161 Namaz okap duranyň ukusy tutsa, ol näme diýýänini aňşyrar ýaly bolýança ýatmaly

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 161 Namaz okap duranyň ukusy tutsa, ol näme diýýänini aňşyrar ýaly bolýança ýatmaly

    عَنْ أَنَسٍ رضي الله عنه:عَنْ النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ قَالَ: ( إِذَا نَعَسَ أَحَدُكُمْ فِي الصَّلاةِ فَلْيَنَمْ حَتَّى يَعْلَمَ مَا يَقْرَأُ).

 

         Enes ibn Mäligiň (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Namaz okap durka kimiň ukusy tutsa, näme diýýänini aňşyrar ýaly derejä barýança, ýatsyn» diýendigini eşidendigi rowaýat edilýär1.

 

1Bu hadysda-da, öňki hadysda-da namaz okap durka uklan adama namazyny bozup, uklap turmak maslahat berilýär. Şeýle bolansoň, uky hakyndaky jedeller barada bu ýerde durup geçmek ýerlikli bolar. Uky aslynda namazy bozýan zatmydyr? Ýa-da täreti bozýan zatlardan saýylan zatmydyr? Käbir sahabalar bilen tabygynlar, şeýle-de, Yshak ibn Rahuýa we Hasan Basry, Müzeni ýaly ulamalar onuň täreti gürrüňsiz bozýandygy bilen ylalaşypdyrlar. Çünki, Ibn Hüzeýmäniň toplan ygtybarly hadyslarynyň arasyndaky Safwan ibn Assalyň adyndan aýdylýan bir hadysda uky hökümi boýunça tezege we peşewe deň saýylýar. Alymlaryň köpüsi-de,Ebu Dawudyň beýan eden bir hadysy bilen baglanyşyklylykda,ukynyň özüniň täreti bozman, munuň oňa soň ýöňkelendigi hakdaky pikire gol ýapýarlar. Bu topara degişli Zühri, Mälik, öz adyndan aýdylýan bir rowaýata görä, Ahmet ibn Hanbal ýaly adamlar onuň täreti bozmaýandygyna, Şapygy we Ebu Hanife ýaly adamlar bolsa onuň täreti gürrüňsiz bozýandygyna ynanypdyrlar. Bular hem Müslimiň Enesiň adyndan beýan eden hadysyny, esasan, oturan ýerinde uklan adamlara degişli hasap edýärler.

Käbirleri bolsa ukynyň täreti bozmaýandygyny aýdýarlar. Ebu Musa Eşgarynyň, Ibn Omaryň, Makhuwlyň ýörelgeleri şonuň ýalydy.