167 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) täretini bozuşy we täret alşy

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 167 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) täretini bozuşy we täret alşy

    عَنْ حُذَيْفَةَ رَضِيَ الله عَنه قَالَ أَتَى النَّبِيُّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ سُبَاطَةَ قَوْمٍ فَبَالَ قَائِمًا ثُمَّ دَ عَا بِمَاءٍ فَجِئْتُهُ بِمَاءٍ فَتَوَضَّأَ.

 

         Huzaýfa ibn Ýeman (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gezek ensardan bir kowumyň hapa dökýän ýerine baryp, dik duran ýerinde buşugdy. Soňra suw getirip bermegi haýyş etdi. Biraz suw getirip berdim we ol şonuň bilen täret aldy»1.

 

1Buharynyň EbuWaýylyň adyndan beýan eden başga bir rowaýatyna görä, Ebu Musa Eşgary (r.a.) peşewiň üstüne syçramazlygy üçin örän köp alada eder eken, hatda peşew edilýän gabyň içine suw guýar eken. Ysraýyl taýpasyndan biri eşigine peşew syçradanda, ol ýiti ýarag bilen eşiginiň peşew degen ýerini kesip taşlanmyş. Huzaýfa (r.a.) bu waka hakynda eşidip: «Ah, käşgä beýle sözden, beýle işden goraýsady! Allahyň Resuly (s.a.w.) bir kowumyň hapa dökýän ýerine baryp, arasyny kesmän suw dökdi...» diýip, şu hadysy gürrüň beripdir.