144 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hassa üçin eden dogasy

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 144 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hassa üçin eden dogasy

     عن السَّائِبَ بْنَ يَزِيدَ رضي الله عنه قال: ذَهَبَتْ بِي خَالَتِي إِلَى النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ فَقَالَتْ: يَا رَسُولَ اللَّهِ ، إِنَّ ابْنَ أُخْتِي وَجِعٌ ، فَمَسَحَ رَأْسِي وَدَعَا لِي بِالْبَرَكَةِ ، ثُمَّ تَوَضَّأَ فَشَرِبْتُ مِنْ وَضُوئِهِ ، ثُمَّ قُمْتُ خَلْفَ ظَهْرِهِ فَنَظَرْتُ إِلَى خَاتَمِ النُّبُوَّةِ بَيْنَ كَتِفَيْهِ ، مِثْلَ زِرِّ الْحَجَلَةِ.

 

         Saýyp ibn Ýezit (r.a.) şeýle diýipdir: «Çagakam daýzam meni Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna getirip: «Ýa Allahyň Resuly, şu ýegenimiň aýagynda agyrysy bar» diýdi. Allahyň Resuly (s.a.w.) eli bilen başymy sypap, bereket dogasyny okady. Soňra ol täret aldy. Men onuň täret suwundan içdim. Soňra onuň yzynda durdum we iki omzunyň aralygynda ýaş çatynjalaryň otagynyň ullakan düwmeleri (ýa-da käkiligiň ýumurtgasy) ýaly meň (hal) gördüm».