152 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) mesileriniň üstüne mesh edişi hakda

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 152 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) mesileriniň üstüne mesh edişi hakda

عَنْ سَعْدِ بْنِ أَبِي وَقَّاصٍ رَضِيَ الله عَنْهُ ، عَنْ النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: أَنَّهُ مَسَحَ عَلَى الْخُفَّيْنِ. وَأَنَّ عَبْدَ اللَّهِ بْنَ عُمَرَ سَأَلَ عُمَرَ عَنْ ذَلِكَ فَقَالَ: نَعَمْ إِذَا حَدَّثَكَ شَيْئًا سَعْدٌ عَنْ النَّبِيّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ، فَلاَ تَسْأَلْ عَنْهُ غَيْرَهُ.

 

            Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir1: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) mesisiniň üstüne mesh edendigini Sagt ibn Ebu Wakgas (r.a.) maňa aýtdy. Muny kakam Omardan (r.a.) soran mahalym ol: «Hawa, mesh ederdi. Eger Sagt (r.a.) Allahyň Resulyndan (s.a.w.) söz açyp, saňa bir zat aýtsa, ony başga bir adamdan sorajak hem bolma» diýip jogap berdi»2.

 

1Bu rowaýatdan çen tutsaň, mesh edilişini Hezreti Pygamberiň (s.a.w.) özünden görüp, gürrüň bereniň Sagt, onuň adyndan rowaýat edeniň hem Abdullah bolany üçin, Zebidi: «Sagtaýtdy» diýmek bilen,onuň adyny ilki tutup, beýgeltmek isläpdir. Meselä has gowy düşünilmegi üçin, bu hadys şeýle tertipde terjime edildi.

2Wakanyň bolup geçen ýeri Yrakdyr. Sagdyň (r.a.) parahatçylyk wagtynda mesh edendigini Abdullah ibn Omar (r.a.) göreninden soň, ony ýazgaranmyş. Ol hem Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şeýdendigini görendigini aýdanmyş. Soňra Sagt ikisi hezreti Omaryň ýanyna baranlarynda, SagtAbdullah ýüzlenip: «Kakaňdan sorasan-a» diýenmiş. Ol soranyndan soň, kakasy şu jogaby beripdir.

Abdullah ibn Omar hezretleri ir döwürler hakda gürrüň beren we köp rowaýat bilýän beýik sahabalaryň biri bolsa-da, tä Sagdyň Yragyň hökümdary bolan zamanyna çenli mundan habarly bolmadyk ýaly ýa-da mesh etmäge diňe sapara çykylanda rugsat berilýändigini çak eden ýaly bolup görünýär. Bu hem her bir alymyň ähli meseleden baş çykaryp bilmejegini görkezýär. Mesh edilişiniň segsenden gowrak rowaýatda beýan edilýändigine, diňe Hasan Basrynyň ony ýetmiş gezek sahabalardan eşidendigine görä, bu gürrüňe ynanylsa gowudyr. Muny dogry saýmaýan hawaryçlaryň we şaýylaryň getirýän delilleri ygtybarly däldir. «Maide» süresindäki aýat bilen bu ýatyrylandyr diýýänler hem ýalňyşýarlar. Sebäbi «Maide» süresi Müreýsi söweşinde inendir. Ýöne Mugyra ibn Şugbanyň adyndan aýdylýan 140-njy hadysda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gatnaşan iň soňky söweşi bolan Tebük söweşinde, ýagny sapar wagtynda, şonuň ýaly-da «Maide» süresi ineninden soňra iman getiren Jerir ibn Abdullah Bejeliniň adyndan aýdylýan 253-nji hadysda parahatçylyk wagtynda mesh edilendigi aýdylýar.