165 Dinde kynçylyk döretmän, gaýtam işi ýeňilleşdirmek hakda
عن أبي هُرَيْرَةَ رضي الله عنه قَالَ: قَامَ أَعْرَابِيٌّ فَبَالَ فِي الْمَسْجِدِ ، فَتَنَاوَلَهُ النَّاسُ ، فَقَالَ لَهُمْ النَّبِيُّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: (دَعُوهُ ، وَهَرِيقُوا عَلَى بَوْلِهِ سَجْلاً مِنْ مَاءٍ أَوْ ذَنُوبًا مِنْ مَاءٍ ، فَإِنَّمَا بُعِثْتُمْ مُيَسِّرِينَ وَلَمْ تُبْعَثُوا مُعَسِّرِينَ).
Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Çarwa araplaryň biri metjidiň bir böwrüne baryp, kiçi täretini bozdy. Ol ýerdäkiler gygyryşmaga başladylar. Allahyň Resuly (s.a.w.) olara ýüzlenip: «Zat degmäň, işini bitirsin..., soňra buşugan ýerine bir gowa suw döküň. Sebäbi siz kynçylyk döretmek üçin däl-de, kyn işi ýeňilleşdirmek üçin iberilensiňiz» diýdi»1.
1Hakykat ýüzünde kyn işi ýeňilleşdirmek üçin iberilen ilçi Allahyň Resulynyň (s.a.w.) özüdir. Onuň sahabalara bu wezipäni ýöňkemeginiň göçme manysy bar. Bu çarwa arabyň ýa Akra ibn Habys, ýa-da Üýeýne ibn Hysn Fazary, ýa bolmasa, Zül-Huwaýsyra Ýemenidigi hakynda rowaýatlar bar. «Süneni-Ebu Dawut» kitabyndaky bir rowaýata görä, çyg çeken toprak gazylyp, daşaryk zyňlanyndan soň, Allahyň Resuly (s.a.w.) şol ýere bir gowa suw dökmegi buýranmyş. Müslimiň toplan bir rowaýatynda-da,Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu çarwa araby ýanyna çagyryp: «Bu metjitler kiçi täret etmek üçin, ýa-da başga bir pislik etmek üçin däldir. Bular Allahy ýatlamak, namaz okamak we Kuran okamak üçindir»diýendigi aýdylýar.
Ýene bu waka degişli bolan rowaýatlardan Ebu Dawudyň bu waka sözbaşy hökmünde getirýän bir rowaýatyny görkezmek mümkin. Şol rowaýata görä, bu çarwa arap Metjidi-Şeribe girende, ol ýerde Allahyň Resuly (s.a.w.) oturan eken. Ol adam iki rekagat namaz okap, soňundan: «Allahym, maňa we Muhammede rehmet et, başga hiç kime biziňki bilen barabar rehmet etme» diýip doga edip bolanyndan soň, hezreti Muhammet: «Eý, örän giň ýeriň daşyna çyzyk çekdiň» diýipdir. Ol çarwa hem şondan soňra ýerinden turup, bu işi edenmiş.