148 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) täret alan suwy hem derman
عَنْ أَبِي مُوسَى رضي الله عنه: أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ دَعَا بِقَدَحٍ فِيهِ مَاءٌ ، فَغَسَلَ يَدَيْهِ وَوَجْهَهُ فِيهِ ، وَمَجَّ فِيهِ.
Ebu Musa Eşgary (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) içi suwly bir gap alyp gelmeklerini haýyş etdi. Ol ellerini, ýüzüni gabyň içinde ýuwandan soň, agzyna suw alyp, onuň içine dökdi».
Buharynyň kitabynyň başga bir ýerinde bu hadys 143-nji hadysyň soňky bölegi görnüşinde beýan edilip, şol ýerde: «Soňra olara: «Bu suwdan içiň we ýüzüňize, döşüňize sepiň» diýdi» diýen goşmaça-da bar1.
1Bu goşmaça öňde beýan ediljekTaif gazawady hakyndaky hadyslaryň aralygyndaky bir uzyn hadysyň bölegidir. Suwy getiren adamyň Bilaldygy (r.a.) ol ýerde aýdyljakdyr. Ikinji ýöňkemede ýüzlenilmeginiň manysy şonda düşnükli bolar. Allahyň Resuly (s.a.w.) bu sözler bilen Ebu Musa Eşgary bilen Bilala (r.a.) ýüzlenipdir.