163 Peşewini üstüne syçradýan we başga birine töhmet atýan adamlaryň çekýän gabyr azaby

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 163 Peşewini üstüne syçradýan we başga birine töhmet atýan adamlaryň çekýän gabyr azaby

عَنْ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِيَ الله عَنْهُمَا قَالَ: مَرَّ النَّبِيُّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ بِحَائِطٍ مِنْ حِيطَانِ الْمَدِينَةِ أَوْ مَكَّةَ ، فَسَمِعَ صَوْتَ إِنْسَانَيْنِ يُعَذَّبَانِ فِي قُبُورِهِمَا ، فَقَالَ النَّبِيُّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: (يُعَذَّبَانِ وَمَا يُعَذَّبَانِ فِي كَبِيرٍ ) ثُمَّ قَالَ: (بَلَى ، كَانَ أَحَدُهُمَا لا يَسْتَتِرُ مِنْ بَوْلِهِ ، وَكَانَ الآخَرُ يَمْشِي بِالنَّمِيمَةِ). ثُمَّ دَعَا بِجَرِيدَةٍ فَكَسَرَهَا كِسْرَتَيْنِ ، فَوَضَعَ عَلَى كُلِّ قَبْرٍ مِنْهُمَا كِسْرَةً ، فَقِيلَ لَهُ: يَا رَسُولَ اللَّهِ ، لِمَ فَعَلْتَ هَذَا ؟ قَالَ: (لَعَلَّهُ أَنْ يُخَفَّفَ عَنْهُمَا مَا لَمْ يَيْبَسَا).

 

         Abdullah ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) Medinede ýa-da Mekgede bir baglygyň deňinden geçip barýardy1. Ol şonda mazarlarynda ejir çekýän iki adamyň sesini eşitdi.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Bular azap çekýärler. Bularyň azap çekmegine sebäp bolan zat uly bir zat hem däl» diýdi-de, ýene sözüni dowam edip: «Hawa, bularyň biri siýdigini üstüne damdyrardy, beýlekisi bolsa töhmet atardy»2 diýdi.

         Soňra Allahyň Resuly (s.a.w.) hurma agajynyň ýapraklary pürdelen ter şahasyny getirmegi haýyş etdi. Ol şahany ikä bölüp, hersiniň mazarynyň üstünde birini dikdi. Ondan: «Ýa Allahyň Resuly, muny näme üçin beýle etdiň?» diýip soradylar. Ol: «Bu şahalar guraýança, belki azaplary ýeňlär» diýip jogap berdi».

 

1Bu söz rowaýatçylaryň birine degişli bolmaly. Ýöne başga bir rowaýatda bu bagyň Medinede ýerleşýändigi anyk beýan edilýär. Jabyryň rowaýatynda bagyň Ümmü Mübeşşer Ensara degişlidigi aýdylýar. Ady tutulan bu etrapda bir öwlüýä bar eken.

2Bularyň ejir çekmegine sebäp bolan zatlary Allahyň Resulynyň (s.a.w.) uly bir zat saýmazlygy,onuň birnäçe damja peşewden seresap bolunmazlygynyň ýa-da diliňe gelen birnäçe sözüň aýdylyp goýberilmeginiň, ýagny,edilmegi aňsat bolan günäniň netijesidigini aýtmak isländigi bilen baglanyşykly bolup, aslynda ikisiniň hem, aýratyn hem töhmet atmagyň uly günädigini nygtamakçy bolandygy bilen düşündirmek mümkin.