162 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) her namaz üçin täzeden täret almak endigi

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 162 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) her namaz üçin täzeden täret almak endigi

 

    عن أَنَسَ رَضِيَ الله عَنْهُ قَالَ: كَانَ النَّبِيُّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَتَوَضَّأُ عِنْدَ كُلِّ صَلاةٍ. قَالَ: وكان يُجْزِئُ أَحَدَنَا الْوُضُوءُ مَا لَمْ يُحْدِثْ.

 

         Enes ibn Mälige (r.a.) salgylanylmak bilen, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) her namaz üçin täret almak endiginiň bolandygy aýdylýar1.

«A siz näme ederdiňiz?» diýen soraga jogap berip, Enes (r.a.): «Biz bolsa, täretimiz bozulaýmasa, öňki täretimizi ýeterlik hasap ederdik» diýipdir.

 

1Şeýdilmegini her kimiň öz erkine goýupdyrlar (hökmany hasaplamandyrlar.) Süweýt ibn Nugmanyň (r.a.) adyndan aýdylýan 157-nji hadysda Haýbaryň golaýynda nahar iýilmeginiň yzysüre täzeden täret almagy zerur hasaplaman, agşam namazyny okandyklary aýdylýar. Bu hem şu aýdan pikirimize delildir.