151 Gusul täretinde we namaz täretinde ulanylmaly suwuň mukdary

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 151 Gusul täretinde we namaz täretinde ulanylmaly suwuň mukdary

     عن أنس رَضِيَ الله عَنْهُ قال: كَانَ النَّبِيُّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَغْسِلُ ، أَوْ كَانَ يَغْتَسِلُ ، بِالصَّاعِ إِلَى خَمْسَةِ أَمْدَادٍ ، وَيَتَوَضَّأُ بِالْمُدِّ.

 

         Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir sa ýa-da bäş müd1 mukdaryndaky suw bilen gusul edip, bir müd mukdaryndaky suw bilen täret alardy».

 

1Sadiýip, bagdady rytlyndan bäş rytl bilen bir rytlyň üçden biri ýerleşýän gaba aýdylýar. Bir müdd hem bir sanyň dörtden biri mukdarydyr. Bu şapygy mezhebinden Newewiniň hasaby boýunçadyr. Ýöne bu ölçegiň örän jedellidigi sebäpli,ol jedelleriň derejesini aňmak isleýänler sözlüklerdäki müdd, sa, mekkuk, rytl sözlerine seredip bilerler. Hezreti Muhammediň (s.a.w.) her dürli mukdardaky suw bilen täret kylyp, näçe zerur bolsa, şonça ýuwnandygy hakynda başga-da örän kän sanly rowaýatlar bar. Bu ýerdäki sanlar orta boýly bir adamyň ýuwjak agzasynyň üstünden akjak suwuň iň az mukdaryny görkezýär. Beden agzalary öllenip, üstünden suw akydylandan soň, bu mukdardan hem az suw bilen täret alnyp bilner. Isrip hasap edilmejek artygrak suw bilen täret alynsa-da laýyk bolar. Nurly Medinede ulanylan müd (musulman kanunçylarynyň arasynda müddi-Nebewi ady bilen tanalýar) 1 bitin1/3 rytl mukdardaky suw sygýan ölçeg birligidir. Dört müd bir sadyr. Ýöne müd bilen sanyň mukdarynyň nähilidigini bilmek üçin,ölçeg birligi hökmünde alnan rytlyň mukdarynyň näçedigini bilmek gerek. Rytlyň bolsa bagdat rytly, şam rytly ýaly görnüşleri bar. Ýagny,olaryň biri Eýranda ulanylýan ölçeg birligi, beýlekisi Rumda ulanylýan ölçeg birligi bolup, takmynan bir mukdary görkezýän iki sany ölçeg birligidir. Bagdat rytly 130, has dogrusy (ymam Nebewiniň takyklamagyna görä) 128 bitin 4/7 dirhemdir. Bu has dogry diýip kesgitlenen san bolsa-da, bitin san bolmany üçin,onuň üstüne 1 bitin 3/7 dirhem, beýleki bir aňlatma görä-de, bir mysgal töweregi goşulyp, 130 dirhem hasap edilendigini aýdýarlar. 1 bitin 3/7 dirheme deň bolan nebewi rytly bu hasaba görä, 171 bitin 3/7 ýa-da 130 dirhem hasabyndan 173 bitin 1/3 dirheme deň bolar. Iň dogry hasap-hesibe görä, bir dirhemiň 3,0898 grama deňdigi üçin, bu mukdardaky suw 0,530 litr, ýagny ýarym litrden biraz köp ýeri tutar. Bu mukdar şu günki suw satýanlaryň suwgaplaryndan (ýagny stakanlardan) üçüsiniň alýan suwundan hem azdyr. Bu Ymam Şapygy bilen Hijazyň musulman kanunçylarynyň hasaby bolup, Ebu Hanife bilen Yragyň musulman kanunçylaryna görä bolsa müd iki rytla deň hasap edilip, täret suwunyň mukdary 1,06 litre deň bolup, bäş käse suwdan biraz köpräkdir.

Şam rytlyny («Kamus» kitabynyň terjimesiniň «rytl» sözüne düşündiriş berýän böleginde beýan edilişine görä) 12 ukiýýä we her ukiýýe 40 dirheme deň bolany üçin, bu hasaba görä, 480 dirheme, şonuň ýaly-da,bir müdi 620 dirheme deň hasaplamak dogry bolsa-da, ýene şol «Kamus» kitabynyň «mekkuk» sözüni düşündirýän böleginde beýan edilişine görä, bir ukiýýe 1 bitin 2/3 estar, bir estar 4 ½ mysgal, bir mysgal hem 1 bitin 3/7 dirhem bolýandygy üçin, bir rytl (ymam Newewiniň aýdyşy ýaly) 128 bitin 4/7 dirhem we bir müd 171 bitin 3/7 dirheme deň bolup çykar. Bu hasaba görä, ukiýýe «Kamus» kitabynyň «rytl» sözüni düşündirýän bölegindäki ýaly 40 dirhem däl-de, hijazlylaryň hasabyna görä, 10 bitin 5/7 dirheme, yraklylaryň hasabyna görä bolsa 21 bitin 3/7 dirheme deň bolar. Belki, ol bölekdäki dirhem diýilýän ölçeg başga bir ölçegdir.

Allahyň Resulynyň (s.a.w.), bu ýerdäki rowaýata görä, täret suwy, ine, şeýle az mukdardadyr. Gusul täreti üçin ulanan suwy-da (bu rowaýata görä) dört-bäş müd mukdaryndaky suwdur. Olam 685 bitin 5/7 dirhemden 857 bitin 1/7 dirheme çenli mukdardaky suw bolup, takmynan 2,120 litrden 2,650 litre çenli mukdardaky suwa deň bolar. Yragyň musulman kanunçylarynyň bir müdi iki litre deň diýip hasaplamaklaryna görä bolsa, bu mukdar takmynan 4,24 litrden 5,3 litre çenli mukdardaky suwa deňdir.