145 Hyjap aýaty inmezinden öň erkeklerdir aýallaryň bir gapdan täret alandyklary hakda

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 145 Hyjap aýaty inmezinden öň erkeklerdir aýallaryň bir gapdan täret alandyklary hakda

    عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عُمَرَ رضي اللهُ عنهما قال: كَانَ الرِّجَالُ وَالنِّسَاءُ يَتَوَضَّئُونَ فِي زَمَانِ رَسُولِ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ جَمِيعًا.

 

         Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) zamanynda hyjap aýaty inmezinden ozal,erkeklerdir aýallar bir gapdan täret alardylar»1.

 

1Hyjap aýaty ineninden soň, erkek adam bilen birlikde täret almaga diňe onuň aýalyna we mähremlerine rugsat berlipdir.