňra «Hadys ensiklopediýasy» atly kitapda şu mowzuk bilen baglanyşykly birnäçe rowaýatlar beýan edilipdir. Şol rowaýatlar we olaryň düşündirişleri bilen hem okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildik.

Bir rowaýata görä, Nafy şeýle diýipdir: «Men Ibn Omaryň (r.a.) dik duran ýerinde kiçi täretini bozandygyny gördüm» («Muwatta», «Taharet», 112 (1, 65).

Ýene bir rowaýata görä, Hezreti Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) meniň dik duran ýerimde kiçi täretimi bozandygymy gördi we: «Eý Omar, dik duran ýeriňde buşugma!» diýdi. Şondan soňra hiç haçan dik duran ýerimde buşugmadym».

Ubeýdullanyň Nafynyň adyndan, onuň hem Abdullah ibn Omaryň (r.a.) adyndan habar bermegine görä, hezreti Omar (r.a.): «Men musulman bolan wagtymdan bäri dik duran ýerimde kiçi täretimi bozmadym» diýipdir (Tirmizi, «Taharet» 8 (12). Tirmizi: «Hezreti Omardan gelip ýeten bu rowaýat has ygtybarlydyr. Mundan öňki rowaýat bolsa gowşakdyr» diýýär. Şonuň ýaly-da, ol: «Dik duran ýeriňde täretiňi bozmagyň gadagan edilmegi bu işiň haramdygyny aňlatman, beýle etmezlige höweslendirmek bilen baglanyşyklydyr. Ibn Mesgudyň (r.a.) hem: «Bir kişiniň dik duran ýerinde buşugmagy onuň öz garşysyna edýän bir gödekligidir» diýendigi habar berlipdir» diýýär.

Dik duran ýeriňde kiçi täretiňi bozmak meselesi gürrüňi köp edilýän meseleleriň biridir. Ýokarda beýan edilen rowaýatlaryň bir toparynda beýle etmäge rugsat berlip, bir toparynda-da beýle etmek gadagan edilýär. Tirmiziniň ýokarda mysal getirilen sözleri bu meseläni aňdyňlaşdyrmaga kömek edýär. Bu baradaky gadagançylyk ony haram hasap edip boljak derejedäki kesgin bir gadagançylyk däldir. Ibn Hajar şeýle diýýär: «Hezreti Alynyň, hezreti Omaryň, Zeýt ibn Sabydyň we başga-da birtopar sahabanyň dik duran ýerlerinde kiçi täretlerini bozandyklary barada rowaýatlar gelip ýetipdir. Bu rowaýatlar dik duran ýeriňde buşugmaga rugsat berilýändigini we munuň kerahet däldigini görkezýär. Diňe peşewiň üstüňe syçramagyndan arkaýyn bolsaň bolýar». Allahyň Resulynyň (s.a.w.) dik duran ýeriňde kiçi täretiňi bozmagy kesginlik bilen gadagan edendigi barada anyk bir habar gelip ýetmändir.

Ýene bir rowaýata görä, hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Kim size Allahyň Resulynyň (s.a.w.) dik duran ýerinde kiçi täretini bozandygyny aýtsa, onuň aýdanlaryna ynanaýmaň. Ol mydama çommalyp oturyp kiçi täretini bozardy» (Tirmizi. «Taharet» 8 (12), Nesaýy. «Taharet» 25 (1, 26).

Başga bir rowaýata görä, Abdullah ibn Japar (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gün Allahyň Resuly (s.a.w.) meni münüp barýan haýwanynyň ardyna aldy. Ol şonda syr hökmünde bir zat diýdi. Onuň şol aýdanyny bir kişä-de aýdyp biljek gümanym ýok.

Allahyň Resuly (s.a.w.) hajatyny ýerine ýetirmekçi bolanda, beýleki zatlardan beter bir tümmege ýa-da bir hurma agajyna duwlanmagy has gowy görýärdi» (Müslim. «Haýz» 79 (342); Ebu Dawut. «Jihat» 47 (2549).

Ýene bir rowaýata görä, Abdyrahman ibn Hasana (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) eline galkan ýaly bir zat alyp, bize tarap öwrüldi-de, ony ýere dikdi. Soňra onuň aňyrsynda çommalyp, kiçi täretini bozdy. Ýanymyzdakylaryň biri: «Serediň, täretini edil zenanlaryňky ýaly edip bozýar» diýip seslendi. Pygamberimiz (s.a.w.) onuň aýdanyny eşidipdi. Ol: «Ysraýyl taýpasynyň baştutanynyň başyna gelenini eşitmediňmi?» diýdi we sözüni şeýle dowam etdi: «Bu taýpanyň adamlarynyň eşiklerine peşew syçrasa, peşew degen ýeri pyçak bilen kesip aýyrýardylar. Baştutanlary olara beýle etmegi gadagan etdi. Ol bu eden işi üçin gabrynda azaba uçrady» (Ebu Dawut. «Taharet» 11 (22); Nesaýy. «Taharet» 26 (1, 26-28).

Bu soňky rowaýat kiçi täreti çommalyp oturyp bozmaga höweslendirýän rowaýatlaryň biridir. Çommalyp täret bozmaklygyň maksady-da şu rowaýatdan belli bolýar. Onuň maksady üst-başyňy peşewiň syçramagyndan goramakdyr...

Bu hadysyň parhly nusgalary bar. Käbir rowaýatlarda gürrüň peşewiň bedene syçramagy, käbirlerinde-de egin-eşige syçramagy barada gidýär. Bu aratapawutlardan şeýle many çykarmak mümkin: «Bu taýpanyň adamlary bedenlerine peşew syçran mahaly hamlarynyň peşew degen ýerini, egin-eşiklerine peşew syçrasa-da egin-eşikleriniň peşew degen ýerini kesip aýyrýar ekenler». «Käbir alymlar: «Bu nusgalaryň hemmesinde egin-eşigiň peşew syçran ýerini kesip aýyrmak barada gürrüň edilýär» diýseler hem, olaryň başga bir bölegi käbir nusgalarda aýdylýanlara gös-göni düşünmek bilen: «Olaryň öz hamlaryny hem kesip aýran bolmaklary mümkin. Bu ysraýyl taýpasynyň adamlarynyň boýnuna atylan göterip bolmajak ýükleriň biridir» diýipdir. Ýöne bu nusgalaryň iň ygtybarlysy bolan «Sahyhy Buhary» kitabyndaky rowaýatda peşewiň bedene däl-de, egin-eşige degmeginden söz açylýar.

Rowaýatda peşewiň syçramagyndan ägä bolmak babatda bu taýpanyň adamlarynyň üstüne dinleriniň atan agyr ýüküni çekmegi gadagan eden kişiniň, bu eden işi sebäpli gabrynda azaba uçrandygy mälim edilýär. Allahyň Resuly (s.a.w.) bu hekaýatyň üsti bilen peşewiň üst-başyňa syçramagyndan ägä bolmalydygyny sahabalaryň aňlarynda ornaşdyrmak isläpdir. Ol bu meselä sowuk-sala garaýan musulmanlaryň edil şonuň ýaly azaba duçar bolup biljekdigine olaryň ünsüni çekipdir.