147 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) täret suwy bilen baglanyşykly bir mugjyzasy

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 147 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) täret suwy bilen baglanyşykly bir mugjyzasy

عَنْ أَنَسٍ رضي الله عنه قَالَ: حَضَرَتْ الصَّلاةُ فَقَامَ مَنْ كَانَ قَرِيبَ الدَّارِ إِلَى أَهْلِهِ ، وَبَقِيَ قَوْمٌ فَأُتِيَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ بِمِخْضَبٍ مِنْ حِجَارَةٍ فِيهِ مَاءٌ ، فَصَغُرَ الْمِخْضَبُ أَنْ يَبْسُطَ فِيهِ كَفَّهُ ، فَتَوَضَّأَ الْقَوْمُ كُلُّهُمْ ، قُلْنَا :كَمْ كُنْتُمْ ؟ قَالَ : ثَمَانِينَ وَزِيَادَةً.

 

         Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek namaz wagty girdi. Öýleri metjide ýakyn bolanlar täret almaga gitdiler. Täretleri bolmadyk bir topar adam hem ol ýerde galdy. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna içinde örän az suw bolan daşdan ýasalan bir legeni getirdiler. Ol legen içinde aýaň ýerleşmejek derejede kiçidi. Ol ýerdäkileriň hemmesi şol daş legendäki suwdan täret aldylar».

Rawy Enes ibn Mälikden (r.a.): «Näçe adamdyňyz?» diýip sorapdyr. Ol hem: «Segsen, belki, şondan-daköpdük» diýipdir1.

 

1-133-nji we 150-nji hadyslara seret.