157 Gowrulyp, ezilen bugdaýy iýmek bilen täret bozulmaz

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 157 Gowrulyp, ezilen bugdaýy iýmek bilen täret bozulmaz

   عن سُوَيْدَ بْنَ النُّعْمَانِ رَضِيَ الله عَنْهُ: أَنَّهُ خَرَجَ مَعَ رَسُولِ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ عَامَ خَيْبَرَ ، حَتَّى إِذَا كَانُوا بِالصَّهْبَاءِ ، وَهِيَ أَدْنَى خَيْبَرَ ، فَصَلَّى الْعَصْرَ ثُمَّ دَعَا بِالأَزْوَادِ ، فَلَمْ يُؤْتَ إِلاَّ بِالسَّوِيقِ ، فَأَمَرَ بِهِ فَثُرِّيَ ، فَأَكَلَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ وَأَكَلْنَا ، ثُمَّ قَامَ إِلَى الْمَغْرِبِ فَمَضْمَضَ وَمَضْمَضْنَا ، ثُمَّ صَلَّى وَلَمْ يَتَوَضَّأْ.

 

         Süweýt ibn Nugman (r.a.) şeýle diýipdir: «Haýbar söweşiniň bolan ýylynda Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde sapara çykypdyk. Sahba (ol Haýbaryň aşak tarapynda ýerleşýär) barlan wagtynda,Allahyň Resuly (s.a.w.) düýesinden düşüp, ikindi namazyny okatdy. Soňra bar bolan azyklary getirmegi haýyş etdi. Owradylyp gowrulan bugdaýdan (kawud) başga getirilen zat bolmady. Allahyň Resuly (s.a.w.) ony ezmäge buýruk berdi. Soňra ol nahardan Allahyň Resuly-da (s.a.w.), biz hem iýdik. Soňra Allahyň Resuly (s.a.w.) agşam namazyny okamak üçin ýerinden turup, agzyny çaýkady. Biz hem agzymyzy çaýkadyk. Soňra Allahyň Resuly (s.a.w.) täret almazdan, namaza durdy»1.

 

1Gowrulyp, un halyna getirilen bugdaýa we arpa kawud diýilýär. Şonuň üçin, ol otda bişen naharlaryň biri hasaplanylýar. Ine, şony iýeňden soňra täret almak gerek bolmandyr. Namazdan öň agzyň çaýkalmagy-da dişleriň arasynda galan iýmit böleklerini namaz okalyp durka aýyrjak bolup, şoňa meşgul bolmazlyk üçindir. Bu rowaýatyň Enes ibn Mäligiň (r.a) adyndan aýdylýan 241-nji hadys bile baglanyşygynyň bardygy görünýär. Bu tagam musulmanlaryň enesi Safyýýa (r.a.) durmuşa çykanda berlen nahardy.