155 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) mesh edişi hakda

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 155 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) mesh edişi hakda

عن الْمُغِيرَةِ بن شعبة رَضِيَ الله عَنْهُ قَالَ: كُنْتُ مَعَ النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ فِي سَفَرٍ ، فَأَهْوَيْتُ لأَنْزِعَ خُفَّيْهِ فَقَالَ: (دَعْهُمَا فَإِنِّي أَدْخَلْتُهُمَا طَاهِرَتَيْنِ فَمَسَحَ عَلَيْهِمَا).

 

         Mugyra ibn Şugba (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir sapar wagtynda1 Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen bir ýerdedim. Ol täret almakçy bolanda, mesilerini çykaryp bermäge höwes bildirdim. Ol: «Zat degme. Sebäbi men aýaklaryma arassa, ýagny täretli mahaly mesilerimi geýdim» diýdi hem-de mesileriniň üstünden mesh etdi».

 

1Bu sapar Tebük saparydy.