156 Bişirilen nahary iýmek bilen täret bozulmaz

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 156 Bişirilen nahary iýmek bilen täret bozulmaz

عن عَمْرِو بْنِ أُمَيَّةَ رَضِيَ الله عَنْهُ: أَنَّهُ رَأَى رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَحْتَزُّ مِنْ كَتِفِ شَاةٍ ، فَدُعِيَ إِلَى الصَّلاةِ ، فَأَلْقَى السِّكِّينَ ، فَصَلَّى وَلَمْ يَتَوَضَّأ.

 

         Amr ibn Ümeýýe Damry (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bişirilen goýnuň pilçesinden et kesip iýendigini gördüm. Şol wagt Allahyň Resulyny (s.a.w.) namaza çagyrdylar. Ol elindäki pyçagy, eti bir gapdala süýşürip, täret almazdan, namaza durdy»1.

 

1Otda bişen naharlary iýenlerinden soň, esasan hem et iýenlerinden soňra täret alyp, namaz okamagyň wajypdygyna ynanýanlara garşy getirilýän delilleriň biri-de şu hadysy-şerifdir. Musulmanlaryň enesi Äşe, musulmanlaryň enesi Ümmü Habyba, Ebu Hüreýre, Enes ibn Mälik, Zeýt ibn Sabyt, Ebu Talha Ensary, Ebu Musa Eşgary, Ebu Eýýup Zühri, Ebu Kylaba, Ebu Müjlez, Omar ibn Abdyleziz (Allahü tagala olara rehmet etsin!) ýaly beýik alymlar bular ýaly nahar iýleninden soňra täret kylmagy wajyp hasaplapdyrlar. Bularyň tersine Ebu Bekr, Omar, Osman, Aly, Ibn Mesgut, Amyr ibn Rabyga, Ebu Ymama, Übeý ibn Kagp, Ebu Derda (Allahü tagala olardan razy bolsun!) hezretleriniň baştutanlygynda din kanunlaryny düşündiriji alymlardan Sufýan Söwri, Ewzaýy, Ebu Hanife, Mälik, Şapygy, Yshak ibn Rahuýa, Ebu Söwr bilen Şamyň halky we Kufäniň halky, şeýle-de Hasan ibn Hasan, Leýs ibn Sagt, Ebu Übeýt, Dawut ibn Aly Zahyry, Ibn Jerir Tabary nahar iýeniňden soňra täret kylmagyň gerek däldigine ynanypdyrlar.

Birinji topara delil bolup biljek örän köp hadys bar. Esasan hem,Ebu Talhanyň, Zeýt ibn Sabydyň, Ümmü Habybanyň, Ebu Hüreýräniň, Sehl ibn Hanzalanyň adyndan gürrüň berilýän hadyslar şu bapda duşýandyr. Ikinji topar bolsa Amr ibn Ümeýýäniň gürrüň beren şu hadysy bilen Ibn Apbasyň adyndan aýdylýan beýleki bir hadys ýaly hadyslara daýanýarlar. Ahmet ibn Hanbal bolsa Jabyr ibn Semüwräniň adyndan aýdylýan hadysa esasalanyp, düýe eti iýleninden soňra täret almagy wajyp hasaplapdyr. «Sahyhy-Müslimde» ýerleşdirilen we Jabyryň (r.a.) adyndan gürrüň berilýän rowaýata görä, bir adam Allahyň Resulyndan (s.a.w.): «Goýun etini iýenimden soňra täret alaýynmy?» diýip sorapdyr. Ol: «Isle al, isle-de alma» diýipdir. Ol adam ýene: «Düýe etini iýenimden soňra täret alaýynmy?» diýip sorapdyr.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Hawa» diýip jogap beripdir. Hernäme-de bolsa, bişen nahar iýilmegi bilen (düýe etinden başga) täret almagyň wajyp däldigi barada ymmatyň bary özara ylalaşyga gelipdir.

Täret almagy wajyp hasap etmeýänler garşylykly tarapyň öz pikirlerine delil hökmünde getirýän ygtybarly hadyslaryndaky «wudu» sözüni el ýuwup, agyz çaýkamaklyga degişli edýärler. Esasan hem düýe etiniň beýleki etlerden has ýagly bolýandygy üçin, Jabyryň hadysyndaky «توضا» sözüniň el ýuwup, agzy çaýkamagy aňladýandygy has ynandyryjydyr. Oňa garşy ulanyljak bolunýan hadyslardaky «wudu» sözi, aýdalyň, şerigat kanunlaryndaky manysyna görä alynsa-da, «Süneni-Ebu Dawut» bilen «Süneni-Nesaýy» atly kitaplardaky Jabyr ibn Semüwräniň adyndan aýdylýan: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) iň soňky eden işi otda bişen zatlary iýeninden soňra täret almagy terk etmek boldy» diýen hadys bilen ýatyrylandyr. Munuň şeýlediginiň käbir adamlar tarapyndan esaslandyrylandygyna görä, nadanlyk eýýamynda adamlaryň tämizlenmäge endik etmändikleri üçin, otda bişen ýagly naharlar iýleninden soňra täret almaklary parz edilipdi. Yslamy kabul edenlerinden soň, arassaçylyga endik edilip, bu endik giň ýaýranyndan soň, musulmanlara ýeňil we amatly bolmagy üçin bu höküm ýatyrylypdyr.