146 Paraýyz aýatynyň inmeginiň sebäbi

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 146 Paraýyz aýatynyň inmeginiň sebäbi

  عن جابر رضي الله عنه قال: جَاءَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَعُودُنِي وَأَنَا مَرِيضٌ لاَ أَعْقِلُ ، فَتَوَضَّأَ وَصَبَّ عَلَيَّ مِنْ وَضُوئِهِ فَعَقَلْتُ فَقُلْتُ : يَا رَسُولَ اللَّهِ لِمَنْ الْمِيرَاثُ ؟ إِنَّمَا يَرِثُنِي كَلالَةٌ ، فَنَزَلَتْ آيَةُ الْفَرَائِضِ.

 

         Jabyr ibn Abdullah (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) meni soramaga geldi. Men keselläp, özümi bilmän ýatyrdym. Ol täret alyp, täret suwundan üstüme sepeledi. Gözümi açdym. Men: «Ýa Allahyň Resuly, mirasym kime galjak? Meniň mirasdüşerlerim ejiz (ýagny,elinden zat gelmeýän) kişilerdir» diýdim. Şondan soňra paraýyz aýaty indi»1.

 

1Bu ýerdäki paraýyz aýaty diýilýän aýat «Nisa» süresiniň başragynda (11-12-nji aýatlar): «Ýusyýkümüllahü fiý ewlädiküm» diýip başlanyp: «Wellahü Äliýmün haliýmün» diýip tamamlanýan iki sany miras aýaty ýa-da ol süräniň iň soňunda gelýän: «Ýesteftuwneke kulillähü ýüftiýküm fil-keläleti» diýip başlanýan aýaty-şerifdir. Bu bölekleriň ikisinde-de bu mesele barada aýdylýar.