143 Namazda sütre ulanmak hakda

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 143 Namazda sütre ulanmak hakda

      عن أبي جُحَيْفَةَ رضي الله عنه قال: خَرَجَ عَلَيْنَا رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ بِالْهَاجِرَةِ ، فَأُتِيَ بِوَضُوءٍ فَتَوَضَّأَ ، فَجَعَلَ النَّاسُ يَأْخُذُونَ مِنْ فَضْلِ وَضُوئِهِ فَيَتَمَسَّحُونَ بِهِ ، فَصَلَّى النَّبِيُّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ الظُّهْرَ رَكْعَتَيْنِ ، وَالْعَصْرَ رَكْعَتَيْنِ ، وَبَيْنَ يَدَيْهِ عَنَزَةٌ.

 

         Ebu Juhaýfa Wehp ibn Abdullah Sawaýy (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek sapar wagtynda,Allahyň Resuly (s.a.w.) öýläniň yssysynda ýanymyza çykdy1.Oňa täret alar ýaly suw getirip berdiler. Ol täret aldy. Adamlar ondan artan suwy alyp, üstlerine, başlaryna sepip ugradylar. Allahyň Resuly (s.a.w.) öňünde bir ýaragy dikip, öýle we ikindi namazlaryny iki rekagat-iki rekagatdan okatdy».

 

1Rowaýatdan çen tutanyňda, bu waka Mekgä edilen saparlaryň birinde bolup geçipdir. Pygamberimiz (s.a.w.) Mina dagy bilen Mekgäniň arasynda gurlan gyrmyzy reňkli çadyryň içindedi. Ine, ol şol çadyrdan daşyna çykyp, namaz okadypdyr. Okalan namazlaryň-da sapary namazlardygyny aňlamak bolýar. 68, 148, 246, 249, 303 we 309-njy hadyslara-da seret.